Bi­ler­men­ler “iPad”-y tan­kyt ed­ýär­ler1

02.14.2010

“App­le” şe­re­ke­ti­niň tä­ze önü­mi “iPad-da” ka­me­ra­nyň hem-de “USB” teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň bol­maz­ly­gy we “Flash Player” prog­ram­ma­sy­ny iş­le­dip bil­mez­li­gi bi­ler­men­ler ta­ra­pyn­dan tan­kyt­lan­ýar.

“App­le” şe­re­ke­ti­niň muş­dak­la­ry ta­ra­pyn­dan bir­nä­çe aý­dan bä­ri sa­byr­sy­zlyk bi­len ga­ra­şyl­ýan “iPad” mart aýy­nyň ba­şyn­da sa­ty­lyp baş­la­nar.

Önüm yk­jam komp­ýu­ter­le­riň hem-de smart­fon te­le­fon­la­ryň funk­si­ýa­la­ry­ny özün­de jem­läp­dir, ulu­ly­gy-da or­ta hil­li ýan dep­der­çe­si ýa­ly­dyr. En­jam­da “Wi-Fi” hem-de “3G In­ter­net” ýa­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar ar­ka­ly In­ter­ne­ti ulan­mak, su­rat­la­ry hem-de wi­deo­la­ry gör­mek we oýun oý­na­mak bol­ýar. Onuň ga­lyň­ly­gy 1 san­ti­metr­den sä­hel­çe ulu­rak, ek­ra­ny­nyň ulu­ly­gy ke­se­li­gi­ne 24,6 sm. ag­ra­my bol­sa 700 gram tö­we­re­gi­dir. “iPad-yň” ek­ra­ny­nyň ula­ny­jy­nyň el­le­me­gi­ni “du­ýup” bil­ýän­di­gi se­bäp­li bol­sa ýe­ke­je düw­me­si bar. Bu önü­miň, bel­kem, iň oňaý­ly ta­ra­py bol­sa ba­ta­re­ýa­sy­nyň bir zar­ýa­dy­nyň 10 sa­ga­da çen­li ýet­me­gi­dir. En­ja­myň bir­nä­çe gör­nü­şi bo­lup, ola­ryň ba­ha­la­ry 499-829 dol­lar ara­ly­gyn­da üýt­ge­ýär.

Ýö­ne şe­re­ke­tiň baş­ly­gy Stiw Jobs bu en­jam ba­ra­da “de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk” di­ýip­di we­lin, en­ja­my il­kin­ji bolup ulanyp görenler “iPad-yň” 7 kem­çi­li­gi­ni eý­ýäm­den tap­dy­lar.

1) Köp funk­si­ýa­ly bol­maz­ly­gy. My­sal üçin, “iPad-y” ulan­ýan­lar ra­dio diň­le­ýär­kä­ler, şol bir wag­tyň özün­de su­rat­la­ry­nyň üs­tün­de iş­läp bil­me­ýär­ler. Bu aý­ra­tyn­lyk şe­re­ke­tiň baş­ga önü­mi “iP­ho­ne-de” bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri bar.

2) Ka­me­ra­sy­nyň bol­maz­ly­gy. Hat­da, iň ar­zan jü­bi te­le­fon­la­ryn­da peý­da bo­lup baş­lan ka­me­ra­nyň bol­maz­ly­gy bu önü­miň 2-nji de­re­je­li kem­çi­li­gi ha­sap­la­nyl­ýar.

3) “USB” teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň bol­maz­ly­gy. “iPad-y” “USB” sim ar­ka­ly komp­ýu­te­re çat­mak bol­ma­ýar. Giň­den ýaý­ran bu teh­no­lo­gi­ýa­nyň en­jam­da bol­maz­ly­gy bol­sa, köp­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Eger en­ja­myň ula­ny­jy­sy “iPad-da­ky” su­rat­dyr wi­deo­la­ry­ny komp­ýu­te­re ge­çir­mek is­le­se, aý­ra­tyn sim sa­tyn al­ma­ly bol­ýar.

4) “Ado­be Flash Player” prog­ram­ma­sy­ny iş­le­dip bil­mez­li­gi. In­ter­net­dä­ki köp saý­ty “Flash Player” prog­ram­ma­sy bol­ma­sa, do­ly gör­mek müm­kin däl­dir. Hat­da In­ter­net­de giň­den ýaý­ran mugt “Flash” oýun­la­ry­ny hem bu en­jam­da iş­let­mek bol­ma­ýar.

5) Ça­ky­za­ly­la­ra oňaý­syz tä­sir eme­gi. Bi­ler­men­le­riň aýt­ma­gy­na gö­rä, “iPad-yň” ek­ra­ny ça­ky­za­ly­la­ryň kel­le agy­ry­la­ry­ny goz­gap bil­ýär. Ýe­ne bir oňaý­syz ta­ra­py bol­sa ek­ra­nyň ba­ta­re­ýa­nyň zar­ýa­dy­nyň çalt gu­tar­ma­gy­dyr.

6) Gym­mat bol­ma­gy. Ula­ny­jy­la­ryň kö­pü­si en­ja­myň ba­ha­sy­nyň aşa gym­mat­dy­gy­na ynan­ýar­lar. Se­bä­bi en­jam komp­ýu­te­ri hem-de te­le­fo­ny bar bo­lan ula­ny­jy­la­ra ar­tyk­maç peý­da­lam däl.

7)En­ja­ma ni­ýet­le­nen köp san­ly prog­ram­ma­nyň bol­maz­ly­gy. Bu kem­çi­lik, el­bet­de, wag­tyň geç­me­gi bi­len öz-özün­den ýok bo­lup gi­der. Ýö­ne hä­zir­ki wagt­da “iPad-a” ni­ýet­le­nen prog­ram­ma­la­ryň

Zaman Türkmenistan

  1. dovletgeldi

    11.16.2012

    Oran gowy men ucin…hic donmayar

    Jogap ber

Jogap ýaz