Futbol boýunça dünýä çempionatynda ýokary tehnologiýalar2

06.20.2010

Günorta Afrika Respublikasynda on dokuzynjy futbol boýunça dünýä çempionaty geçirilýar. Ýöne gürrüň bu sport wakasy hakynda däl-de, onuň bilen bagly tehnologiýalar barada bolar.

Stereogörnüş we goşmaça hakykylyk

Ilkinji sapar futbol boýunça dünýä çempionatynyň şekili has hem göwrümli boldy, sebäbi FIFA guramasy Sony kompaniýasy bilen 25 sany oýny stereogörnüşde translýasiýa etmeklige şertnama baglaşdy. Täze tehnologiýalar mahabat kampaniýasy döwri hem ulanyldy…

Ýewropanyň şäherleriniň köçelerinde kameraly ekranlar gurnaldy. Haçanda geçip barýan adam şol displeýiň ýanyna baranda, oňa onuň ýüzi görkezilýärdi. Ýüzünde hem çempionata gatnaşýan bir ýurdyň baýdygy we “siziň gizli komandaňyz” ýazgy emele gelýardi.

Wuwuzellar we olar bilen göreş

Bu saz däl gurallardan sebäpli çempionatyň aglaba böleginiň tomaşaçylarynda gulaklary binjilik bolýar. Ekranyň arkasynda oturyp, daşyna çykasy gelýän gaharly bir arynyň sesine meňzeýär. Munuň hemmesi, elbetde, çakdanaşa gyjyndyrýar. Ýöne bu ýigrenji güwwüldiden dynmagyň usuly bar – bu ýerde hem kömege kompýuterler gelýär.

Nemesler bu mesele bilen alada boldylar. “Die Surfpoeten” blogynda tüýdikleriň haýsy ýygylykda güwwüldiýandigi çap edildi, soňra olary filtirlemek üçin “Logic Pro” programmany ulanyp, ekwalaýzerlaryň kömegi bilen telewizorlardan signaly ýok etmeklik teklip edildi.  Logic paketi diňe Mac OS X üçin, emma hiç kim başga programmalary her dürli opearsion sistemalarda ulanmaga gadagan edenok. Meselem, Linux üçin QjackCtl ýeňil programmasy bolýar, bu hem güwwüldini filterlemek üçin niýetlenen. Programmalar güwwüldini doly filterlemese-de, netije ýerlikli çykýar diýýärler. Ynha by ýygylyklar: 233, 466, 932 we 1864 Hz – esasy ton we birnäçe oberton.

Ýazan: Batyr BATYROW

  1. einstein213

    06.22.2010

    doydum su vuvuzelladan

    Jogap ber
  2. Batyr

    06.22.2010

    ЮАР инди чeмпионaтдaн гaйдaн сон, бeлки вувузeллeрин сeс бeс эдилeр инди :Д

    Jogap ber

Jogap ýaz