“Morphyň” nebereleri…0

02.14.2010

“No­kia” şe­re­ke­ti şek­li­ne gö­rä dür­li iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge ukyp­ly te­le­fo­nyň hal­ka­ra pa­ten­ti­ni al­mak­çy. Aňyr­sy gör­nüp du­ran hem-de ma­ýyş­gak “No­kia Morph” te­le­fo­ny iki ýyl mun­dan öň peý­da bo­lup­dy.

Ýö­ne hä­zir­ki wag­ta çen­li “Morp­ha” meň­ze­ýän te­le­fon­lar ön­dü­ril­me­di. Şe­re­ke­tiň bu te­le­fon­da­ky kä­bir aý­ra­tyn­lyk­la­ryň pa­ten­ti­ni al­ma­ga çe­me­leş­me­gi­ne bol­sa, bi­ler­men­le­riň şeý­le te­le­fon­la­ryň ýa­kyn­da peý­da bol­jak­dy­gy ba­ra­syn­da­ky çak­la­ma­la­ry­nyň ýü­ze çyk­ma­gy­na se­bäp bol­dy.

Alyn­mak is­len­ýän pa­tent­ler te­le­fo­nyň özü­ne de­giş­li bol­man, oňa ber­len şe­ki­le gö­rä dür­li iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­tirt­mek pi­ki­ri­niň pa­ten­ti bo­lup dur­ýar. Bu ýag­da­ýy my­sal ar­ka­ly dü­şün­di­re­liň: şe­kil­de gör­nü­şi ýa­ly te­le­fo­ny si­lindr (bul­gu­ra meň­ze­dip) şe­ki­lin­de ep­le­se­ňiz, te­le­fon go­laý­da­ky çaý­ha­na­la­ry göz­le­ýär. Eger-de, te­le­fo­ny üs­ti ke­si­len tur­ba şek­lin­de ep­le­se­ňiz on­da ol tö­we­rek­dä­ki gar­ba­nyş­ha­na­dyr ka­fe­le­ri göz­läp baş­lar. Ony sa­ýa­wa­na meň­ze­dip aşa­gy ke­si­len tur­ba şe­ki­lin­de ep­le­se­ňiz bol­sa, az wagt­da ba­ryp bol­jak myh­man­ha­na­dyr dynç alyş ýer­le­riň göz­le­gi ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. El­bet­de, te­le­fo­na haý­sy şe­kil ber­len­de, nä­hi­li işi ýe­ri­ne ýe­tir­jek­di­gi­ni ula­ny­jy­nyň özi üýt­ge­dip bi­ler.

Bi­ler­men­le­riň nyg­ta­ma­gy­na gö­rä, “No­kia­nyň” pa­tent al­ma­ga ça­lyş­ma­gy şe­re­ke­tiň şeý­le te­le­fon­la­ry 2010-njy ýyl­da ön­dü­rip bil­jek­di­gi­niň yşa­ra­ty däl­dir. Ýö­ne 2011-nji ýy­lyň or­ta­la­ryn­dan hem gi­jä ga­lyn­ma­jak­dy­gy­ny bi­ler­men­ler bi­ra­gyz­dan aýd­ýar­lar.

Zaman Türkmenistan

Jogap ýaz