“Nanosement”0

02.14.2010

Orsýetiň “Obninsk” gazetiniň beren maglumatyna görä, Kaluganyň nanosenagat merkezinde işleýän tehniki ylymlarynyň kandidaty Igor Şkarupanyň ýolbaşçylygyndaky topar nanosementi oýlap tapdy.

Täze sement tiz gatamagy hem-de ýokary derejedäki gyzgynlyklara çydamlylygy bilen tapawutlanýar. Bilermenleriň aýtmagyna görä, bu sementi demir guýmakda hem-de aşa agyr uçarlar üçin gonmak meýdançalarynda ulanmak bolýar. Sementi ulanyp boljak ýene bir ugry bolsa, kosmos raketalaryny uçurmak üçin niýetlenen şahta gurluşygydyr. Nanosementi ulanmak arkaly şeýle şahtalary birnäçe gezek ulanmak mümkinçiligi döreýär.

Zaman Türkmenistan

Jogap ýaz