“USB-niň” mi­ras­dü­şe­ri0

04.28.2010

“In­tel” şe­re­ke­ti­niň we­ki­li Ke­win Ka­nyň be­ren be­ýa­na­tyn­da “Light Pe­ak” teh­no­lo­gi­ýa­sy ar­ka­ly iş­le­ýän çip­le­riň il­kin­ji­le­ri şu ýy­lyň ýa­ry­syn­da ba­za­ra çy­ka­ry­lar. Şeý­le­lik­de, biz ula­ny­jy­lar öz komp­ýu­ter­le­ri­mi­zi 2011-nji ýy­lyň baş­la­ryn­da üp­jün edip bi­le­ris.

Ka­nyň aýt­ma­gy­na gö­rä, “Light Pe­ak” teh­no­lo­gi­ýa­sy ýa­ňy çy­kan “USB 3.0” teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň ýe­ri­ni alar. Se­bä­bi bu teh­no­lo­gi­ýa ar­ka­ly se­kunt­da 10 gi­ga­bit mag­lu­ma­ty al­şyp-be­riş­mek bol­ýar. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, “USB 3.0” teh­no­lo­gi­ýa­syn­da tiz­lik se­kunt­da 5 gi­ga­bi­te hem ýe­te­nok.

Tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­ny “USB” teh­no­lo­gi­ýa­syn­da ta­pa­wut­lan­dyr­ýan aý­ra­tyn­lyk ra­dio tol­kun­la­ry däl-de, şöh­le­ler ar­ka­ly iş­le­me­gi­dir.

Ka­nyň nyg­ta­ma­gy­na gö­rä, bu teh­no­lo­gi­ýa tä­ze bo­lan­ly­gy se­bäp­li do­ly po­ten­si­a­ly­ny gör­ke­ze­nok. Ol öz­le­ri­niň bu teh­no­lo­gi­ýa­ny ös­dür­mek ar­ka­ly se­kunt­da 100 gi­ga­bit tiz­li­ge ýet­me­gi mak­sat edin­ýän­dik­le­ri­ni aý­ra­tyn bel­läp geç­di.

“USB” teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň çyk­ma­gy bi­len komp­ýu­te­re tä­ze en­jam dak­ma­ga ga­raý­şy­myz düýp­gö­ter üýt­gäp­di. Se­bä­bi komp­ýu­te­re bir en­ja­my dak­mak üçin ony öçü­rip, tä­ze­den aç­mak me­se­le­si kök­li çö­zü­lip­di. Ýö­ne, el­bet­de, bu teh­no­lo­gi­ýa­nyň hem kem­çi­lik­le­ri bar. My­sal üçin, komp­ýu­ter bi­len en­ja­myň ara­syn­da­ky si­miň uzyn­ly­gy uly bol­ma­ly däl, se­bä­bi ara­gat­na­şyk ra­dio tol­kun­la­ry ar­ka­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len­soň, si­miň bo­ýy ulal­sa, sig­nal hem şo­ňa gö­rä “ejiz­le­ýär”. Tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­da bol­sa op­tik tol­kun­lar ula­ny­lan­soň, si­miň uzyn­ly­gy ýüz­ler­çe met­re hem ýe­tip bi­ler.

Soň­lu­gy bi­len aýt­sak, il­ki bi­len “USB” hem-de “Light­Pe­ak” teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň bi­le­lik­de iş­le­dil­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bu ýag­da­ýyň esa­sy se­bä­bi bol­sa hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de “USB” teh­no­lo­gi­ýa­sy bi­len üp­jün edil­me­dik komp­ýu­ter­le­riň sa­ny­nyň ýok di­ýen de­re­je­de az bol­ma­gy­dyr.

Zaman – Türkmenistan

Jogap ýaz