Noutbuk BIOS ýa-da CMOS açarsözi nädip döwülýär?0

01.29.2016

Noutbuklarda BIOS açarsözüni ýitrseňiz ony açmak, adaty PC kompýuterlerdäkiden has çylşyrymly. Sebäbi ýitiren ýagdaýyňyzda siziň maglumatlaryňyzy goramak üçin şeýle edilen.

Kompýuteriň asyl(resmi) eýesi siz bolsaňyz onda markanyň resmi wekilligi bilen habarlaşyp olaryň serwisinden kömek sorap bilersiňiz.

Eger kakyk eýesi siz däl bolsaňyz onda aşakdaky ädimleri ýerine ýetirseňiz noutbuklaryň köp görnüşinde açarsözi döwüp bilersiňiz.

  1. Kompýuteriňizi açyp we BIOS açmak üçin gara ekrana gelen düwmä basyň. (Köplenç bu F2, F10 ýada Del bolýar)
  2. Açarsözi ýalňyş ýazyň we ekrana gelen kody bir ýere belläň. Olar köplenç 5-8 belgili bolýar.
  3. Soň bu ýere gidiň we şol kody ýazyp “Get Password” basyň.
  4. Siz ol ýerde ýazjak açarsöz bilen BIOS-a girip bilersiňiz.

Bu ädimler aşakdaky noutbuk modelleriniň köpüsinde işleýär;

  • Dell
  • HP
  • Phoenix
  • Sony
  • Compaq
  • Fujitsu-Siemens
  • Samsung
  • Insyde H20 notebooks.

Bellik: Käbir IBM/Lenoýo noutbuklar açarsözi 3 gezek ýalňyş ýazsaň hem kody bermeýär. Bu ýagdaýda aşakdaky ädimleri barlap görüň.

  1. Bir USB klawiaturany noutbugyňyza dakyp paroly ýazmaga synanyňyş.
  2. Eger kompýuteriňizde windows adaty görnüşde açylýan bolsa BIOS açarsözüni CmosPwd bilen döwmäge synynşyň.
  3. Käbir HP model noutbuklaryň açarsözüni döwmek üçin bu programmany ulanyp bilersiňiz.
  4. Köne noutbuklarda žamper köprüleri bolýar. Bu žamperler arkaly noutbugyň arkasyny açyp açarsözi aýyryp bolýar. Munuň üçin noutbugyň kitapçasyndan peýdalanyň.

Bularyň hijisi bolmasa, kompýuter ukybyňyza göwnüňiz ýermeýän bolsa başga tilsimleri ulanmak üçin häzirjek bolmagy maslahat berýärin. Kompýuteriňize zyýan bermegiňiz mümkin. Size ýakyn bir kompýuter serwisine görkezip bilersiňiz.

 

Jogap ýaz