Naý­ba­şy elekt­rik mo­to­sik­li0

06.17.2010

“Po­pu­lar Science” žur­na­lyn­da ber­len ha­bar­da “Mo­toCzysz E1pc” mo­to­sik­li­niň dün­ýä­niň iň “ösen” elekt­rik mo­to­sik­li­di­gi aý­dyl­ýar. El­bet­de, ha­bar­da nä­me se­bäp­li şeý­le ba­ha ber­len­di­gi hem çuň­ňur dü­şün­di­ril­ýär. Il­ki bi­len onuň ba­ta­re­ýa­la­ry­nyň göw­rü­mi “Toyo­ta Priu­siň­ki­den” 10 es­se ýo­ka­ry­dyr hem-de “Ducati 119” mo­to­sik­lin­den 2,5 es­se güýç­lü­dir.

Mo­to­sikl­iň sim­siz bo­lan­ly­gy se­bäp­li, aň­sat­lyk bi­len çal­yş­mak müm­kin bo­lan 10 sa­ny 9,75 ki­log­ram­lyk li­tiý po­li­mer ba­ta­re­ýa­sy bar. Onuň ýag bi­len so­wa­dyl­ýan he­re­ket­len­di­ri­ji­si bol­sa, dö­re­di­ji­si­niň aýt­ma­gy­na gö­rä, “ýa­ryş­lar­da ýe­ňiş ga­zan­mak üçin nol­dan ýa­sa­lan”. Bu aý­dy­la­na ynan­maz­lyk hem edip bol­ma­ýar, se­bä­bi mo­to­sikl bu he­re­ket­len­di­ri­ji ar­ka­ly sa­gat­da 225 km. tiz­li­ge ýet­me­gi ba­şar­ýar, bu bol­sa onuň iň güýç­li bäs­de­şi­niň­ki­den sa­gat­da 65 km.  ýo­ka­ry­dyr.

Zaman – Türkmenistan

Jogap ýaz