Garraňyzda-da siziň beýniňizi gowy ýagdaýda saklajak dört kiçi hilegärlik.0

04.08.2010

Bu kiçi hilegärlikler sizi garry ýaşyňyzda-da dury aklyňyzda saklar. Doktor Sintiýa Grin we “Prevention magazine” beýin üçin aýratyn dört hepdelik maşklar plany düzdüler. Bu plan üç stadiýalardan durýar: yadyň kämilleşdirilmegi, ünsüň ýokarlandyrylmagy we beýniň yaşy boýunça korrektirlenmegi.

Bu üç stadiýalar dört iş görnüşi göz öňünde tutýar, – “CBS News” habar edýär. Işiň birinji görnüşi – hereketler.

Öz organizmiňizi wagtly-wagtynda hereketledirmeli: pyýada gezelenç etmek, ylgamak, ýüzmek, – islän zadyňy et, esasy hereketde bolmaly.

Ikinji görnüş – täze mümkinçilikleri, perspektiwalary gözlemek. Yza galan aň işleýşiň akymyny togtatmak üçin täze ýönekeý usullary gözlemeli. Mysal üçin, dişiňizi çep eliňiz bilen arassalap bilersiňiz, eger siz öň sag eliňiz bilen edýän bolsaňyz. Işiňize başga ýol bilen gidip bilersiňiz. Bu zatlaryň hemmesi siziň beýniňize täze täsirleri berer we ony ýatyrmaz.

Üçünjisi – beýniňiz üçin aň maşklary. Her gün 10-20 minut zehin oýunlaryň başynda geçiriň, ýöne şol oýunlarda wagt gitdigiçe azalmaly. Bu siziň beýni ukyplaryňyzy mobilizleşdirer.

Dördünjisi – iň wajyby. Her gün töweregiňizdäkiler bilen doly aragatnaşykda bolmaly. Şu dürli derejedäki köptaraplaýyn aragatnaşyk (taktika, wizual, dil) beýni merkezleriň hemmesini dessine aktiwleşdirer, şeýlelik bilen, olary iş ýagdaýynda saklar.

Ýazan: Nury Meläýew

Jogap ýaz