Gizlenen faýl we bukjalaryňyz görünenokmy? Ine size tilsim!!!2

05.12.2010

Kompýuteriňizdäki wiruslaryň birinden dynsaňyz beýlekisi geler. Baş etmek hakykatdanam kyn. Has hem käbir wiruslar giren ýerini haraba öwürýär. Bu wiruslardan biri hem sizin gizlenen (hidden) faýl we bukjalaryňyzy parametiri açyk ýagdaýda hem görkezmeýär. Ady Amvo.Exe ýada Amv0.dll. Bu wirusyň täsirinden gutulmak üçin aşakdaky register faýlyny kompýuteriňize indiriň we ony açyň. Yzyndan “OK” basyň. Ondan son ýene bir bildiriş gelse oňada “OK” basyň. Hoş wagtyňyz!!

Indir:  Tilsimat.NET_gizlenen_gorkez.reg

Taýýarlan:  Azat Rahmanow

  1. Merdan

    05.18.2010

    Sagbol Azat jan, eline saglyk ;) USB Disk Security ulanyan, flashkede şu wirus tapan wagty yoklaya. Yöne ondan son fleshkede hiç zat görünenok, hemme zat pozulan yaly bolya, yöne size(göwrümi) seretsen doly görünya. :( Yada formatlamalymy :(

    Jogap ber
  2. Azat R

    05.18.2010

    Sagbol Merdan. Olar ýaly ýagdaýda format etmek hçkman däl. WinRar programmasyny aç, Faýl (File) menýusyndan Change Drive içinden Flash ýadyň adyny seç. Şol ýerde hemme bukjalaryň we faýllaryň görüner. Geregiňi daşyna çykaryp soň format edip täzeden ulanyp bilersiň. (Daşyna diňe faýllar çykýar, bukjalary çykarsaň ýenede görünmez) ;)

    Jogap ber

Merdan üçin jogap ýaz