Hem­me­ler üçin su­per­komp­ýu­ter0

04.25.2010

ABŞ-nyň kos­mo­sy öw­re­niş gu­ra­ma­sy-“NA­SA-nyň” saý­tyn­da ber­len ha­bar­da gu­ra­ma­nyň ýa­kyn­da özü­niň iň güýç­li su­per­komp­ýu­te­ri­ni dün­ýä­dä­ki alym­la­ryň hyz­ma­ty­na ber­mek­çi­di­gi aý­dyl­ýar. Bu komp­ýu­te­riň “NA­SA Earth Exchan­ge (NEX)” prog­ram­ma­syn­da alym­lar öz­le­ri­niň ma­te­ma­tik mo­del­le­ri­ni hem-de el­le­rin­dä­ki ma­te­ri­al­la­ryň ana­li­zi­ni ge­çi­rip bi­ler­ler. Alym­lar “NEX Col­la­bo­ra­tive Por­tal” saý­ty­na abu­na bol­mak ar­ka­ly bu komp­ýu­ter­den peý­da­la­nyp bi­ler­ler. Şeý­le­lik­de, bir ugur­da iş­le­ýän alym­lar öz­le­ri­niň dür­li ýurt­lar­da­ky iş­deş­le­ri bi­len hem ha­bar­la­şyp, is­le­se­ler köp me­se­le­le­riň üs­tün­de bi­le­lik­de iş­läp bi­ler­ler.

“NA­SA” bu iş üçin özü­niň iň güýç­li komp­ýu­te­ri bo­lan “Pleia­di­es” komp­ýu­te­ri­ni ulan­mak­çy. Bu komp­ýu­ter bol­sa 600 te­raf­lops tiz­li­gin­de iş­läp, dün­ýä­niň iň güýç­li komp­ýu­ter­le­ri­niň ara­syn­da al­tyn­jy or­ny eýe­le­ýär. Mag­lu­mat­la­ry sak­la­mak üçin je­mi 600 te­ra­baýt­lyk (1 TB = 1024 GB) ga­ty disk ýe­ri bo­lan bu komp­ýu­te­riň mag­nit len­ta ýa­dy bol­sa 10 pe­ta­baýt­dyr (1 PB = 1024 TB).

Bu komp­ýu­te­ri dün­ýä­dä­ki is­len­dik yl­my iş­gä­riň ula­nyp bil­jek­di­gi se­bäp­li, howp­suz­ly­ga aý­ra­tyn üns ber­lip­dir. Prog­ram­ma­da prog­ram­ma­çy­lar, ad­mi­nist­ra­si­ýa hem-de ula­ny­jy­lar üçin aý­ra­tyn gi­riş no­ka­dy taý­ýar­la­nyp­dyr hem-de prog­ram­ma­ny ulan­ýan her bir adam iki bar­lag­dan geç­ýär. Şeý­le­lik­de, ulanyjylar diňe öz maglumatlaryny görüp bilýärler.

Zaman – Türkmenistan

Jogap ýaz