“Windows 7”-ni nädip gurmaly? (Suratly)3

04.22.2011

Microsoft kompaniýasynyň öndüren, şahsy kompýuterleriň dolandyryş sistemasynyň iň soňky görnüşi bolan “Windows 7”, özüniň ulanylyşynyň aňsatlygy we görnüşiniň ykjamlygy bilen tapawutlanýar. Windows 7-ni öz şahsy kompýuteriňizde ulanmak isleýän bolsaňyz aşakdaky gönükdirmeler arkaly dolandyryş sistemasyny kompýuteriňize gurup bilersiňiz. Men “Windows 7”-ni VMware programmasynda gurup, barlap gördüm we bu dolandyryş sistemasynyň gurulmagy üçin talap edilýan sistema, iň az 512 MB RAM, ýadyň gerekligidir. Gurluşy üçin sarp edilen wagt, Windows XP, Windows Vista we öňki bar bolan beýleki dolandyryş sistemalaryndan has azdyr. Munuň bilen birlikde gurluşy hem gorkardan has ýeňil. Sistemany 3 tapawutly ýol bilen gurup bilersiniz: • Ýörite ýazylan DVD-ler arkaly • Goşmaça ýatlar arkaly(Gaty diskler, USB) • “Windows 7”-ni öňden bar bolan dolandyryş sistemasy bilen bilelikde ulanmak isleýän bolsaňyz onda “iso” faýly öz kompýuterinizdede bolup biler. Windows 7-niň gurluşyny görkezmek üçin gerek bolan suratlary “tehnologiýa dili” bolan iňlis dilinde seçmegi makul diýip hasapladym. Mundan soňky ýazgylarymdada bu dili ikinji dil hökmünde ulanmakçy… Onda taýýar bolsaňyz “Windows 7”-ni gurmaga başlaýaly:

Ilki bilen kompýuterimizi açanymyzdan soň “Windows 7” diskini salýarys. Kompýuterimizi täzeden başladanymyzda ilkinji çykýan gara ekranda haýsy hem bolsa bir klawitura düwmesine basýarys. Aşakdaky ýaly dowam edýär.

Windows gurluş faýllaryny  ýükleýär.

Gurluş üçin gerekli faýllar  taýýar bolanyndan soň, “Windows”da ulanjak diliňizi, wagt we ýer aýratynlyklary üçin ýaşaýan döwletinizi we klawitura dilini seçin.

Soňra “Next”-e basyň.
Gurluşy başlatmak üçin, gelen ekrandaky “Install Now”  ýazgysyna  basyň.

Bu  bölümde öňüňize  lisenziýa we ulanylyş şertleri geler. “I accept the license terms”  gutujygyny  suratdaky ýaly belläniňizden soň  “Next” düwmesine basyň.

Bu bölümde  “Upgrade”-i seçip  öňki bar bolan Windows dolandyryş sistemasynyň  wersiyasyny galdyryp   ýa-da bolmasa Custom (advanced)–i seçip  gurluşy amala aşyryp bilersiňiz. Soňkyny seçip dowam edeliň.

Windows 7-ni gurmakçy bolýan adaty disk bölümüňizi seçip “Next” düwmesine basalyň.

Bu ekranda Windows, nusgasy alynjak  faýllary barlaýar. Bu bölümde azajyk garaşmaly bolarsyňyz.

Nusga alma işi dowam edýar.

Faýllaryň nusgasy alyndy. Goşmaça ayratynlyklar ýüklenilyar. Bu iş tamamlananyndan soň kompýuteriňiz ýapylyp täzeden açylar.

Gurulma işi az salymdan  gutarar.

Wideo işjeňligini barlamak  üçin açylan ekran görüner.

Windows 7 üçin öziňiziň ulanyjy adynyzy, kompýuteriziň adyny bellenen ýerlerine ýazalyň.

Täzeliklere  garşy açyk bolsaňyz  bu bölümde siziň seçjek bölümüňiz şulardan ybarat:
1.Use recommended settings: Ahli täzeleme we goranyş paketjiklerini gur.
2.Install important updates only: Diňe esasy täzelikleri gur.
3.Ask me later: Ýükleyiş paketjiklerini gurmagym üçin has son sora.

Eger internediňiz ýok bolsa 3-njini  seçip bilersiniz.

Sagat zolagyny we wagta göra sagadyňyzy düziň.

Ulanyjy ekrany taýýarlanýar.

Ine Windows 7-ni gurdyk we ulanyjy ekrany açyldy. Siziň täze guran dolandyryş sistemaňyz göwnüňizden turandyr diýip umyt edyaris. Windows 7-niň entek hiçbir dolandyryş sistemasynda görülmedik täze aýratynlyklary siziň ulanmagyňyza garaşýar…

Ýazan: Begenç Ýazow

Ankara Uniwersiteti – Kompýuter we Okuw Tehnologiýalary Mugallymçylygy

  1. Okyjy

    05.19.2011

    Perezagruzkadan soň köp komp-lara gerek bolan ýagny düzmek üçin BIOS-dan Diskowody birinjilige geçirmegi hem öwret. sebäbi käbir disklerden okadyp bolonok. Zagruzoçnyý disk döretmegem öweret. Iňlis dili bilmedim özä köpräk rus dili gerek sebäbi biz rus zagruzoçnyýlary ulanýarys.

    Meň düşünmeýän zadym 64 bitlik windowsy ýa-da seweni nähili gurmaly häzir biziňki 32 bitlik. Näme goýaňda komp 64 Bitlige geçer?
    Meň soraýanymyň sebäbi windowsy awtomatik usulda 64 ýa-da 32 Bitlik sistemada düzýär.

    Jogap ber
    • itech

      08.31.2011

      Okyjy, kompyny 64 bite namedir bir programma bn gecirip bolmayar onun ucin kompyuter sistemalaryny tazelemeli

      Jogap ber
  2. Eziz

    02.12.2013

    C ve D diski bolmegi surat shekilli yada yazayinda

    Jogap ber

Okyjy üçin jogap ýaz