Enjamlaryň hukuk taýdan goralyşy

Algoritmleriň, elektron hasaplaýjy maşynlar (EHM) üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiýasynyň hukuk taýdan goralyşy hakynda

I bölüm. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Esasy düşünjeler

1. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler:

algoritm – berlen meseläni çözmek üçin edilýän amallaryň ýeke-täk yzygiderliliginiň netijeli beýany;

EHM üçin programma – munuň özi elektron hasaplaýjy maşynlaryň /EHM-leriň / we beýleki kompýuter enjamlaryň belli bir netijäni almak maksady bilen işlemegi üçin niýetlenilen maglumatlaryň we tabşyryklaryň bilelikdäki jeminiň obýektiw görnüşidir /formasydyr/. EHM üçin programma diýlende, programma işlenip düzülýän wagtda alnan taýýarlyk materiallaryna we onuň emele getirýän audiowizual şöhlelenmelerine hem düşünilýär;

maglumat bazalary – munuň özi düşünjeleriň we maglumatlaryň jemini guramagyň /mysal üçin, makalalaryň, hasaplamalaryň/ EHM-niň kömegi bilen maglumatlary tapyp we gaýtadan işläp bolar ýaly edip sistemalaşdyrylan obýektiw görnüşidir /formasydyr/;

EHM üçin programmalaryň ýa-da maglumat bazalarynyň adaptasiýasy /uýgunlaşmagy/ – munuň özi peýdalanyjynyň anyk tehniki serişdelerinde ýa-da onuň anyk maksadyna laýyklykda EHM üçin programmalaryň we maglumat bazalarynyň işläp bilmegini üpjün etmek niýeti bilen olara girizilýän üýtgetmelerdir;

EHM üçin programmalaryň ýa-da maglumat bazalarynyň modifikasiýasy /gaýtadan işlenilmegi/ – munuň özi olaryň adaptasiýasy hasaplanylmaýan islendik üýtgetmelerdir;

EHM üçin programmany dekomplirlemek – munuň özi EHM üçin programmanyň düzümini öwrenmek we olary kodlaşdyrmak maksady bilen başlangyç tekstdäki obýekt koduna üýgetme girizmekden ybarat bolan tehniki usuldyr;

EHM üçin programmany we maglumat bazalaryny gaýtadan öndürmek – munuň özi EHM üçin programmalaryň ýa-da maglumat bazalarynyň bir ýa-da köp ekzemplýaryny islendik material görnüşinde taýýarlamakdyr, şeýle hem olary EHM-niň ýadyna ýazmakdyr;

EHM üçin programmanyň ýa-da maglumat bazalarynyň ýaýradylmagy /köpeldilmegi/ – munuň özi EHM üçin programmalaryň ýa-da maglumat bazalaryny islendik material görnüşinde gaýtadan öndürip peýdalanmaga rugsat bermekdir, şol sanda sete birleşdirmek we beýleki usullar bilen, seýle hem satmak, prokata, kireýine, karzyna bermek, importy-da goşmak bilen gaýtadan öndürmäge rugsat bermekdir;

EHM üçin programmany ýa-da maglumat bazalaryny köpçülige ýetirmek /çap etmek/ – munuň özi EHM üçin programmany ýa-da maglumat bazalarynyň ekzemplýaryny awtoryň razylygy bilen adamlaryň näbelli toparyna /şol sanda EHM-niň ýadyna ýazmak we teksti çap etmek arkaly/ bermekdir.

EHM üçin programmany ýa-da maglumat bazalaryny peýdalanmak – munuň özi olary çap etmek, nusgasyny almak, ýaýratmak / köpeltmek/ we hojalyk dolanyşygyna şol sanda modifisirlenen görnüşde/ girizmek üçin amala aşyryljak beýleki hereketlerdir;

kommersiýa maksatlary üçin peýdalanmak – munuň özi satmak, kireýine bermek ýa-da kommersiýa taýdan ýaýratmagyň beýleki usullarydyr, şeýle hem bu hereketleri amala aşyrmak baradaky teklipdir. Mundan beýläk şu Kanunyň tekstinde peýdalanmak diýlip, eger başgaça şertleşilmedik bolsa, hut şu kommersiýa maksatlary üçin peýdalanylmagyna düşünilýär;

integral mikroshema – munuň özi gutarnykly ýa-da aralyk görnüşdäki mikroelektron önümdir, ol elektron shemalaryň wezipelerini ýerine ýetirmek üçin niýetlenendir we elementler hem-de olaryň arabaglanyşygy önüm öndürmek üçin niýetlenen materialyň göwrüminde ýa-da üstünde üznüksiz ýerleşdirilendir;

integral-mikroshemalaryň topologiýasy /mundan beýläk – topologiýa/ – munuň özi integral mikroshemalaryň ähli elementleriniň ýörite materiallarda giňişlik-geometrik ýerleşişiniň we olaryň arasyndaky baglanyşlaryň jemidir.

2. Şu Kanunda hak-hukuk eýesi diýlip, awtora, onuň mirasdüşerine, şeýle hem kanunalaýyklykda ýa-da şertnama boýunça aýratyn emläk hukugyna eýe bolan islendik fiziki we ýuridiki tarapa düşünilýär.

2-nji madda. Kanun taýdan düzgünleşdirilýän gatnaşyklar

1. Şu Kanun bilen algoritmleri, EHM üçin programmalary, maglumat bazarlaryny we integral mikroshemalaryň topologiýasyny döretmek, hukuk taýdan goramak we peýdalanmak bilen baglanyşykly gatnaşyklar düzgünleşdirilýär.

2. Algoritmler, EHM üçin programmalar we integral mikroshemalaryň topologiýasy şu Kanun esasynda awtorlyk hukugynyň obýektlerine degişli edilýär.

Algoritmlere, EHM üçin programmalara we integral mikroshemalaryň topologiýasyna ylmy işler hökmünde maglumat bazalaryna bolsa – ylmy ýygyndylar hökmünde hukuk taýdan gorag üpjün edilýär.

3-nji madda. Hukuk taýdan goralýan obýektler

1. Çap edilen we çap edilmedik obýektiw formada berlen islendik algoritmlere, EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna hem-de integral mikroshemalaryň topologiýasyna, olaryň material taýdan esasynyň, maksadynyň we mynasybetiniň nähilidigine garamazdan, awtorlyk hukugy degişlidir.

2. Awtorlyk hukugy awtoryň döredijilik işiniň netijesi bolup durýan algoritmlere, EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna we integral mikroshemalaryň topologiýasyna degişlidir. Awtoryň işiniň döredijilik häsiýeti, ol tä nädogrudygy subut edilýänçä, dogry hasap edilýär.

3. Şu Kanun esasynda ygtyýar edilýän hukuk taýdan gorag EHM üçin programmalaryň ähli görnüşlerine /şol sanda operasion sistemalara we programmalaýyn komplekslere hem/ degişli edilýär, olar başlangyç teksti hem-de obýekt koduny goşmak bilen programmirlemegiň islendik dilinde we dürli görnüşlerinde bolup biler.

4. Şu Kanun esasynda kepillendirilýän hukuk goragy maglumatlary seçip almak we jemlemek boýunça döredijilikli zähmetiň netijelerini özünde jemleýän maglumat bazalaryna hem degişli edilýär. Maglumat bazalary olaryň esaslanýan maglumatlarynyň ýa-da olara goşulýan maglumatlaryň awtorlyk hukugynyň obýektleridigine ýa-da däldigine garamazdan, hukuk taýdan goralýar.

5. Şu Kanun esasynda ygtyýar edilýän hukuk goragy algoritmleriň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň ýa-da olaryň haýsydyr bir elementleriniň esasynda ýatýan ideýalara we prinsiplere, şol sanda interfeýsi guramagyň, şeýle hem programmirlemegiň dilleriniň ideýalaryna hem-de prinsiplerine degişlidir.

6. Integral mikroshemalary işläp düzüjilere we taýýarlaýjylara topologiýanyň döredilen senesine onuň elementleriniň jemi belli bolan bolsa, onda ol şu Kanun esasynda hukuk taýdan goraga degişli däldir.

7. Algoritmlere, EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna we integral mikroshemalaryň topologiýasyna bolan awtorlyk hukugy olaryň material bazasyna eýeçilik hukugy bilen baglanyşykly däldir. Material bazasyna degişli bolan hukugyň üýtgemegi algoritmlere, EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna we integral mikroshemalaryň topologiýasyna bolan hukugy hiç bir jähetden üýtgetmeýär.

4-nji madda. Awtorlyk hukugynyň ykrar edilmeginiň şertleri. Algoritmlere, EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna, integral mikroshemalaryň topologiýasyna awtorlyk hukugy

1. Algoritmlere, EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna we integral mikroshemalaryň topologiýasyna awtorlyk hukugy olaryň döredilmegi bilen emele gelýär.

EHM üçin programmalara awtorlyk hukugyny ykrar etmek we amala aşyrmak üçin deponirlemek /saklamaga bermek/, registrirlemek /bellemek/ ýa-da beýleki formallyklar ýaly çäreleri amala aşyrmak talap edilmeýär.

Awtorlyk hukugynyň obýekti bolup durmaýan materiallardan ybarat bolan maglumat bazalaryna awtorlyk hukugy şol maglumat bazalaryny döreden adama degişlidir.

Maglumat bazalaryna awtorlyk hukugy şol maglumat bazalaryna girizilen işleriň her birine awtorlyk hukugynyň berjaý edilen şertlerinde ykrar edilýär.

Maglumat bazalaryna girýän işleriň her birine awtorlyk hukugy saklanyp galýar. Şol işler bu maglumat bazalaryndan özbaşdak hem peýdalanylyp bilner.

Maglumat bazalaryna bolan awtorlyk hukugy bu maglumat bazalaryna girizilen işleri we materiallary özbaşdak saýlap almak hem-de guramak işlerini amala aşyrmakda beýleki adamlara päsgel bermeýär.

2. Hak-hukuk eýesi özüniň hukuklaryny habar bermekde EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň ýa-da integral mikroshemalaryň topologiýasynyň çap edilen ilkinji goýberilişinden başlap, awtorlyk hukugyň şu aşakdaky üç elementden durýan gorag nyşanyny peýdalanyp biler:

gurşalyp alnan ýa-da tegelek ýaýlaryň içindäki Ç harpyny;

hak-hukuk eýesiniň adyny;

EHM üçin programmanyň ýa-da maglumat bazalarynyň birinji goýberilişiniň çap edilen ýylyny.

5-nji madda. Awtorlyk hukugynyň hereket möhleti

I. Awtorlyk hukugy algoritmleriň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiýasynyň döredilen pursatyndan başlap, awtoryň ömrüniň bütin dowamynda we şondan soň hem onuň aradan çykan ýylyndan soňky ýylyň 1-nji ýanwaryndan hasaplanylanda 50 ýylyň dowamynda hereket edýär.

2. Bilelikde döredilen algoritmlere, EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna we integral mikroshemalaryň topologiýasyna awtorlyk hukugynyň hereketiniň gutarýan möhleti awtorlaryň iň soňkusynyň aradan çykan gününden hasaplanylýar.

3. Awtoryň ady görkezilmän /anonim/, ýagny golsuz ýa-da lakam bilen çykarylan algoritmlere, EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna we integral mikroshemalaryň topologiýasyna awtorlyk hukugy olaryň goýberilen /çap edilen/ pursatyndan başlap, 50 ýylyň dowamynda hereket edýär. Eger anonim ýa-da lakam bilen goýberilen algoritmiň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiýasynyň awtory görkezilen möhletiň dowamynda öz şahsyýetini ýa-da özüniň lakamyny aýan edäýse, ýa-da awtor tarapyndan kabul edilen lakam onuň şahsyýeti babatda şubhe döretmese, onda şu maddanyň 1-nji punktynda göz öňünde tutulan gorag möhleti ulanylýar.

4. Algoritmiň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiýasynyň awtorynyň şahsy hukugy möhletsiz goralýar.

6-njy madda. Şu Kanunyň hereket edýän çäkleri /sferasy/

Türkmenistanyň territoriýasynda ilkinji gezek çap edilen ýa-da çap edilmese-de, onuň çäklerinde haýsydyr bir obýektiw görnüşde bar bolan algoritmlere, EHM uçin programmalara, maglumat bazalaryna we integral mikroshemalaryň topologiýasyna awtorlyk hukugy Türkmenistanyň territoriýasynda hereket edýär.

Awtor, onuň mirasdary ýa-da hukuk taýdan beýleki mirasdüşeri grażdanlyk ýagdaýlarynyň nähilidigine garamazdan, awtorlyk hukugyna eýedirler.

Daşary ýurtlaryň territoriýalarynda neşir edilen ýa-da haýsydyr bir obýektiw görnüşde barbolan algoritmlere, EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna we integral mikroshemalaryň topologiýasyna Türkmenistanyň grażdanlarynyň ýa-da olaryň hukukly mirasdüşerleriniň awtorlyk hukugy ykrar edilýär.

Daşary ýurtlaryň territoriýasynda ilkinji gezek neşir edilen ýa-da haýsydyr bir obýektiw görnüşde bar bolan algoritmlere, EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna we integral mikroshemalaryň topologiýasyna şol ýurtlaryň grażdanlarynyň awtorlyk hukugy Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda ykrar edilýär.

 

II bölüm. AÝRATYN AWTORLYK HUKUKLARY

7-nji madda. Awtorlyk

1. Algoritmleriň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiýasynyň awtory diýlip, özüniň döredijilikli işiniň netijesinde olary döreden fiziki tarap ykrar edilýär.

Eger algoritmler, EHM üçin programmalar, maglumat bazalary we integral mikroshemalaryň topologiýasy iki ýa-da şondan hem köp fiziki taraplaryň bilelikdäki döredijilikli işiniň netijesinde döredilen bolsa, özem şol algoritm, EHM üçin programma, maglumat bazalary we integral mikroshemalaryň topologiýasy her biri özbaşdak ähmiýete eýe bolan bölümlerden ybaratdygyna ýa-da bölünmez baglanyşykdadygyna garamazdan, şol taraplaryň her biri şeýle algoritmiň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiýasynyň awtory hökmünde ykrar edilýär.

2. Eger algoritmiň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiýasynyň bölümleri aýratynlykda özbaşdak ähmiýete eýe bolan ýagdaýynda awtorlaryň her biriniň özüniň döreden bölümine awtorlyk hukugy bardyr.

8-nji madda. Şahsy hukuk

Algoritmiň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiýasynyň awtoryna, onuň emläk hukugynyň nähilidigine garamazdan, şu aşakdaky şahsy hukuklar degişlidir:

awtorlyk hukugy – ýagny algoritmiň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiýasyna awtorlyk hukugy;

at goýmak hukugy – ýagny algoritme, EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna we integral mikroshemalaryň topologiýasyna awtoryň adyny şertli /lakam/ ýa-da anonim ýagdaýda at goýmak hukugy;

eldegrilmesizlik /bütewiliginde galdyrmak/ hukugy – ýagny algoritmiň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiýasynyň hut özüni, şeýle hem olaryň adyny her hili ýoýulmalardan ýa-da beýleki kast etmelerden, awtoryň at-abraýyna we mertebesine mümkin bolan zyýan ýetirilmelerden goramak hukugy.

9-njy madda. Emläk hukugy

I. EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň awtoryna ýa-da olara hak-hukukly beýleki eýelik edijilere şu aşakdaky hereketleri amala aşyrmaga ýa-da amala aşyrmaga ygtyýar etmäge aýratyn hukuk degişlidir:

EHM üçin programmalary ýa-da maglumat bazalaryny çap etmäge;

EHM üçin programmalary ýa-da maglumat bazalaryny /tutuşlygyna ýa-da bölekleýin/ islendik görnüşde, islendik usul bilen gaýtadan işläp çykarmaga;

EHM üçin programmalary ýa-da maglumat bazalaryny ýaýratmaga /köpeltmäge/;

EHM üçin programmalary ýa-da maglumat bazalaryny modifikasiýa etmäge, şol sanda EHM üçin programmalary ýa-da maglumat bazalaryny bir dilden beýleki bir dile geçirmäge;

EHM üçin programmalary ýa-da maglumat bazalaryny başga hili peýdalanmaga.

2. Integral mikroshemalaryň topologiýasynyň awtoryna ýa-da oňa hak-hukukly beýleki eýelik edijilere / mirasdüşerlere/ şol topologiýany öz islegine görä, hususan-da, şonuň ýaly topologiýa bilen integral mikroshemalary taýýarlamaga we ýaýratmaga /köpeltmäge/, şu topologiýany şu Kanunda göz öňünde tutulan halatlardan beýleki ýagdaýlarda, başga adamlara birugsat peýdalanmagy gadagan edýän hukugy-da öz içine alýan aýratyn hukuk degişlidir.

Topologiýa birnäçe awtorlaryna ýa-da oňa hak-hukuly beýleki eýelik edijilere /mirasdüşerlere/ degişli bolan hukugy peýdalanmagyň tertibi olaryň arasyndaky şertnamalar bilen kesgitlenilýär.

Awtoryň ýa-da topologiýa hak-hukukly beýleki eýelik edijiniň rugsat bermedik ýagdaýynda amala aşyrylyp bilinjek şu aşakdaky hereketler topologiýany peýdalanmagyň aýratyn hukuklarynyň bozulmagy diýlip ykrar edilýär:

topologiýanyň tutuş ýa-da bölekleriniň, ýagny asyl nusga bolup durmaýan integral mikroshema goşmak ýa-da başga hili ýollar bilen kopiýasynyň /nusgasynyň/ alynmagy;

topologiýanyň ýa-da şu topologiýa bilen integral mikroshemalaryň ulanylmagy, getirilmegi, satuwa çykarylmagy, satylmagy we hojalyk dolanyşygyna başga hili ýollar bilen girizilmegi.

10-njy madda. Emläk hukugynyň berilmegi

Algoritmlere, EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna we integral mikroshemalaryň topologiýasyna bolan emläk hukugy başga bir fiziki ýa-da ýuridik taraplara bütewiligine ýa-da bölekleýin görnüşde şertnama esasynda berlip bilner.

Şertnama ýazmaça görnüşde baglaşylýar we onda şu aşakdaky möhüm şertler bellenilmelidir:

algoritmleri, EHM üçin programmalary, maglumat bazalaryny we integral mikroshemalaryň topologiýasyny peýdalanmagyň möçberi we usullary;

tölegleriň möçberi we olary tölemegiň tertibi;

şertnamanyň hereket edýän möhleti.

2. Algoritmlere, EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna we integral mikroshemalaryň topologiýasyna emläk hukugy miras boýunça kanunda bellenilen tertipde geçýär.

11-nji madda. Gulluk borçlary ýerine ýetirilýän wagtynda we buýrujy /zakazçy/ bilen baglaşylan şertnama esasynda döredilen algoritmlere, EHM üçin programmalara, maglumat bazalary we integral mikroshemalaryň topologiýasyna emläk hukugy

1. Gulluk borçlary ýerine ýetirilýän wagtynda ýa-da iş tabşyrýan adamyň görkezmesi boýunça döredilen algoritmler, EHM üçin programmalar, maglumat bazalary we integral mikroshemalaryň topologiýasy, eger onuň bilen awtoryň arasynda baglaşylan şertnamada başga hili şert göz öňünde tutulmadyk bolsa, emläk hukugy iş tabşyran adama degişlidir.

2. Galam hakynyň möçberleri we ony tölemegiň tertibi awtoryň hem-de iş tabşyrýan adamyň arasynda baglaşylan şertnamada kesgitlenilýär.

3. Awtoryň buýrujy /zakazçy/ bilen baglaşan sertnamasy esasynda döreden algoritmlerine, EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna we integral mikroshemalaryň topologiýasyna emläk hukugy, eger buýrujy iş tabşyrýan adam bolmasa, şertnamada hem başga hili şert göz öňünde tutulmadyk bolsa, ol buýruja degişli bolýar.

12-nji madda. Registrasiýa edilmäge hukuk

1. Algoritmler, EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna we integral mikroshemalaryň topologiýasyna hak-hukuk eýesiniň islegi boýunça hut özi ýa-da özüniň wekiliniň üsti bilen awtorlyk hukugynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda algoritmleri, EHM üçin programmalary, maglumat bazalaryny we integral mikroshemalaryň topologiýasyny Türkmenpatente arza bermek arkaly registrasiýa edip biler.

2. Algoritmleri, EHM üçin programmalary, maglumat bazalaryny we integral mikroshemalaryň topologiýasyny resmi taýdan registrasiýa etdirmek üçin berilýän arza /mundan beýläk – registrasiýa üçin arza/ diňe bir sany algoritme, EHM üçin ýekeje programma, bir sany maglumat bazasyna ýa-da bir sany topologiýa degişli bolmalydyr.

Registrasiýa üçin berilýän arzalary taýýarlamagyň düzgünini Türkmenpatent kesgitleýär.

3. Registrasiýa üçin gelip gowşan arzalardaky möhüm dokumentleriň ýerbe-ýerdigini Türkmenpatent barlaýar we talaba laýyklykda algoritmi, EHM üçin programmany, maglumat bazalaryny we integral mikroshemalaryň topologiýasyny ekspertizadan geçirýär.

Barlag gowy netije berse, Türkmenpatent algoritmi, EHM üçin programmany, maglumat bazalaryny we integral mikroshemalaryň topologiýasyny algoritmler we programmalar fonduna /APF/ girizýär. Olaryň resmi taýdan registrasiýa edilendigi barada arza beren adama sahadatnama gowşurýar we algoritmleriň, EHM üçin programmalaryň hem-de integral mikroshemalaryň registrasiýa edilendigi hakyndaky maglumaty Türkmenpatentiň resmi býulleteninde çap edýär.

Arza beren adam maglumat resmi býulletende çap edilýänçä Türkmenpatentiň talap etmegi boýunça ýa-da öz islegi bilen zaýawkasyndaky materiallaryň üstüni ýetirmäge, olary takyklamaga we düzetmäge haklydyr.

4. Resmi registrasiýanyň tertibi, resmi registrasiýa baradaky şahadatnamanyň görnüşi /formasy/, olarda görkezilýän maglumatlaryň düzümi /sostawy/ Türkmenpatent tarapyndan kesgitlenilýär. Resmi býulletende çap edilýän maglumatlaryň sanawyny hem Türkmenpatent kesgitlenilýär.

5. Registrasiýa edilen algoritmlere, EHM üçin programmalara maglumat bazalaryna we integral mikroshemalaryň topologiýasyna ähli emläk hukuklarynyň başga birine doly berilýändigi hakyndaky şertnama Türkmenpatentde registrasiýa edilmelidir.

Emläk hukuklarynyň algoritmlere, EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna we integral mikroshemalaryň topologiýasyna berilýändigi hakyndaky şertnamalar taraplaryň razylygy boýunça bölümde registrasiýa edilip bilner.

6. EHM üçin programmalaryň reestrine /ýazgysyna/, maglumat bazalarynyň reestrine ýa-da integral mikroshemalaryň topologiýasynyň reestrine girizilen maglumatlar, nädogrudygy subut edilýänçä, ygtybarly hasap edilýar.

Görkezilen maglumatlaryň ygtybarlydygy üçin jogapkärçiligi arza beren adamyň özi çekýär.

7. Algoritmleriň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiýasynyň şertnamalaryň hem-de çap edilen maglumatlaryň resmi registrasiýa bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işler üçin registrasion tölegler tutulyp alynýar.

Registrasion tölegleriň möçberi, olary üzlüşmegiň möhleti, şeýle hem olary töleglerden boşatmagyň ýa-da olaryň möçberini azaltmagyň şertleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

 

III bölüm. ALGORITMLERIŇ, EHM ÜÇIN PROGRAMMALARYŇ, MAGLUMAT BAZALARYNYŇ WE INTEGRAL MIKROSHEMALARYŇ TOPOLOGIÝASYNYŇ PEÝDALANYLYŞY

13-nji madda. Algoritmleriň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiýasynyň hak-hukuk eýeleri bilen baglaşylan sertnamalar esasynda peýdalanylyşy

1. Algoritmleriň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiýasynyň peýdalanyjy tarapyndan ulanylmagy şu Kanunda görkezilen ýagdaýlardan başga halatlarda onuň hak-hukuk eýesi bilen baglaşylan şertnama esasynda amala aşyrylýar.

2. Algoritmleriň, EHM üçin programmalary, maglumat bazalaryny we integral mikroshemalaryň topologiýasyny peýdalanmak baradaky şertnamalar ýazmaça görnüşde baglaşylýar.

3. Algoritmleriň, EHM üçin programmalar, maglumat bazalary we integral mikroshemalaryň topologiýasy satylan we köpçülikleýin peýdalanmaga hödürlenilen wagtynda şertnamalary ýeňilleşdirilen görnüşde ulanmaga rugsat berilýär, mysal üçin, algoritmleriň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiýasynyň nusgalaryna /ekzemplýaryna/ baglaşylan şertnamanyň bir tipdäki şertleri ýazmak arkaly beýan edilýär.

14-nji madda. EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň erkin gaýtadan öndürilmegi we adaptasiýasy /uýgunlaşmagy/

1. EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna eýelik etmäge hukukly adam olaryň hak-hukuk eýesinden goşmaça ygtyýar almazdan, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň niýetlenen ugry boýunça işledilmegi bilen baglanyşykly islendik hereketleri amala aşyrmaga haklydyr. Şol sanda ol ýazga geçirmäge we şol ýazgyny EHM-niň ýadynda saklap galdyrmaga, şonuň bilen birlikde mese-mälim görnüp duran ýalňyşlary düzetmäge-de ygtyýarlydyr. Ýazgy geçirmek we ony EHM-niň ýadynda saklap galmak eger onuň hak-hukuk eýesi bilen baglaşylan şertnamada başga hili ýagdaý göz öňünde tutulmadyk bolsa, diňe bir EHM babatda ýa-da sete birikdirip, peýdalanyjynyň diňe birine ygtyýar edilýär.

2. EHM üçin programmalara, maglumat bazalarynyň nusgalaryna /ekzemplýarlaryna/ eýelik etmäge hukukly adam olaryň hak-hukuk eýesi bilen ylalaşmazdan we oňa goşmaça tölegleri tölemezden, şu aşakdakylara ygtyýarlydyr:

EHM üçin programmalary, maglumat bazalaryny adaptasiýalaşdyrmaga /uýgunlaşdyrmaga/;

EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň nusgalaryny /kopiýalaryny/ başga adama bermezlik şerti bilen, taýýarlamaga ýa-da taýýarlamagy tabşyrmaga we EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň asyl nusgalarynyň ýiten, ýok edilen ýa-da peýdalanmak üçin ýaramsyz bolup galan halatynda olaryň kanuny ýagdaýda alnan nusgasyny çalşyrmak üçin niýetlenen ekzemplýaryny taýýarlamaga; EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň nusgalary /kopiýalary/ başga maksatlar üçin peýdalanylyp bilinmez, şol EHM üçin programmalar, maglumat bazalary eger kanuny hukuklaryny ýitiren bolsa, olar ýok edilmelidir.

3. EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň nusgalaryna /ekzemplýarlaryna/ eýelik etmäge hukukly adam olaryň hak-hukuk eýesiniň razylygyny almazdan we goşmaça hak tölemezden, EHM üçin programmany dekompilirlemäge ýa-da dekompilýasiýa etmegi başga birine tabşyrmaga hakly däldir.

 

IV bölüm. HUKUGY GORAMAK

15-nji madda. Awtorlyk hukugynyň bozulmagy. Algoritmleriň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiýasynyň kontrafakt nusgalary /ekzemplýarlary/

1. Şu Kanunyň hak-hukuk eýesinin aýratyn hukuklary babatdaky talaplaryny berjaý etmeýän, şol sanda algoritmleriň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiýasynyň hak-hukuk eýesiniň rugsady alynmazdan taýýarlanylan nusgalaryny /ekzemplýarlaryny/ Türkmenistana getiren fiziki we ýuridiki taraplar awtorlyk hukugyny bozujylar hasaplanylýar.

2. Algoritmleriň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mokroshemalaryň topologiýasynyň taýýarlanylan ýa-da peýdalanylan nusgalary / ekzemplýarlary/ awtorlyk hukugynyň bozulmalaryna getirýän bolsa, onda olar kontrafakt diýlip ykrar edilýär.

3. Türkmenistanda şu Kanuna laýyklykda goralýan algoritmleriň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiýasynyň beýleki döwletlerden Türkmenistana getirilen nusgalary /ekzemplýarlary/ bu algoritmler, EHM üçin programmalar, maglumat bazalary we integral mikroshemalaryň topologiýasy ozal Kanun tarapyndan şol döwletlerde hiç wagt goralmadyk hem bolsa ýa-da goralmasy bes edilen hem bolsa, kontrafakt hasap edilýär.

16-njy madda. Algoritmlere, EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna we integral mikroshemalaryň topologiýasyna berlen hukugyň goragy

1. Algoritmlere, EHM üçin programmalara, maglumat bazalaryna we integral mikroshemalaryň topologiýasynyň awtory we beýleki hak-hukuk eýesi şu aşakdakylary talap etmäge haklydyrlar;

hukugyň ykrar edilmegini;

hukugyň bozulmagyna çenli dowam eden düzgüniň dikeldilmegini we hukugy bozýan ýa-da onuň bozulmagy üçin howp döredýän hereketiň bes edilmegini;

ýetirilen zyýanyň hukugy bozujylar tarapyndan bikanun alnan girdejileri hem goşmak bilen töledilmegini.

2. Hak-hukuk eýeleri öz hukuklaryny goramak üçin suda ýüz tutup bilerler. Hukuk bozujylar tarapyndan gaýtarylmaly tölegleriň mukdary sud tarapyndan kesgitlenilýär.

17-nji madda. Algoritmleriň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiýasynyň kontrafakt nusgalarynyň /ekzemplýarlarynyň/ gadagan edilmegi

Algoritmleriň, EHM üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiýasynyň awtorlarynyň we beýleki hak-hukuk eýeleriniň hukuklaryny bozmak bilen taýýarlanylan, gaýtadan öňdürilen, satylýan, getirilen ýa-da başga hili ýol bilen peýdalanylan, ýa-da peýdalanmak üçin niýetlenilen ekzemplýarlary kanun tarapyndan bellenilen tertipde gadagan edilip bilner.

18-nji madda. Jogapkärçiligiň başga görnüşleri

Başga biriniň algoritmlerini, EHM üçin programmalaryny, maglumat bazalaryny we integral mikroshemalaryň topologiýasyny öz ady bilen çap eden ýa-da bikanun gaýtadan öndüren hem-de şeýle işleri ýaýradan /köpelden/ adan kanuna laýyklykda jenaýat jogapkärçiligine çekilýär.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat säheri, 1994-nji ýylyň 23-nji sentýabry, № 964 – HP.