Türkmenistanda biznes we telekeçilik kanunçylygy0

01.28.2016

Türkmenistanda biznes açmak ýada ýöretmek kynmy? Kanuny tarapdan nähili çäklendirmeler we rugsatlar bar? Bugün bu soraglaryň üsdünde gysgaça durup geçeliň.

Täze telekeçilik işleri açmak isleýänler üçin peýdaly bolar diýip umyt edýärin. Aslynda tema giňiş ýöne bu ýerde gysgaça umumy düşünjäni berip geçmekçi, has jikme-jik maglumat üçin iň soňky girizilen goşmaçalar bilen iň aşakda bellenen salgyda görüp bilersiňiz.

Ilki bilen aýdyp geçmeli zat Türkmenistanda biznes etmek üçin aşakda görkezilen 5 tarapyň birine eýe bolmagyňyz gerek. Türkmenistanda telekeçilik (söwda-biznes-önümçilik) işleri alyp barmak kanun boýunça bellenen görnüşleri bar.

1. Hususy telekeçi
2. Hususy kärhana
3. Hojalyk jemgyýeti
4. Paýdarlar jemgyýeti
5. Daýhan hojalygy

1. Husuy telekeçi
Kiçi göwrümli we az işgär bilen işlemek üçin maslahat berilýär. Elbetde Hususy telekeçi bolup uly işler hem alyp barýanlar bar, ýöne işgär sany çäkli bolany üçin ulyrak derejä ýetenler hususy kärhana, hojalyk jemgyýeti we ş.m geçýärler. Hususy telekeçi fiziki tarap bolup durýar.
Telekeçilik işi hakynda giňişleýin maglumat bermek maksady bilen Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde Telekeçilik okuwy geçirilýär. Telekeçilik patenti almak üçin şol okuwy hem okamak mejbury. Okuw 4 gün dowam edýär jemi 16 sagat.

Telekeçilik patenti almak üçin bu okuwy okanyňyzdan soň sertifikady we pasportyňyz bilen ýaşaýan ýeriňize degişli salgyt gulluklaryna barsaňyz size maglumat bererler. Ýene bir bellemeli zat öz öý salgyňy hasaba goýup bolýar, hökman dükanyň bolmaly diýen zat ýok.
Işgärleriňize beriljek aýlygyň ýokary çägi ýok, ýöne iň pes aýlyk kanun boýunça bellenen iň pes aýlyk haky bolmaly. 2015-nji ýyl üçin 535 manat. 2016-njiy ýylda 590 manat bolýar.

2. Hususy kärhana
Bu ýuridiki tarap bolup çykyş edýär. Telekeçi kärhana hem diýilýär. Bu ýerde esaslandyryjy 1 raýat bolmaly. Özüne degişli ady we nyşany bolmaly. Bulary Ykdysadyýet we ösüş ministrliginden sorap maglumat alyp bilersiňiz, şol ýerde berilýär. Hususy kärhana hususy telekeçä görä azajyk “krutoýrak” . Tegelek möhürüň bolýar. Hususy kärhanada hökmany ýuridiki adresiň bolmaly, ýada öz adyňa hususy jaýyň bolmaly. Jaýyň ýok bolsa söwda merkezlerinden ýada ş.m ýerlerden ýuridiki adresiňiz bolmaly. Açmak üçin bankda goýulýan puluň mukdary, açan döwrüňdäki iň pes aýlyk hakynyň 25 essesi bolmaly. Meselem 2015-nji ýylda iň pes aýlyk haky 535 manat, 2016-njy ýylda 590 manat bolýar. Şugün hususy kärhana açmak isleseňiz bankdaky hasabyňyzda azyndan 535 x 25 = 13375 manat bolmaly, munuň ady “esaslandyryjy gazna”.

3. Hojalyk jemgyýeti
Hojalyk jemgyýeti bolsa başgaça aýdylanda “firma” diýseň hem bolar. Bu ýerde hususy kärhanadan tapawutly esaslandyryjy bolup 2 adam çykyş edýär. Esaslandyryjy gazna iň pes aýlyk hakynyň 100 essesi bolmaly. 2015-nji ýyl üçin 535 x 100 = 53500 manat.

4. Paýdarlar jemgyýeti
Paýdarlar jemgyýeti, birnäçe paýdarlaryň emele gelmeginde döreýän kärhana dwident (divident) kim näçe % maýa goýsa şonçada maýa alýar. Paýdarlar jemgyýetiniň hem iki görnüşi bar, açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti.
Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti: Özüňe degişli bolan aksiýany ýagny %-i öz içindäki aksianerlere ýada daşyndaky şahyslara satyp bolýar. Isleseň ýarysyny isleseň ählisini, ol öz ygtyýaryňda.
Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti: Bu görnüşinde bolsa daşyndakylara düýbünden satyp bolanok, diňe içindäkilere, onyň hem gizlin ýada açyk edilen şertnama esasynda bellenen görnüşde we bellenen şahyslara satyp bolýar.

Paýdarlar jemgyýetiniň gowy we beýlekilerden tapawutly tarapy eger batyp galan ýagdaýynda eýeleriniň şahsy baýlyklaryna degilenok. Muny açmak üçin bolsa minimum aýlyk hakynyň 200 essesini esaslandyryjy gazna hökmünde goýmaly. 535 x 200 = 107 000 manat (30 000$)

5. Daýhan hojalygy
Iň hezili daýhan hojalyklarynyňky. Döwlet tarapyndan berilýän goldawlardan iň köp peýdalanýanlar daýhan hojalyklary. Hiç hili ýagdaýda salgyt ýok, esaslandyryjy gazna üçin hiç hili maýa goýum gerek däl. Banklar 1% bilen kredit berýär. Bularyň hem edil hojalyk jemgyýetinde we hususy kärhanalarda boluşy ýaly ady, nyşany we ş.m bar.

Doly kanunlary www.minjust.gov.tm den okap bilersiňiz.

Siz bir iş etjek bolsaňyz edýän işiňiz boýunça size haýsy amatly bolsa şony saýlap almak maslahat berilýär. Meselem siz oba hojalygynda önümçilik edýän bolsaňyz aňsat alyp bolýan hususy telekeçilik patenti bilen bu işi ýöredip bilersiňiz ýöne salgytlar, işgär sany we ş.m meseleler boýunça size has amatlysy daýhan hojalygy kärhanasy.
Ýene soňky belläp geçmeli zat, “Türkmenistanda bu kanunlar ýöränok salgyt gullugyndan, ýada beýleki döwlet edaralaryndan gelip yrsaraýarlar” diýip sussupeslik bilen işlenýän döwürden oba göçdi, sen ähli edýän herekediňi kanuna laýyk edip ýöreseň hiçkim seniň towugyňa tok diýmeýär, diýäýende-de saňa bikanun yrsaraýan döwlet işgärem bolsa çäre görüp bolýar.

Üstünlik arzuw edýärin, düşnükli bolmagy üçin azajyk köçe dilinde ýazyldy, gaty görüşmek ýok.

Çeşme: http://goo.gl/mX9UXT

Jogap ýaz