Çagalar üçin awtoulag0

02.14.2010

“Remote Controlled Ride On Sports Car” awtoulagy çagaňyzyň göwnünden tursa gerek. Sagatda 7,2 km. tizlikde hereket etmäge ukyply bu ulagy isleseňiz çagaňyza sürdürip, isleseňiz pulty arkaly özüňiz hereket etdirip bilersiňiz.

Awtoulag öňe, yza gidip hem-de çepe ýa-da saga öwrülip bilýär. Onuň adaty awtoulaglarda bolşy ýaly, öňki we yzky çyralary, howpsuzlyk kemeri, signal enjamy hem-de hereket edende myrlaýan hereketlendirijisi bar. Elbetde, gapdalky aýnalary hem-de tekerleriň ýaldyraýan gapajyklary hem ünsden düşürilmändir. Bu ulag 22,4 kg. ýük götermäge ukyply bolup, batareýasyna doly zarýad berlende 2 sagat hereket edip bilýär.

Zaman Türkmenistan

Jogap ýaz