Döwlet ylmy-tehniki syýasaty

Türkmenistanyň kanuny «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda»

Şu Kanun Türkmenistanda döwlet ylmy-tehniki syýasaty düzüp taýýarlamagyň we ony ýöretmegiň esaslaryny, tertibini kesgitleýär hem-de ol ylmy işgärleriň ylmy-tehniki işiniň formalaryny kämilleşdirmek we bu işiň netijelerini maddy önümçilikde, jemgyýetiň durmuşynyň sosial hem ruhy pudaklarynda peýdalanmak esasynda ylmy we tehnikany hemme çäreler bilen ösdürmek üçin has amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.

I Bölüm UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Türkmenistanyň döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakyndaky kanunlary

Türkmenistanyň döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakyndaky kanunlaryna şu Kanun hem-de şuňa laýyklykda çykarylyp, dowam edýän kanunlara ters gelmeýän kanunçylyk aktlar girýär.

2-nji madda. Döwlet ylmy-tehniki syýasatynyň esasy maksatlary we wezipeleri

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty – Türkmenistanyň sosial-ykdysady syýasatynyň aýrylmaz bölegidir.

Onuň esasy maksatlary we wezipeleri aşakdakylardan ybaratdyr:

• Türkmenistanda ylmy we tehnikany hemme çäreler bilen ösdürmek üçin döwletiň alyp barýan işiniň ugurlaryny, formalaryny hem-de usullaryny kesgitlemek;

• has düýpli ylmy barlaglaryň hem-de ylmy-tehniki progresiň ileri tutulýan ugurlary boýunça geçirilýän barlaglaryň ozgunly ösmegi üçin zerur ykdysady, guramaçylyk we hukuk şertlerini üpjün etmek;

• jemgyýetiň ösüşiniň ynsanperwerlik problemalaryny çozmekde ylmyň we tehnikanyň gazanan üstünliklerini has amatly peýdalanmak, bazary azyk önümleri bilen bolelin etmek wezipelerini ýerine ýetirmek, sarp edilýän zatlary öndürmegiň we hyzmat etmegiň ýokary tehnologiýaly hem galyndysyz-taşlandysyz işleýän industriýasyny guramak, saglygy saklaýşy ýokary götermek we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, resurslary-baýlyklary aýap saklamak, önümçiligiň ylma esaslanýan pudaklaryny hemme çäreler bilen ösdürmek, şol sanda hem önümiň bäsdeşlik etmek ukybyny gazanmak, önümçiligiň gurluşyny kämilleşdirmek üçin gerek bolan has täsirli sosial-ykdysady hem hukuk tärini-mehanizimini döretmek;

• ylmy, ylmy-pedagogik, oýlap tapyjylyk we rasionalizatorlyk işiniň ykdysady, sosial we hukuk taýdan kepillendirilmegini üpjün etmek, ylym we tehnika ugurdan işleýän işgärlere ähli çäreler bilen maddy goldaw bermek hem-de olary sosial taýdan goramak;

• döwletara we halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy guramak.

3-nji madda. Ýerli häkimiýet we dolandyryş organlarynyň ygtyýarlary

Ýerli häkimiýet we dolandyryş organlary özleriniň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde öz territoriýasynda ylmyň we tehnikanyň ösmegine ýardam edýärler, etraplaýyn /regional/ ylmy-tehniki programmalary düzýärler hem olary ýerli býujetden maliýeleşdirýärler.

II Bölüm DÖWLET YLMY-TEHNIKI SYÝASATYNYŇ ESASLARY

4-nji madda. Ylym we tehnika ugruny dolandyrmak

Ylym we tehnika ugruny dolandyryş we öz-özüni dolandyryş işi onuň döwlet-jemgyýetçilik tarapyndan düzgünleşdirilmegi, ykdysady usullaryň ulanylmagy, ýaryşmagyň we konkurslylygyň ösdürilmegi esasynda amala aşyrylýar. Dolandyryşy ybarat edýän iň esasy zatlar aşakdakylardyr:

• ylmy we tehniki dolandyryş işini demokratiýalaşdyrmak we ony merkezleşdirmek häsiýetinden daşlaşdyrmak;

• ylmy we tehnikany dolandyrmakda ýerine ýetiriji organlaryň, ylmy – tehniki jemgyýetçiligiň wezipelerini aýyl-saýyl kesgitlemek;

• ylmy we tehnikany ösdürmegi döwletiň merkezleşdirilen tertipde planlaşdyrmagyndan ylmy-tehniki progresiň döwlet – jemgyýetçilik tarapyndan düzgünleşdirilmegine geçmek.

Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we dolandyryş organlary ylmy we tehnikany ösdürmek barasyndaky esasy programmalar taýýarlananda, kabul edilende we durmuşa geçirilende Ylym we tehnika baradaky sowet bilen bilelikde karar kabul edýärler.

5-nji madda.Ylym we tehnika baradaky sowet

Ylym we tehnika baradaky sowet Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda döredilýär, bu Sowet ylmy-tehniki syýasata ýolbaşçylyk edýär, ylmy-tehniki progresi üpjün etmek üçin kadrlary taýýarlaýar, Ylym we tehnika fondunyň serişdelerinden ylmy barlaglary maliýeleşdirmegi kesgitleýär.

Ylym we tehnika baradaky sowete Prezident Sowetiniň çleni Türkmenistanyň Prezident Sowetiniň ýanyndaky Ylym, magaryf we sosial-medeni meseleler baradaky komitetiň başlygy baştutanlyk edýär.

Ylym we tehnika baradaky sowet belli alymlardan we spesialistlerden ybarat düzülýär.

Sowet hakyndaky Düzgünnamany we Sowetiň agzalaryny Türkmenistanyň Prezidenti tassyklaýar.

Ylym we tehnika baradaky sowet:

• ylmyň we tehnikanyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär hem-de ylmyň we tehnikanyň ösüş çaklamasyny tassyklaýar;

• ylmy-tehniki progresiň has oňat netije berjek programmalaryny saýlap almagyň ölçegini /kriterilerini/ işläp taýýarlaýar;

• ylmyň we tehnikanyň ileri tutulýan ugurlary baradaky döwlet programmalarynyň ekspertizasyny guraýar hem-de şol programmalaryň sanawyny tassyklaýar;

• ileri tutulýan programmalaryň ýerine ýetirilişine kontrollyk edýär;

• halk hojalygy üçin möhüm ähmiýeti bolan ylmy-tehniki işleri-teklipleri ulanmak maksady bilen döwlet zakazyny seçip almagy we düzmegi guraýar;

• kanun çykaryjylyk çözgütlerini talap edýän meseleler barada teklipler taýýarlaýar;

• ylmy-tehniki progresiň gelejegi uly /perspektiwaly/ ugurlaryndan ylmy kadrlary we spesialistleri taýýarlamagyň konsepsiýasyny işläp taýýarlaýar;

• döwletara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy guraýar;

• Ylmy we tehnika baradaky sowet hakyndaky düzgünnamada göz öňunde tutulan beýleki wezipeleri ýerine ýetirýär.

6-njy madda. Döwlet ylmy-tehniki programmalary düzmegiň tertibi

Döwlet ylmy-tehniki programmalar /DYTP/ ylmy we tehnikany ösdürmegiň Türkmenistan üçin birinji derejeli ähmiýeti bolan ugurlaryna tagallalary jemlemek maksady bilen döredilýär.

Programmalar /proýektler/ Türkmenistanyň sosial-ykdysady we ylmy-tehniki taýdan nähili ösjekdigi baradaky Kompleksleýin çaklama nazarda tutulyp taýýarlanylýar. DYTP-nyň ugurlary baradaky teklipleri Ylym we tehnika baradaky sowet taýýarlaýar. Gelip gowşan proýektler /konsepsiýalar/ konkurs esasynda seçilip alynýar hem-de ekspertizadan geçirilýär.

Baş institut we programmanyň ýolbaşçysy şol programma boýunça ýerine ýetirilýän işleriň ylmy-tehniki derejesiniň ýokary bolmagynyň, öňde goýlan maksada ýetilmegi üçin zerur bolan çäreleriň has doly we kompleksleýin bolmagynyň üpjün edilişi barada jogapkärçilik çekýärler.

Döwlet ylmy-tehniki programmalar garaşylýan ahyrky netijeleri bar bolan proýektler, ýagny anyk progressiw guramaçylyk formalary, täze tehnikanyň, tehnologiýanyň we materiallaryň obýektleri görnüşindäki proýektler esasynda durmuşa geçirilýär.

7-nji madda. Ylym we tehnika baradaky sowetiň Türkmenistan Hökümetine her ýylky berýän maglumaty – doklady

Şu Kanunda göz öňünde tutulyşy ýaly, ylmy, tehnikany ösdürmegiň strategiýasyny durmuşa geçirmegiň beren netijelerine baha bermek üçin, Ylym we tehnika baradaky sowet Türkmenistan Hökümetine ylym we tehnika barasynda edilen iş hakynda her ýyl maglumat-doklad ýazyp berýär.

8-nji madda. Önümçilik –- ylmyň-tehnikanyň gazanan üstünliklerini durmuşa geçirmegiň möhüm pudagydyr

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty alyp baranda önümçilik –- önümi, tehnikany we tehnologiýany täzeläp durmak baradaky hakyky isleg-talabyň emele gelýän ýeri bolan önümçilik ylmyň-tehnikanyň gazanan üstünliklerini durmuşa geçirmegiň möhüm pudagydygyndan ugur alýar.

Döwlet hojalyk taýdan doly özbaşdak bolan kärhanalaryň, birleşikleriň we guramalaryň alyp barýan işine: önümçiligiň tehniki derejesini, hilini hem-de içerki hem daşarky bazaryň talaplaryna laýyklykda bäsdeşlik /konkurensiýa/ ukybyny ýokarlandyrmak, tehnikanyň düýpgöter täze görnüşlerini we resurslary aýap saklaýan, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary döretmekde hem özleşdirmek, oýlap tapyşlary ulanmak barada işjeňlik bilen alyp barýan işine ýardam edýär. Bu işi höweslendirmek üçin kärhanalara, birleşiklere we guramalara alnan peýdanyň innowasion fondlara özleriniň gönükdirýän bölegine salgyt salmak barada bellenen tertipde ýeňillikler berilýär.

Döwlet önümçiligiň tehniki derejesini ýokarlandyrmakda, tehnikanyň we tehnologiýalaryň täze görnüşlerini döretmekde inżenerleriň, tehnologlaryň, ýokary hünärli işçileriň aýratyn rol oýnaýandygyny nazara alyp, şol hünärleriň sarpasy tutulýan hünärlerdigini jemgyýetçiligiň ykrar etmegine ýardam edýär, olaryň zähmetiniň hiline laýyklykda olary moral we maddy taýdan höweslendirmek sistemalarynyň kämilleşdirilmegine, olaryň hünäriniň artdyrylmagyna hemaýat edýär.

9-njy madda. Ylmy-tehniki kadrlary taýýarlamak

Ylmy-tehniki progresi üpjün etmek üçin kadrlar bilim sistemasy arkaly hem-de okatmak – öwretmek formalarynyň hem-de usullarynyň üznüksizligi we köp dürlüligi şertleri esasynda hünar ýokarlandyrmak sistemasy arkaly taýýarlanylýar.

Döwlet ýokary okuw jaýlarynda we ylmy edaralarda ylmy kadrlaryň taýýarlanmagyna hemme çäreler bilen ýardam edýär, olara zerur maddy-tehniki resurslary we býujet serişdelerini goýberýär hem-de degişli ýeňillikleri we artykmaçlyklary belleýär.

Döwlet beýleki döwletler bilen ylmy we ylmy-pedagogik kadrlarynyň hünäri hakyndaky dokumentleriň özara ykrar edilmegini üpjün edýär.

III Bölüm YLMY WE TEHNIKANY ÖSDÜRMEGIŇ YKDYSADY USULY

10-njy madda.Ylmy barlaglary maliýeleşdirmegiň şertleri

Netijeli ykdysady usulyň-mehanizimiň döredilmegi ylmy barlaglary maliýeleşdirmegiň aşakdaky şertlerine esaslanýar:

o maliýeleşdirmek formalarynyň we çeşmeleriniň köp dürlüligi, olaryň belli maksada gönükdirilýändigi;

o konkurs boýunça saýlanyp alnan ileri tutulýan programmalary býujetden maliýeleşdirmegiň kepillendirilýändigi;

o ylmy-barlag üçin goýberilýän serişdeleri paýlap bermekde kollegiallygyň berjaý edilýändigi;

o resurslaryň nireden gelip gowuşýandygyna garamazdan, olaryň ylmyň we tehnikanyň Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugurlaryna jemlenýändigi.

Zerurlygy ýylyň dowamynda ýüze çykýan iňňän möhüm ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin Ylym we tehnika baradaky sowetiň ýanynda býujet serişdeleriniň rezerwleri döredilip bilner.

11-nji madda. Ylmy we tehnikany maliýeleşdirmegiň tertibi hem-de çeşmeleri

Ylym we tehnika aşakdakylaryň üsti bilen:

o Ylym we tehnika fondunyň;

o Innowasion fonduň;

o kärhanalaryň, guramalaryň, birleşikleriň, assosiasiýalaryň, aksioner jemgyýetleriň fondlarynyň;

o jemgyýetçilik fondlarynyň;

o döwletara guramalarynyň fondlarynyň üsti bilen maliýeleşdirilýär.

Ylmy we tehnikany maliýeleşdirmegiň çeşmeleri aşakdakylardyr:

o Türkmenistanyň döwlet býujetiniň serişdeleri;

o Hökümetiň berýän walýuta serişdeleri;

o býujetden daşary fondlar;

o ýerli býujetleriň serişdeleri;

o şertnamalaýyn tematika boýunça zakazçylaryň serişdeleri;

o ylmy edaralaryň, tejribe-eksperimental hojalyklaryň özleriniň ýerine ýetirýän ylmy işinden, patent-lisensiýa, neşirýat we gaýry hojalyk işinden alýan peýdasyndan goýberilýän serişdeler;

o kärhanalaryň, birleşikleriň we guramalaryň çykarýan önüminiň / edýän işleriniň, hyzmatlarynyň/ özüne düşýän gymmatynda göz öňünde tutulýan serişdeler;

o programmalar baradaky döwletara fondlarynyň serişdeleri;

o banklaryň we fondlaryň /şol sanda hem innowasion we kommersiýa banklarynyň-fondlarynyň/ hem-de beýleki guramalaryň berýän karz pullary /kreditleri/;

o kärhanalaryň, birleşikleriň we guramalaryň alýan peýdasyndan geçirilyan serişdeler, ministrlikleriň, wedomstwolaryň we beýleki guramalaryň belli maksat üçin berýän serişdeleri /subsidiýalary/, haýyr-sahawat goýumlarynyň we beýleki çeşmeleriň serişdeleri.

12-nji madda. Ylym we tehnika fondy

Türkmenistanyň Ylym we tehnika fondy ylmy hem tehnikany ösdürmek, bu ugurdaky döwlet syýasatyny yöretmek üçin göz önünde tutulan pul serişdelerini jemleýär. Fonduň peýdalanylyşyna Ylym we tehnika baradaky sowet ýolbaşçylyk edýär. Bu fondy dörediji Türkmenistan Hökümetidir.

Ylym we tehnika fondunyň serişdeleri aşakdaky çeşmelerden:

o ylmy we tehnikany ösdürmek üçin, öndürilen milli girdeýjiniň azyndan bir prosenti möçberinde goýberilýän döwlet býujetinden;

o döwletara ylmy barlaglar fondlarynyň serişdelerinden;

o ylmy we tehnikany ösdürmek üçin goýberilen hökümet we döwletara walýuta serişdelerinden;

o ministrlikleriň, wedomstwalaryň we beýleki dolandyryş organlarynyň belli maksat üçin berýän serişdelerinden / subsidiýalaryndan/ düzülýär.

Ylym we tehnika fondunyň serişdeleri şu aşakdakylara:

• döwlet ylmy-tehniki programmalary, has düýpli we beýleki ylmy-tehniki programmalary maliýeleşdirmäge;

• ylmy-tehniki potensialy emele getirmekde Türkmenistanyň etraplaýyn /regional/ ylmy merkezlerine kömek bermäge;

• ylmy barlaglaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmaga;

• ylmyň we tehnikanyň täze, gelejegi uly ugurlary boýunça kadrlary taýýarlamak, şol sanda hem olary Türkmenistanyň çäklerinden daşarda taýýarlamak we hünärini artdyrmak programmalaryny durmuşa geçirmäge;

• kanunlara ters gelmeýän beýleki maksatlara gönükdirilýär.

13-nji madda. Innowasion fond

Innowasion fond aksioner jemgyýet hökmünde döredilýär. «Innofonduň» gündelik işine ýolbaşçylyk edýän ýerine ýetiriji organy bu fondy döredijiler tarapyndan saýlanýan prawleniýedir.

«Innofonduň» serişdeleri şu aşakdakylardan:

o şoňa gatnaşýanlaryň berýän pul we maddy wznoslaryndan;

o banklaryň berýän uzak möhletli we gysga möhletli kreditlerinden;

o aksioner jemgyýetiň podrazdeleniýeleriniň hojalyk-kommersiýa işinden alýan girdejilerinden düzülýär.

«Innofonduň» serişdeleri şu aşakdakylary maliýeleşdirmäge:

o täze tehnologiýalary, materiallary hem-de ylmy esasa ýugrulan beýleki önümleri döretmek we ornaşdyrmak baradaky döwlet hem-de beýleki innowasion programmalaryny;

o işlenip taýýarlanylýan ylmy-tehniki teklipleri we proýektleri;

o kärhanalara we guramalara, ýokary okuw jaýlaryna, döredijilik kollektiwlerine, aýry-aýry alymlara, oýlap tapyjylara we rasionalizatorlara inżener-tehniki, konsultasion, patent-lisension hem-de dellalçylyk hyzmatlarynyň edilmegine maliýeleşdirmek üçin niýetlenendir.

Türkmenistanda ylmyň we tehnikanyň ösdürilmegini maliýeleşdirmek üçin innowasion banklar döredilip bilner.

14-nji madda. Kärhanalaryň, guramalaryň, birleşikleriň, assosiasiýalaryň hem-de ýerli häkimiýet we dolandyryş organlarynyň fondlary

Kärhanalaryň, guramalaryň, birleşikleriň assosiasiýalaryň hem-de ýerli häkimiýet we dolandyryş organlarynyň fondlary fondy döredijileriň hojalyk-kommersiýa işinden alýan pul we maddy serişdeleriniň hem-de ýerli býujetleriň hasabyna döredilýär.

Bu fondlaryň serişdeleri pudaklaýyn ýa-da etraplaýyn /regional/ ähmiýetli tejribe-konstruktorçylyk, proýektleýji, ylmy-gözleg işlerini we beýleki ylmy-tehniki işleri maliýeleşdirmäge gönükdirilip bilner.

15-nji madda. Döwletara guramalarynyň fondlary

Döwletara guramalarynyň fondlary döwletler tarapyndan Türkmenistanyň gatnaşmagynda döredilip bilner. Bu fondlar döwlet býujetlerinden serişdeleriň goýberilmegi, şeýle hem hojalyk we kommersiýa guramalary tarapyndan serişdeleriň we maddy resurslaryň meýletin berilmegi esasynda düzülýär.

Fondlaryň serişdeleri şol fondlary döredijileriň sowetleri ýa-da olaryň prawleniýeleri tarapyndan aşakdaky maksatlar üçin bölünip berilýär:

• döwletara ylmy-tehniki programmalary maliýeleşdirmek üçin;

• has möhüm döwlet ylmy-tehniki programmalary kredit bilen üpjün etmek üçin.

16-njy madda. Jemgyýetçilik fondlary

Eýeçiligiň we hojalygy ýöretmegiň haýsy formadadygyna garamazdan, kärhanalar, birleşikler, guramalar, ýerli häkimiýet we dolandyryş organlary hem-de hususy adamlar kärhanalaryň, birleşikleriň guramalaryň alýan peýdasyndan, şeýle hem döwlet we ýerli býujetlerden serişdeler geçirmek arkaly kollektiw fondlary: ylym, has düýpli ylmy barlaglar fondlaryny innowasion we gaýry fondlary meýletinlik bilen döredip bilerler.

Fondy dolandyrmagyň tertibi, fonduň serişdelerine erk etmek, fonda gatnaşýanlaryň arasyndaky özara gatnaşyklar hem-de fonduň dowam etmegine degişli beýleki meseleler fondy döredijiler tarapyndan tassyklanýan we bellenen tertipde bellige alnan /registrirlenen/ fond ustawy esasynda kesgitlenilýär.

17-nji madda. Ylym we tehnika barasynda salgyt salmagyň düzgüni

Ylmy-tehniki iş ugry bilen meşgullanýan kärhanalar, birleşikler guramalar özleriniň eýeçiligiň haýsy formasyna we telekeçiligiň haýsy görnüşine degişlidigine garamazdan, Türkmenistanyň kanunlaryna býujete salgyt töleýärler.

Ylym we tehnika baradaky sowetiň teklibine görä, ylmy edaralaryň, birleşikleriň işini höweslendirmek üçin, şol birleşikler salgyt tölemekden boşadylyp bilner.

Ylmy edaralaryň, birleşikleriň sanawyny we salgyt tölemekden boşatmagyň möhletini her ýyl Türkmenistan Hökümeti tassyklaýar.

Şu aşakdakylara salgyt salynmaýar:

o innowasion we haýyr-sahawat fondlaryna;

o ylmy we tehnikany maliýeleşdirmek üçin döredilen innowasion we beýleki fondlara kärhanalaryň , guramalaryň, edaralaryň geçirýän wznoslaryna.

18-nji madda. Ylmy-tehniki ugurdaky telekeçilik

Ylmy-tehniki ugurdaky telekeçilik şu Kanun, «Türkmenistanda telekeçilik işi hakyndaky» Kanun esasynda hem-de şoňa laýyklykda cykarylýan normatiw aktlar esasynda amala aşyrylýar.

Döwlet ylmy-tehniki ugurdaky telekeçiligiň dürli formalarynyň has netijeli dowam etmegi we ösdürilmegi üçin hukuk we ykdysady taýdan deň mümkinçilikleri kepillendirýär.

Ylmy işgärler, injenerler, oýlap tapyjylar we beýleki spesialistler – ylmy-tehniki önümi işläp taýýarlaýjylar hut öz kärhanalaryny we guramalaryny guramak /döretmek/ arkaly telekeçilik işini amala aşyryp bilerler.

Ylmy-tehniki progres ugrunda işleýän telekeçi zakazçylary ýa-da özüniň ylmy-tehniki önümini we tehnologiýasyny sarp edýänleri özbaşdak saýlap alýar.

Ylmy-tehniki progres ugrunda işleýän telekeçilige maliýe serişdeleri we gaýry resurs bilen goldaw bermek üçin, telekeçilere innowasion fondlardan prosent tölegleri ýeňillikli bolan kredit berlip bilner, şeýle hem gaýtaryp bermek, öwezini tölemek şertlerinde, mugtuna ýa başga bir esasda gaýry maliýe we resurs kömegi berlip bilner.

19-njy madda. Ylym we tehnika babatynda kontrakt sistemasyny ösdürmek

Ylym we tehnika babatynda ylmy barlaglary geçirmek we teklipleri işläp taýýarlamak işi köplenç zakazçy bilen ýerine ýetirijiniň arasynda kontrakt /şertnama baglaşylmagy, ýagny ylmy barlagçy kollektiwi ýa aýry-aýry ylmy barlagçyny ylmy-tehniki önümi almak ýa-da aýry-aýry wezipeleri ýerine ýetirmek arkaly kontraktda bellenen möhletiň dowamynda anyk problemany çözmäge gönükdirýän şertnama /kontrakt/ baglaşylmagy esasynda guralýar. Ylmy edaralar kontrakt esasynda işgärleri, şol sanda hem daşary ýurtlardan alymlary işe çagyrýarlar hem-de olaryň zähmetine hak tölemegiň şertlerini özbaşdak kesgitleýärler.

20-nji madda. Intellektual /akyl-ruhy/ eýeçiligi goramak

Türkmenistanyň intellektual /akyl-ruhy/ eýeçiligiň obýektlerini döretmek we ulanmak baradaky gatnaşyklar «Intellektual eýeçilik hakyndaky» hem-de «Oýlap tapyşlar hakyndaky» Türkmenistan Kanunlary arkaly goralýar.

IV Bölüm YLMY WE TEHNIKANY ÖSDÜRMEGIŇ GURAMAÇYLYK FORMALARY

21-nji madda. Ylmy-barlag guramasy we ylmy işgärleriň statusy

«Ylmy-barlag guramasy» diýen kategoriýa özüniň esasy wezipesi ylmy barlaglary ýerine ýetirmekden ybarat bolan guramalar girýär.

Türkmenistanda eýeçiligiň islendik formasyna degişli bolan hem-de öz işini Türkmenistanyň kanunlary esasynda alyp barýan ylmy-barlag guramalaryň işlemäge haky bardyr.

Ylmy işgäre /ylmy barlagça, işläp taýýarlaýja/, ylmy bileleşige ylmyň ideologiýa ýugrulmazlygy kepillendirilýär, olar öz ylmy barlaglarynyň ugruny erkin saýlap bilýärler hem-de işlenip taýýarlanan ylmy teklipleriň durmuşa geçirilmeginiň getirýän sosial, ykdysady, ekologik netijeleri üçin jogapkärçilik çekýärler.

Ylmy-barlag guramalarynyň we olaryň işgärleriniň işi, hukuklary hem borçlary «Ylmy gurama hakyndaky», «Ylmy işgäriň statusy hakyndaky» Türkmenistan kanunlary bilen kesgitlenýär.

22-nji madda. Döwlet ylmy-tehniki syýasaty düzmäge we ony ýöretmäge jemgyýetçilik ylmy-tehniki guramalaryň gatnaşmagy

Döwlet jemgyýetçilik ylmy-tehniki guramalaryň döredilmegini hemme çäreler bilen höweslendirýär, olaryň döwlet ylmy-tehniki syýasaty düzmäge we ony ýöretmäge gatnaşmagy üçin şert döredýär.

Döwlet dolandyryş organlary ylym we tehnika babatynda karar kabul edilende hem-de olaryň ýerine ýetirilişine kontrollyk edilende jemgyýetçilik ylmy-tehniki guramalaryň tekliplerine garamaga, şeýle hem şol guramalaryň wekillerini ekspertiza geçirmek işine çekmäge borçludyrlar.

Döwlet dolandyryş organlary jemgyýetçilik ylmy-tehniki guramalar bilen arkalaşykly hereket edip, ylmy-tehniki proýektleri ekspertiza edýärler hem-de ylmyň we tehnikanyň gazanan iň täze üstünliklerini ulanýan önümçilikleriň we obýektleriň howpsuzlygy, ekologik taýdan arassalygy, ykdysady we sosial taýdan ähmiýetlidigi barada ilaty öňünden habarly edýärler.

23-nji madda. Ylmy barlaglary habarlar-maglumatlar bilen üpjün etmek

Hökümet Türkmenistanda we beýleki döwletlerde alnyp barylýan ylmy-tehniki işiň netijeleri hakynda habarlar-maglumatlar toplamak, degişli ylmy-tehniki edebiýaty, şol sanda hem daşary ýurt edebiýatyny satyn almak arkaly döwletiň habarlar-maglumatlar resurslaryny döretmek üçin zerur şertleri üpjün edýär, umumy fondlardan, ylmy, pantent we tehniki maglumatlardan peýdalanmak üçin şert döredýär.

Habarlaryň-maglumatlaryň gizlinligi her bir halatda yörite akt bilen kesgitlenýär – eger habarlara -maglumatlara garalmagy netijesinde bellenen tertipde olary döwlet howpsuzlygynyň bähbitleri üçin gizlin saklamagyň zerurlygy subut edilen bolsa şeýdilýär.

Döwlet Türkmenistanyň kanunlary, döwletara ylalaşyklary we şertnamalary esasynda intellektual /akyl-ruhy/ we senagat eýeçiligi we awtorlyk hukuklaryny goraýar. Döwlet dowam edip gelýän habar-maglumat strukturalary esasynda ylmy-tehniki habarlary-maglumatlary alyşmagyň döwletara sistemasynyň döredilmegine, habarlaryň-maglumatlaryň halkara möçberinde alşylmagyna gatnaşýar.

24-nji madda. Ylymy işgärleriň we ylmy guramalaryň halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyna gatnaşmagy

Döwlet ylmy işgärleriň we ylmy guramalaryň halkara ylmy bileleşigi bilen erkin gatnaşyk saklamagyna ýardam edýär.

Ylmy işgärler halkara ylmy-tehniki programmalara gatnaşyp, beýleki döwletleriň guramalarynda we firmalarynda kontraktlar esasynda işläp bilerler.

25-nji madda. Ylmy-tehniki syýasat barasyndaky halkara şertnamalary

Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda görkezilen kadalardan başga hili kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti S.Nyýazow

Aşgabat şäheri. 1992-nji ýyl, 19-njy fewral. № 662 -HP.