Geýilýän syçanjyk0

02.14.2010

Günüň dowamynda kompýuteriň başynda 2-3 sagatdan köp geçirýän adamlaryň eli agyrmaga başlaýar. Munuň ilkinji sebäbi bolsa ulanylýan adaty syçanjyk bolup durýar. Bu meseläni çözmek üçin syçanjyklaryň her dürlüleri öndürilip başlandy.

Ynha, “Deanmark Ltd.” şereketiniň öndüren “AirMouse” syçanjygy hem şeýle täsin syçanjyklaryň biridir. Enjamyň täsin tarapy bolsa edil ellik ýaly geýilip ulanylmagydyr.

Simsiz işleýän bu syçanjyk kompýuter bilen optiki lazerlar arkaly habarlaşmagyna garamazdan, batareýasynyň bir zarýady doly bir hepdä ýetýär. Şereketiň saýtynda berlen maglumata görä, geçirlen kliniki tejribeler bu enjamyň ergonomik taýdan başga syçanjyklarya görä degerli derejede öňdedigini görkezdi. Syçanjygyň maýyşgak bolmagy arkaly ulanyjynyň eline jaý oturýandygy sebäpli bolsa, eliň myşsalary hiç hili dartylmaýar. Ýeri gelende aýtsak, bu syçanjygyň “duýmak ukyby” ýokary bolmagy arkaly kompýutere buýruk bermek hem oňaýly bolup durýar.

Bahasy 129 dollar bolan “Air­Mo­use” syçanjygynyň ýene bir täsin tarapy bolsa, dik ýa-da kese duranlygyna görä, ýerine ýetirýän işiniň üýtgemegidir.

Zaman Türkmenistan

Jogap ýaz