Nano-Tehnologiýanyň täsin kömegi0

04.26.2010

Na­no­bö­le­jik düw­nük ke­sel­li öý­jü­gi ta­pyp, şol öý­jü­giň için­de ri­bo­nuk­le­in kis­lo­ta­sy­ny gal­dyr­ýar. Mun­dan soň­ra “ri­bo­nuk­leo­tid re­duk­ta­za” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan, düw­nük ke­se­li­niň be­ter­le­me­gi­ne ýol aç­ýan pro­tei­ni tä­sir­siz ýag­da­ýa ge­tir­ýär.

Teh­no­lo­gi­ýa­nyň yl­myň tö­rün­de otur­ma­gy we “na­no” bö­le­jik­le­riň peý­da bol­ma­gy ar­ka­ly yl­my açyş­la­ryň sa­ny git­di­gi­çe art­ýar. Na­na­teh­no­lo­gi­ýa­nyň kö­me­gi bi­len yl­my-bar­lag­la­ry ge­çir­mek dün­ýä­niň çar kün­je­gin­dä­ki alym­la­ryň üns mer­ke­zi­ne öw­rül­di. Has go­laý­da alym­lar şeý­le bar­lag­la­ryň bi­ri­niň kö­me­gi bi­len düw­nük ke­se­li­niň çi­şi­ni tap­ýan we şol ke­se­le ýol aç­ýan ge­ni tä­sir­siz ha­la öwür­ýän na­no­bö­le­jik ro­bo­ty­ny oý­lap tap­dy­lar.

“Na­tu­re” žur­na­lyn­da ber­len yl­my ma­ka­la­da düw­nük ke­se­li­niň tä­ze be­jer­gi­si­ne RNA-nyň (Ri­bo­nucleic Acid) go­şul­ýan­dy­gy öňe sü­rül­ýär. RNA ri­bo­nuk­leo­tid­le­riň bir-bi­ri­ne go­şul­ma­gy esa­syn­da eme­le gel­ýän nuk­le­in kis­lo­ta­sy­dyr, ýag­ny, ri­bo­nuk­le­in kis­lo­ta­sy­dyr. Düw­nük ke­sel­le­ri­ni be­jer­mek ba­ba­tyn­da edil­ýän iş­ler ba­ra­da gys­ga­ça aýt­sak, “Al­ny­lam”, “Merck”, “Pfi­zer”, “Novar­tis” we “Roche” ýa­ly iri kom­pa­ni­ýa­lar RNA-nyň kö­me­gi bi­len bu ke­se­le meň­zeş ke­sel­le­riň ýü­ze çyk­ma­gy­na ýol aç­ýan ge­ni tä­sir­siz ha­la öwür­mek üçin bir­nä­çe iş­ler alyp bar­ýar­lar.

Ka­li­for­ni­ýa Teh­no­lo­gi­ýa ins­ti­tu­ty­nyň alym­la­ry bol­sa na­no­teh­no­lo­gi­ýa­ny ula­nyp, ju­da ki­çi­jik bo­lan, “trans­fer­rin” at­ly, daş-tö­we­re­gi pro­te­in­ler bi­len gur­şa­lan po­li­mer ro­bot­la­ry­ny oý­lap tap­dy­lar. Ga­nyň içi bi­len he­re­ket ed­ýän bu ro­bot­lar dü­zü­min­dä­ki pro­tei­niň kö­me­gi bi­len düw­nük ke­se­li­niň dür­li gör­nüş­li çiş­le­ri­niň gi­rel­ge­si­ni göz­le­ýär­ler.

Soň­ky ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ýag­la­ryň we bio­lo­gik memb­ra­na bö­le­jik­le­ri­ne gir­ýän li­pid­le­riň sa­ýa­syn­da çi­şiň howp­ly ýer­le­ri­ne bar­mak üçin dür­li-dür­li usul­lar oý­la­nyp ta­py­lyp­dy. Tä­ze usul­da bol­sa, na­no­bö­le­jik düw­nük ke­sel­li öý­jü­gi ta­pyp, şol öý­jü­giň için­de ri­bo­nuk­le­in kis­lo­ta­sy­ny gal­dyr­ýar. Mun­dan soň­ra “ri­bo­nuk­leo­tid re­duk­ta­za” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan, düw­nük ke­se­li­niň be­ter­le­me­gi­ne ýol aç­ýan pro­tei­ni tä­sir­siz ýag­da­ýa ge­tir­ýär.

Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, bi­ler­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, şu ýy­lyň iýun aýyn­da “Ame­rican Society of Cli­nical Oncolo­gy” at­ly gi­ňiş­le­ýin mej­lis­de yl­my bar­la­gyň jem­leý­ji iş­le­ri ba­ra­da mag­lu­mat­lar ber­ler.

Zaman – Türkmenistan

Jogap ýaz