Ýer şaryň ýakyn geljegi……….0

03.26.2010

Oksfordyň alymlary çaklamalaryna görä, 2055 ýyla çenli dünýäniň ortaça temperaturasy 4°C çenli artar, eger-de kömür turşy gazyň zyňyndylary üýtgemän şol bir derejede galsa. Gowy bolar diýeňde bu betbagtçylyk 2070 ýylda bolar, erbet ýagdaýynda bolsa 40 ýyldan bolar.

Näme üçin alymlar hut 4°C ýylamagy bilen aladalanýalar ? Sebäbi bu tapawut howanyň öňki derejesine gaýtmamasyna ýeterlikdir. Hut şu temperaturada ummanlaryň suwlary we hemişelik doňaklyklar atmosfera parnik gazlaryny goýberip başlarlar. Ortaça temperaturanyň 4°C ýylamagy: demirgazyk polýusda temperaturanyň 15 gradusa çenli ýylamagy we dünýa ummanynyň derejesiniň 140 sm galmagyna, ol bolsa uly şäherleriň suw almagyna: Şanhaý, Tokio, London, Amsterdam, Täze Orlean. 200 milliona golaý adamlaryň öýsüz galmagyna sebäp bolup biler. Wýetnamyň we birnäçe Afrikan ýurtlaryň kenarýakalaryň suw almagy, eýýäm şu wagtdan köpçülikleýin göçmegine sebäp boldy.

Ondan başga-da, 4°C howanyň ýylamagy Amazonkanyň tropiki tokaýlaryň yok bolmak howpy abanýar sebäbi howanyň çyglylygy peselmegi bilen tokaýlaryň ýanmagyna sebäp bolup biler. Dünýäniň howasy ýiti bolar: gurkaçylyk bilen ýagyş gezekli-gezegine bolup durar, şeýlelikde oba hojalygy ösen ýurtlaryň ýagdaýy agyrlaşar.

Ýazan: Muhammet Batyrow

Jogap ýaz