Türkmenistanyň Patent Kanuny

I bölüm. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Patent Kanuny bilen düzgünleşdirilýän gatnaşyklar

Şu Kanun oýlap tapyşlaryň, senagat nusgalarynyň, haryt nyşanlarynyň we hyzmat ediş nyşanlarynyň /mundan beýläk «senagat eýeçiliginiň obýektleri» diýlip alynýar/ hukuk taýdan goralmagy hem-de olaryň peýdalanylmagy netijesinde ýüze çykýan emläk gatnaşyklaryny we şonuň bilen baglanyşykly emläk däl şahsy gatnaşyklary, şeýle hem rasionalizatorlyk teklibiniň awtorynyň hukuklarynyň ykrar edilmegi bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

2-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky patent wedomstwosy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky patent wedomstwosy /mundan beýläk «Türkmenpatent» diýlip alynýar/ şu Kanuna laýyklykda senagat eýeçiliginiň ebýektleri baradaky zaýawkalary seretmek üçin kabul edýär, şol zaýawkalar boýunça ekspertiza geçirýär, patent /wagtlaýyn patent/, şahadatnama berýär, gorag dokumentleri hakyndaky maglumatlary resmi suratda çap edýär, şol wedomstwo hakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanýan Düzgünnama laýyklykda beýleki wezipeleri ýerine ýetirýär.

3-nji madda. Senagat eýeçiliginiň obýektleri, rasionalizatorlyk teklipler we olaryň hukuk taýdan goralyşy

• Şu Kanuna laýyklykda senagat eýeçiliginiň obýektlerine oýlap tapyşlar, senagat nusgalary, haryt nyşanlary we hyzmat ediş nyşanlary degişlidir, ýagny eger olar barada zaýawka berlip, Türkmenpatent tarapyndan berlen patentler, wagtlaýyn patentler /oýlap tapyşlar we senagat nusgalary üçin/ hem-de şahadatnamalar görnüşinde Türkmenistanda hukuk taýdan goralmak hukugyna eýe bolan bolsalar degişlidir. Rasionalizatorlyk teklipler olary rasionalizatorlyk teklip diýip ykrar eden kärhanada, edarada ýa-da guramada / mundan beýläk «kärhana» diýlip alynýar/ rasionalizatorlyk teklip üçin berilýän şahadatnama görnüşinde hukuk taýdan goralýar.

• Senagat eýeçiliginiň obýektlerine, şeýle hem rasionalizatorlyk tekliplere bolan hukuk kanun arkaly goralýar.

Fiziki ýa-da ýuridiki taraplar Türkmenistanda oýlap tapyşlaryň, senagat nusgalarynyň we haryt nyşanlarynyň hem-de hyzmat ediş nyşanlarynyň hukuk taýdan goralmak hukugyna eýedirler.

• Döwlet tarapyndan gizlin syr diýlip ykrar edilen senagat eýeçiliginiň obýektleri şu Kanuna laýyklykda hukuk taýdan goralmaýar. Gizlin syrly oýlap tapyşlar, senagat nusgalary bilen iş salyşmagyň tertibi ýörite kanunlar arkaly düzgünleşdirilýär.

• Daşary ýurtlaryň fiziki ýa-da ýuridiki taraplary şu Kanunda hem-de senagat eýeçiliginiň obýektlerini goramak baradaky Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk aktlarynda göz öňünde tutulan hukuklardan Türkmenistanyň halkara şertnamalary esasynda Türkmeniatanyň fiziki we ýuridiki taraplary bilen deň derejede peýdalanýarlar

• Eger Türkmenistanyň baglaşan halkara şertnamasynda şu Kanundakydan başga hili kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

II bölüm. PATENTLIK UKYBLYLYGYň ŞERTLERI

4-nji madda. Oýlap tapyşyň patentlik ukyby

1. Öňde goýlan wezipe tehniki taýdan çözülen bolsa we ol hem-de peýdaly zat bolup, oýlap tapyşlyk derejesine eýe bolan bolsa, şonda ol oýlap tapyşlyk hasap edilýär.

Eger oýlap tapyş ylmyň we tehnikanyň gazanan derejesiniň bir bölegi bolup durmaýan bolsa, onda ol täze oýlap tapyş hasaplanýar.

Ylmyň we tehnikanyň derejesi bolsa Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlarda oýlap tapyşyň birinjilik ýagdaýynda bolup durýan gününe çenli elýeterli bolan maglumatlaryň ähli çeşmeleri boýunça kesgitlenýär.

Eger oýlap tapyşlyk peýdalanylanda ol ylmyň we tehnikanyň belli derejesine garaňda jemgyýete täze, has ýokary netijeler berip bilýän bolsa, onda ol peýdaly oýlap tapyş hasaplanýar.

Eger oýlap tapyş spesialist üçin ylmyň we tehnikanyň şu günki derejesinden görnetin gelip çykmaýan bolsa, onda ol oýlap tapyjylyk derejesine eýe bolýar.

2. Oýlap tapyşyň obýektleri aşakdakylardyr:

• tilsimli enjam /desga/;

• usul;

• madda;

• mikroorganizmiň ştampy;

• ösümlikleriň we haýwanlaryň öýjükleriniň kulturasy /mikroorganizmleri/;

• ozaldan mälim bolan tilsimli enjamy; usuly, maddany, ştampy täze ugur boýunça ulanmak;

3. Şu aşakdakylar oýlap tapyş hasap edilmeýär:

• ylmy teoriýalar

• matematiki metodlar;

• hojalygy guramagyň we dolandyrmagyň usullary;

• şertli aňlatmalar, raspisaniýeler, kadalar;

• akyl hereketlerini /operasiýalaryny/ ýerine ýetirmegiň usullary;

• hasaplaýjy maşynlar üçin algoritmler we programmalar;

• integral mikroshemalaryň topologiýasy;

• desgalary, jaýlary, territoriýalary planlaşdyrmagyň taslamalary hem shemalary;

• ösümlikleriň sortlary we haýwanlaryň tohumlary;

• önümleriň diňe daşky görnüşine degişli bolan we estetiki islegleri kanagatlandyrmak üçin niýetlenen teklipler;

• jemgyýetçilik bähbitlerine, adamkärçilik we ahlak prinsiplerine ters gelýän çözgütler.

4. Eger zaýawka beriji /awtor/ ýa-da onuň özünden göni ýa sowa ýol bilen habar alan her bir adam oýlap tapyşa degişli maglumaty aç-açan aýan eden bolsa, onda şol oýlap tapyşyň /eger oýlap tapyş baradaky zaýawka aýan edilen gününden beýläk on iki aýdan gijä galynman berlen bolsa / patentlik ukubyna täsir edýän ýagdaý diýlip hasap edilmeýär. Şunda bu fakty subut etmek borjy zaýawka berijiniň üstüne ýüklenilýär.

5-nji madda. Senagat nusgasynyň patentlik ukybynyň şertleri

I. Senagat nusgalaryna önümiň öz daşky görnüşini kesgitleýän çeperçilik-konstruktorçylyk çözgütler degişlidir.

Senagat nusgasy täze, üýtgeşik özboluşly we senagat taýdan ulanarly bolsa, ol hukuk taýdan goralmak hukugyna eýe bolýar.

Eger önümiň estetiki we /ýa-da/ ergonomiki aýratynlyklaryny /zähmet sypatlaryny/ kesgitleýän düýpli alamatlarynyň tutuş jemi senagat nusgasynyň birinjilik ýagdaýyndaky gününe çenli dünýäde elýeterli bolup galan maglumatlardan mälim bolmasa, şol senagat nusgasy täze nusga hasap edilýär.

Senagat nusgasynyň täzeligini kesgitlemek üçin onuň Türkmenistanda beýleki adamlar tarapyndan aýnybir senagat nusgalygy üçin ozal berlen hemem yzyna gaýtarylmadyk zaýawkalary, şeýle hem Türkmenistanda patentlenen senagat nusgalary nazara alynýar.

Eger senagat nusgasynyň düýpli alamatlary önümiň estetiki aýratynlyklarynyň döredijilikli häsiýetde bolmagyna getirýän bolsa, onda senagat nusgasy üýtgeşik özboluşly nusga hasaplanýar.

Eger degişli önümi taýýarlamak arkaly senagat nusgasyny köp gezek gaýtalap çykaryp durmak boljak bolsa, onda ol senagat taýdan ulanarlykly nusga hasaplanýar.

2. Şu aşakdaky çözgütler patentlik ukyby ýok senagat nusgalary diýlip hasap edilýär:

• önümiň diňe tehniki wezipesi /funksiýasy/ bilen şertlendirilen çözgütler;

• arhitektura obýektleri /kiçi arhitektura formalaryndan başgalary/, senagat, gidrotehniki desgalary we beýleki stasionar desgalar baradaky çözgütler;

• adaty çap önümleri baradaky çözgütler;

• suwuk, gaz şekilli, külke ýa-da şolara meňzeş maddalardan ybarat durnukly formasy bolmadyk obýektler baradaky çözgütler;

• jemgyýetçilik bähbitlerine, adamkärçilik we ahlak prinsiplerine ters gelýan çözgütler.

3. Eger zaýawka beriji /awtor/ ýa-da onuň özünden göni ýa sowa ýol bilen habar alan her bir adam senagat nusgasyna degişli maglumaty aç-açan aýan eden bolsa, onda şol senagat nusgasynyň /eger senagat nusgasy baradaky zaýawka aýan edilen gününden beýläk alty aýdan gijä galynman berlen bolsa/ patentlik ukyby täsir edýän ýagdaý diýlip hasap edilmeýär. Şunda bu şahty subut etmek borjy zaýawka berijiniň üstüne ýüklenilýär.

6-nji madda. Haryt nyşanlarynyň we hyzmat ediş nyşanlarynyň goranmak ukyplylygynyň şertleri

1. Haryt nyşany we hyzmat ediş nyşany /mundan beýläk «haryt nyşany» diýlip alynýar/

• munuň özi haýsydyr bir ýuridiki taraplaryň ýa-da grażdanlaryň harytlarynyň hem-de hyzmatlarynyň beýleki ýuridiki taraplaryň ýa-da grażdanlaryň birkysymdan harytlaryndan hem-de hyzmatlaryndan /mundan beýläk «harytlar» diýip alynýar/ degişli suratda tapawutlanmagyna ýardam edýän aňlatmalardyr.

2. Türkmenistanda haryt nyşanyny hukuk taýdan goramak ygtyýary onuň şu Kanunda bellenen tertipde ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna görä döwlet belliginden /registrasiýasyndan/ geçirilmegi esasynda berilýär.

Haryt nyşany ýuridik tarapyň adyna, şeýle hem telekeçilik işini alyp barýan grażdanyň adyna bellige alnyp /registrirlenip/ bilner/

3. Haryt nyşanlary hökmünde söz düzüm aňlatmalary, şekillendiriş, göwrüm aňlatmalary we başga aňlatmalar hem-de olaryň utgaşdyrylmalary /kombinasiýalary/ bellige alnyp /registrirlenip/ bilner.

Haryt nyşany islendik reňkde ýa-da gatyşyk reňkde bellige alnyp /registrirlenilip/ bilner.

4. Şu aşakdaky aňlatmalardan ybarat bolan haryt nyşanlary bellige alynmaga goýberilmeýär:

• tapawutlanma alamatlary bolmadyk aňlatmalar;

• döwlet gerbleriniň, baýdaklarynyň we emblemalarynyň, döwletleriň resmi atlarynyň, halkara, hökümetara guramalaryny emblemalarynyň we gysgaldylan ýa-da doly görkezilen atlarynyň; resmi kontrollyk, kepillendirme we kesgitleme /gymmat bahaly daşlaryň probasyny kesgitleýän/ tagmalaryň, möhürleriň, sylaglaryň we beýleki tapawutlandyryş belgileriniň şekilini berýän aňlanmalar. Şeýle aňlatmalar haryt nyşanyna goralmaýan elementler hökmünde girizilip bilner –eger muňa degişli ygtyýarly organ ýa-da şolaryň eýesi razy bolsa.

• harytlaryň belli bir görnüşini aňlatmak üçin ählumumy ulanyşyga giren aňlatmalar;

• umumy kabul edilen simwollar we adalgalar /terminler / bolup durýan aňlatmalar;

• harytlaryň görnüşini, hilini, mukdaryny, sypatyny, näme üçin niýetlenendigini, gymmatlylygyny, şeýle hem olaryň öndürilen ýa-da satuwa çykarylan ýerini we wagtyny görkezýän aňlatmalar;

• olar ýalan bolsalar, ýa-da alyjyny haryt barada ýa ony taýýarlaýjy barada ýalňyş pikire iterip bilýän bolsalar;

• özüniň mazmuny boýunça jemgyýetçilik bähbitlerine, adamkärçilik we ahlak prinsiplerine ters gelýän bolsalar.

5. Şu aşakdakylar bilen:

• Türkmenistanda birkysymly harytlar başga bir adamyň adyna ozal bellige alnan /registrirlenen/ ýa-da bellige aldyrtmak üçin hödürlenen /zaýawka berlen/ haryt nyşanlary bilen;

• beýleki adamlaryň Türkmenistanda halkara ylalaşyklary esasynda goralýan haryt nyşanlary bilen;

• birkysymly harytlar barasynda haryt nyşany üçin zaýawka gowuşmazdan ozal şol atlar babatda hukuk alan beýleki adamlara degişli bolan firma atlary /ýa-da olaryň bir bölegi/ bilen;

• Türkmenistanda goralýan harytlaryň gelip çykan ýeriniň atlary /eger olar şol ady peýdalanmak hukugy berlen adamyň adyna bellige alnan haryt nyşanyna goralmaýan element hökmünde girizilen bolsa, onda muňa girmeýär/ aýnybir bolan ýa-da gatyşyp gitme derejesine çenli meňzeş bolan aňlatmalar haryt nyşanlary hökmünde bellige alnyp /registrirlenip/ bilinmez.

6. Şu aşakdakylaryň şekilini berýän aňlatmalar haryt nyşanlary hökmünde bellige alynmaýar /registrirlenmeýär/:

• senagat nusgalary – eger bulara bolan hukuk Türkmenistanda beýleki adamlara degişli bolsa;

• Türkmenistanda atlary belli bolan ylym, edebiýat we sungat eserleri ýa-da şolardan alnan sitatalar, sungat eserleri ýa-da parçalar /fragmentler/ –awtorlyk hukugynyň eýesi ýa-da degişli ygtyýarly organyň razylygy bolmasa;

• belli adamlaryň familiýasy, ady tahullasy we şolardan gelip çykýan her hili lakamlary, portretleri hem faksimelesi – şol adamlaryň, olaryň mirasdarlarynyň ýa-da degişli ygtyýarly organyň razylygy bolmasa.

7-nji madda. Rasionalizatorlyk teklipleriň goraglylyk ukyplylygynyň şertleri

I.Kärhana hödürlenen teklip şol kärhana üçin täzelik we peýdaly bolsa hem-de ol önümleriň konstruksiýasynyň, önümçiligiň tehnologiýasynyň hem-de ulanylyp gelinýän tehnikanyň ýa-da materialyň düzüminiň döredilmegini ýa-da üýtgedilmegini göz öňünde tutýan bolsa, şeýle teklip rasionalizatorlyk teklip diýlip ykrar edilýär.

Eger şol kärhanada bar bolan maglumat çeşmelerine görä şol teklip ýa-da berlen teklip bilen aýnybir teklip iş ýüzünde ulanmak üçin ýeterlik derejede mälim bolmadyk bolsa, onda rasionalizatorlyk teklip şony alan kärhana üçin täzelik bolup durýar. Awtoryň inisiatiwasy boýunça şol teklibiň zaýawka berilmezden ozal üç aýdan köp bolmadyk möhletiň dowamynda ulanylmagy rasionalizatorlyk teklibiň täzeligine täsir edýän ýagdaý diýlip hasap edilmeýär.

Eger rasionalizatorlyk teklibiň ulanylmagy şol kärhananyň ykdysady netijäni ýokarlandyrmagyna ýa-da başga hili oňaýly netije gazanmagyna mümkinçilik berýän bolsa, şol teklip kärhana üçin peýdaly teklip hasaplanylýar.

2. Önümiň ygtybarlylygyny hem-de onuň hiliniň beýleki görkezijilerini peseldýän ýa-da zähmet şertlerini, işiň hilini ýaramazlaşdyrýan, şeýle hem töwerekdäki tebigy sredanyň hapalanmagyna getiren ýa-da hapalanmagyny artdyrýan teklipler rasionalizatorlyk teklipler diýlip ykrar edilmeýär.

III bölüm. GORAG DOKUMENTLERINIŇ AWTORLARY WE OLARA EÝELIK EDÝÄNLER

8-nji madda. Oýlap tapyşyň /senagat nusgasynyň, rasionalizatorlyk teklibiň/ awtory

Özüniň döredijilikli zähmeti bilen oýlap tapyşy /senagat nusgasyny, rasionalizatorlyk teklibi/ döreden fiziki tarap şolaryň awtory hasaplanýar. Eger oýlap tapyşlyk /senagat nusgasyny, rasionalizatorlyk teklip/ fiziki taraplaryň birnäçesiniň belelikdäki döredijilikli zähmeti bilen döredilen bolsa olaryň hemmesem şärik awtor hasaplanýar. Şärik awtor bolup döredilen oýlap tapyş /senagat nusgasy, rasionalizatorlyk teklip/ baradaky hukuklardan peýdalanmagyň tertibi olaryň özara ylalaşmagy esasynda kesgitlenilýär.

Oýlap tapyşy /senagat nusgasyny, rasionalizatorlyk teklibi/ döretmäge özüniň şahsy döredijilik goşandyny goşmak, awtora diňe tehniki, guramaçylyk ýa-da maddy kömegi beren, ýa-da oýlap tapyş baradaky hukugy resmileşdirmäge we ony peýdalanmaga ýardam eden fiziki taraplar awtor hasap edilmeýär.

Oýlap tapyşyň /senagat nusgasynyň, rasionalizatorlyk teklibiň/ awtoryna awtorlyk hukugy degişlidir, şol hukuk bolsa elgatylmaýan şahsy hukuk hasaplanýar.

Oýlap tapyş /senagat nusgasy, rasionalizatorlyk teklip/ bardaky awtorlygy goramagyň möhleti ýokdur.

9-njy madda. Oýlap tapyş, senagat nusgasy baradaky patente /wagtlaýyn patente/ eýelik ediji

Oýlap tapyş ýa-da senagat nusgasy baradaky patente /wagtlaýyn patente/ eýelik edýänler aşakdakylardyr;

• awtor, /şärik awtor/;

• awtoryň /särik awtoryň/ mirasdary /mirasdarlary/;

• Türkmenistanyň oýlap tapyşlar fondy – eger awtor /şärik awtorlar/ patenti peýdalanmak baradaky aýratyn hukugy berýän bolsa;

• iş beriji – eger oýlap tapyşyň ýa-da senagat nusgasynyň awtory bilen iş berijiniň arasynda awtoryň /şärik awtoryň/ patent /wagtlaýyn patent/ baradaky hukugy iş berijä geçýänligi-berýänligi hakynda şertnama baglaşylan bolsalar. Şeýle halatda awtoryň /şärik awtorlaryň/ oýlap tapyşy ýa-da senagat nusgasyny öz önümçiliginde peýdalanmaga haky bardyr. Eger awtor /şärik awtorlar/ bilen iş berijiniň arasynda ýokarda agzalan şertnama baglaşylmadyk bolsa ýa-da iş beriji awtoryň /şärik awtorlaryň/ öz oýlap tapan zady ýa-da döreden senagat nusgasy hakynda ol ýazmaça mälim edenden soň üç aýyň dowamynda patent /wagtlaýyn patent/ berilmegi barada zaýawka bermedik bolsa, onda patent /wagtlaýyn patent/ almak hukugy awtorda galýar. Iş berijiniň şol oýlap tapylan zady ýa-da senagat nusgasyny lisensiýa şertnamasyndan gelip çykýan şertlerde ulanmaga haky bardyr;

• gaýry fiziki ýa-da ýuridiki tarap – eger patenti /wagtlaýyn patenti/ almak baradaky hukugy awtor /şärik awtorlar/ obýekt Türkmenistanyň Döwlet reestrine geçirilmänkä şertnama boýunça şoňa beren bolsa.

10-njy madda. Haryt nyşany baradaky şahadatnama eýelik ediji

Telekeçilik işini alyp barýan fiziki ýa-da ýuridiki tarap, şeýle hem hasiýetli alamatlary umumy bolan harytlary öndürmek we hyzmat etmek bilen meşgullanýan kärhanalaryň birleşigi haryt nyşany baradaky şahadatnama eýelik ediji bolup bilerler.

11-nji madda . Türkmenistanyň oýlap tapyşlar fondy

Türkmenistanyň oýlap tapyşlar fondy fiziki we ýuridiki taraplaryň önümçilikde hem-de ylmy-tehniki teklipleri durmusa geçirmekde hem-de patent-lisensiýa işinde şertnama esasynda hem, döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna hem senagat eýeçiliginiň obýektlerini hukuk taýdan goramak baradaky bähbitlerini aramakda olara ýardam edýär.

Türkmenistanyň oýlap tapyşlar fondy oýlap tapyşlary, senagat nusgalaryny durmuşa geçirmek üçin olary seçip alýar hem-de olar üçin şertnama esasynda patent eýesi bolmak hukugyny alyp berýär, haýsydyr bir obýekti döretmek üçin edilen harajatlaryň awtora /şärikli awtorlara/ birwagtlaýyn öwezini töleýär, obýekt durmuşa geçirilende bolsa alynmaly peýdanyň azyndan ýigrimi prosenti möçberinde /oýlap tapyşlar we senagat nusgalary üçin ozalky tölenilen pul hasap edilmeýär/ töleýär.

Türkmenistanyň oýlap tapyşlar fondy öz işini Türkmenpatent tarapyndan tassyklanýan Ustawa laýyklykda amala aşyrýar.

IV bölüm. GORAG DOKUMENTLERI HEM-DE SENAGAT EÝEÇILIGINE DEGIŞLI OBÝEKTLER WE RASIONALIZATORLYK TEKLIPLERI PEÝDALANMAK BARADAKY AÝRATYN HUKUK

12-nji madda. Oýlap tapyşyň, senagat nusgasynyň hukuk taýdan goralmagy

I.Oýlap tapyş, senagat nusgasy baradaky hukuk patent arkaly ýa-da wagtlaýyn patent arkaly tassyklanýar.

Wagtlaýyn patent deslapky ekspertiza geçirilenden soň, patent bolsa zaýawka düýp manysy boýunça ekspertizadan geçirilenden soň berilýär.

Wagtlaýyn patent hem-de patent oýlap tapyşyň, senagat nusgasynyň birinjiligini, awtorlygy hem-de şolary peýdalanmak baradaky aýratyn hukugy tassyklaýar.

2.Oýlap tapyş, senagat nusgasy baradaky wagtlaýyn patentiň güýji Türkmenpatente zaýawkanyň gowşan gününden hasap edeniňde bäş ýyllap ýöreýär.

Oýlap tapyş baradaky patentiň güýji zaýawkanyň Tukmenpatente gowşan gününden beýläk ýigrimi ýyldan köp bolmadyk wagta, senagat nusgasy baradaky patentiň güýji bolsa on ýyldan köp bolmadyk wagta ýöreýär.

13-nji madda. Oýlap tapyşy, senagat nusgasyny peýdalanmak baradaky aýratyn hukuk

1. Patent edinen adama patent /wagtlaýyn patent/ arkaly goralýan oýlap tapyşy ýa-da senagat nusgasyny öz isleýşine görä peýdalanmak baradaky aýratyn hukuk berilýär – eger onuň şolara şeýle peýdalanmagy patent edinen beýleki adamlaryň peýdalanmagyny gadagan etmek hukugyny bozmaýan bolsa /ýöne şu Kanuna laýyklykda oýlap tapyşy ýa-da senagat nusgasyny şeýle peýdalanmagyň patent edinenleriň hukugynyň bozulmagy hasap edilmeýän halatlary muňa girmeýär/.

Senagat önümçiliginiň obýekti baradaky patent/ wagtlaýyn patent/ birnäçe adama degişli bolan mahalynda, şol obýekti peýdalanmak baradaky özara gatnaşyklar olaryň biri-biri bilen ylalaşmagy esasynda kesgitlenilýar. Şeýle ylalaşyk bolmadyk mahalynda bolsa olaryň her biri öz isleýşine görä şol goralýan obýekti peýdalanyp biler, ýöne onuň beýleki patent eýeleri bilen ylalaşman, şol obýekti üçin lisensiýa bermäge ýa-da patenti /wagtlaýyn patenti/ başga bir adama geçmäge-bermäge haky ýokdur.

Patent eýesi senagat eýeçiliginiň ulanylýan obýektiniň 3 patentlenendigini görkezýän duýduryjy belgi goýup biler.

2. Eger önüm taýýarlananda oýlap tapyşyň alamaty, ýagny formulanyň garaşsyz punktuna girizilen her alamat ýa-da şonuň ekwiwalenti bolan alamat ulanylan bolsa, onda şol önüm patentlenen oýlap tapyşlygyň ulanylmagy esasynda taýýarlanan diýlip, oýlap tapyş baradaky patent /wagtlaýyn patent / arkaly goralýan usul bolsa ulanylan diýlip ykrar edilýär.

Eger önümde senagat nusgasynyň düýpli alamatlary berlen bolsa, onda şol önüm patentlenen senagat nusgasynyň ulanylmagy esasynda taýýarlanylan diýlip ykrar edilýär.

3. Düzüminde patentlenen oýlap tapyş senagat nusgasy bolan önümiň ygtyýarsyz taýýarlanylmagy, ulanylmagy, getirilmegi satmak üçin hödürlenmegi, satylmagy, hojalyk dolanyşygyna başga hili girizilmegi ýa-da şol maksat üçin saklanylmagy, şeýle hem oýlap tapyş baradaky patent /wagtlaýyn patent/ arkaly goralýan usulyň ulanylmagy, ýa-da gös-göni oýlap tapyş baradaky patent /wagtlaýyn patent/ arkaly goralýan usul bilen taýýarlanan önümiň hojalyk dolanyşygyna girizilmegi, ýa şol maksat üçin saklanylmagy patente eýelik edijileriň aýratyn hukugynyň bozulmagy hasaplanylýar. Şunda täze önüm patentlenen usul bilen alnan önüm hasap edilýär –eger muňa garşy subutnama bolmasa.

4. Eger patente eýelik edýän adam oýlap tapylan obýekti ýa-da senagat nusgasyny wagtlaýyn patentiň berilmegi hakyndaky maglumatyň çap edilen gününden beýläk bäş ýylyň dowamynda ulanmasa ýa-da ýeterlik derejede ulanmasa, onda şol senagat eýeçiligiň goralýan obýektini ulanmak isleýän we ulanmaga taýyn bolan adam, /eger patente eýelik edýän adam lisensiýa şertnamasyny baglaşmak islemeýän bolsa/ özüne mejbury lisenziýanyň berilmegini sorap, Türkmenpatentiň Appellýasion komissiýasyna ýüz tutup biler. Eger patente eýelik ediji senagat eýeçiliginiň obýektiniň ulanylmazlygynyň ýa-da ýeterlik derejede ulanylmazlygynyň ýerlikli sebäbiniň bardygyny subut edip bilmese, Apellýasion komissiýa ýokarda agzalan lisenziýany näçe derejede ulanylmalydygyny, tölegleriň möçberini, möhletlerini we olaryň tölemegiň tertibini kesgitlemek bilen berýär. Lisensiýa tölegleriniň möçberi lisensiýalaryň bazar nyrhyndan pes bellenilmeli däldir.

5. Eger patente eýelik edýän adam oýlap tapyşy, senagat nusgasyny patente eýelik edýän beýleki adamyň hukugyny bozmazdan ulanyp bilmeýän bolsa, onda onuň şol adamdan lisensiýa şertnamasyny baglaşmagy talap etmäge haky bardyr.

6. Petente eýelik edýän adamyň alnan patenti /wagtlaýyn patenti/ islendik fiziki ýa-da ýuridiki tarapa geçip-berip biler. Patenti /wagtlaýyn patenti/ birine geçmek hakyndaky şertnama Türkmenpatentde bellige alynmalydyr /registrirlenmelidir/. Bellige alynmadyk şertnama güýçsüz hasap edilýär.

7. Oýlap tapyş, senagat nusgasy baradaky patent /wagtlaýyn patent/ hem-de ony almak hukugy miras boýunça geçýär.

14-nji madda. Patent eýesiniň aýratyn hukugynyň bozulmagy diýlip hasap edilmeýän hereketler

Aşakdaky halatlarda patent eýesiniň aýratyn hukugy bozulan diýlip hasap edilmeýär:

• wagtlaýyn patentler ýa-da patentler arkaly goralan senagat eýeçiliginiň obýektleri düzüminde bolan serişdeleriň beýleki ýurtlaryň transport serişdeleriniň /deňiz, derýa, howa, ýer we kosmos transport serişdeleri ulanylanda peýdalanylmagy eger şol serişdeler Türkmenistanyň territoriýasynda wagtlaýyn ýa-da tötänleýin ýören bolsa we transport serişdeleriniň hajatlary üçin peýdalanylýan bolsa. Eger transport serişdeleri Türkmenistanyň transport serişdelerinin eýelerine edil şunuň ýaly hukuk berýän ýurtlaryň fiziki ýa-da ýuridiki taraplaryna degişli bolsa, onda ýokarda agzalan hereketler patent eýesiniň aýratyn hukuklarynyň bozulmagy hasap edilmeýär.

• düzüminde senagat eýeçiliginiň obýekti bolan serişde barasynda ylmy barlaglar ýa-da eksperiment geçirilýän bolsa;

• şeýle serişdeler adatdan daşary ýagdaýlarda /tebigy betbagtçylyklar, heläkçilikler, uly awariýalar bolanda/ ulanylyp, soňra patent eýesine degişli öwez puly tölenende;

• wraçyň reseptleri boýunça dermanhanalarda dermanlaryň birgezekleýin taýýarlanylmagy.

15-nji madda. Öňürdip peýdalanmak hukugy

Her bir fiziki ýa-da ýuridiki taraplar, patent /wagtlaýyn patent/ arkaly goralýan oýlap tapyşyň ýa-da senagat nusgasynyň birinjilik ýagdaýynda bolan senesinden ozal şonuň awtory bilen hiç bir baglanyşyksyz aýnybir oýlap tapyşyň ýa-da senagat nusgasynyň çözgüdini döredip, ony Türkmenistanyň çäginde peýdalanan bolsalar ýa-da peýdalanmak üçin zerur taýýarlyk işini eden bolsalar, olar şol oýlap tapyşy ýa-da senagat nusgasyny şondan beýläk hem mugt /ýöne senagat nusgasynyň möçberini artdyrmazdan/ peýdalanmak hukugyny özlerinde saklaýarlar.

Öňürdip peýdalanmak hukugy kim ony amala aşyran bolsa şoňa, beýleki fiziki ýa-da ýuridiki tarapa diňe önümçilik bilen, ýagny peýdalanmaga ýa-da peýdalanmak üçin zerur taýýarlyk işini etmäge öň mümkinçilik beren önümçilik bilen bile berlip bilner.

16-njy madda. Haryt nyşanynyň hukuk taýdan goralmagy

Haryt nyşanyna bolan hukuk şahadatnama bilen tassyklanýar, onuň güýji bolsa haryt nyşanynyň Türkmenistanyň Döwlet reestrinde bellige alnan /registrirlenen/ gününden on ýyldan artyk bolmadyk möhlete çenli ýöreýär.

Haryt nyşany baradaky şahadatnama haryt nyşanynyň bellige alnandygyny, onuň birinji bolup durýanlygyny, şahadatnamanyň eýesine şonda görkezilen harytlary markalamak üçin haryt nyşanyny ulanmagy barada berilýän aýratyn hukugyny tassyklaýar hem-de onda haryt nyşanynyň şekili görkezilýär.

Haryt nyşany baradaky şahadatnamanyň ýöreýän güýjüniň möhleti onuň eýesiniň haýyş etmegine görä, her gezek indiki on ýyla uzadylyp bilner, ýagny eger şeýle haýyşnama soňky on ýyllyk möhletiň dowamynda ýa-da /goşmaça paç tölemek şerti bilen/ öňki möhlet tamamlanandan soň alty aýdan gijä galynman Türkmenpatente berlen bolsa.

17-nji madda. Haryt nyşanyny ulanmak baradaky aýratyn hukuk

Haryt nyşany baradaky şahadatnamanyň eýesine şol haryt nyşanyny ulanmak we oňa erk etmek barada aýratyn hukuk, şeýle hem beýleki adamlaryň şol haryt nyşanyny ulanmagyny gadagan etmek hukugy berilýär.

Türkmenistanda goralýan haryt nyşanyny haryt nyşany baradaky şahadatnamanyň eýesinden ygtyýarsyz ulanmaga hiç kimiň haky ýokdur.

Haryt nyşanynyň reklamalarda, çap neşirlerinde wyweskalarda, Türkmenistanda geçirilýän sergilerdir ýarmarkalarda görkezilende we ş.m.-lerde ulanmak, şeýle hem Türkmenistanda goralýan haryt nyşanynyň belgisi edilen harydyň getirilmegi, satmak üçin hödürlenmegi, satylmagy hem-de harydyň dolanyşyga başga hili girizilmegi ýaly hereketleriň ygtyýarsyz amala aşyrylmagy haryt nyşany baradaky şahadatnamanyň eýesiniň hukugynyň bozulmagy hasaplanýar.

18-nji madda. Rasionalizatorlyk teklibiň hukuk taýdan goralyşy

Rasionalizatorlyk teklibiň awtoryna şaýatnama berilýär, bu şaýatnama berlen teklibiň rasionalizatorlyk teklibi diýlip ykrar edilendigini tassyklaýar.

Awtoryň rasionalizatorlyk teklip baradaky şaýatnamasyna esaslanan hukuklary şol şaýatnamany beren kärhananyň çäginde ýöreýär. Eger şaýatnamany ministrlik ýa-da wedomstwonyň tabynlygyndaky kärhanalarda ýöreýär.

Awtoryň şaýatnama esaslanan hukuklary şol şaýatnamany beren kärhanadan şertnama esasynda rasionalizatorlyk teklibi alan kärhana hem degişli bolýar.

19-njy madda. Senagat eýeçiliginiň obýektlerini daşary ýurtlarda patentlemek

I.Türkmenistanyň fiziki we ýuridiki taraplarynyň oýlap tapyşy, senagat nusgasyny daşary ýurtlarda patentlemäge haky bardyr.

Oýlap tapyş, senagat nusgasy barada daşary ýurtlara zaýawka bermezden ozal, zaýawka beriji şol oýlap tapyş, senagat nusgasy baradaky zaýawkany Türkmenpatente bermäge hem-de özüniň şol oýlap tapyşyň senagat nusgasyny daşary ýurtda patentlemek hyýalynyň bardygyny habar etmäge borçludyr. Şeýle habaryň gelip gowşan gününden beýläk üç aýyň içinde gadagan diýen habar alynmasa oýlap tapyş, senagat nusgasy barada daşary ýurtlara zaýawka berlip bilner.

Türkmenpatent zerur bolan mahalynda, oýlap tapyşy, senagat nusgasyny daşary ýurtda patentlemäge şolar barada Türkmenistanda zaýawka berilmezden ozal hem ygtyýar berip biler.

2.Türkmenistanyň ýuridiki we fiziki taraplary haryt nyşanyny daşary ýurtda bellige aldyrtmaga /registrirletmäge/ ýa-da ony halkara belligine aldyrtmaga /registrasiýasyndan geçirmäge/ haklydyrlar.

Haryt nyşanyny halkara belligine aldyrtmak üçin zaýawka Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalaryna laýyklykda berilýär.

3. Senagat eýeçiliginiň ýokarda agzalan obýektlerini daşary ýurtlarda patentlemek bilen baglanyşykly harajatlary zaýawka beriji çekýär ýa-da onuň bilen ylalaşyp, gaýry fiziki ýa-da ýuridiki tarap çekýär.

V bölüm. SENAGAT EÝEÇILIGINIŇ OBÝEKTLERI WE RASIONALIZATORLYK TEKLIPLER BARADAKY GORAG DOKUMENTLERINI ALMAK

20-nji madda. Gorag dokumentleriniň berilmegi barada zaýawka bermek

I.Oýlap tapyşlar, senagat nysgasy barada Türkmenistanyň patentiniň /wagtlaýyn patentiniň/, senagat nyşany baradaky şahadatnamanyň berilmegi üçin zaýawka Türkmenpatente berilýär.

Rasionalizatorlyk teklip baradaky zaýawka şol teklip haýsy kärhanada synag ediler öýdülýän bolsa, şol kärhana berilýär.

Senagat eýeçiliginiň obýektleri üçin zaýawkanyň dokumentleri baradaky talaplar Türkmenpatent tarapyndan, rasionalizatorlyk teklipler barada bolsa – kärhananyň administrasiýasy tarapyndan bellenýär.

2. Oýlap tapyş ýa-da senagat nusgasy baradaky patentiň /wagtlaýyn patentiň/ berilmegi üçin zaýawka bermäge aşakdakylaryň haky bardyr:

• oýlap tapyşyň ýa-da senagat nusgasynyň awtorynyň;

• awtoryň kanuny mirasdarynyň ýa-da awtordan ýa onuň mirasdaryndan şertnama esasynda zaýawka bermek hukugyny alan başga fiziki ýa-da ýuridiki tarapyň;

• awtora iş berijiniň – şu Kanunyň 9-njy maddasynyň 5-nji böleginde görkezilen şertlerde.

Haryt nyşanynyň bellige alynmagy /registrirlenmegi/ baradaky zaýawka harydy öndürýän ýa-da hyzmat edýän fiziki ýa-da ýuridiki tarapa berilýär.

3.Oýlap tapyş patent /wagtlaýyn patenti/ berilmegi baradaky zaýawka bir oýlap tapyşa ýa-da biri-biri bilen şeýle bir baglanyşykly bolup, ýeke-täk oýlap tapyjylyk mazmunyny /oýlap tapyşyň birbitewilik talabyny/ emele getirýän bir topar oýlap tapyşa degişli bolmalydyr.

4.Senagat nusgasy üçin patent /wagtlaýyn patent/ berilmegi baradaky zaýawka bir sany senagat nusgasyna degişli bolmalydyr hem-de ol şol nusganyň wariantlaryny /senagat nusgasynyň birbitewilik talabyny/ öz içine alyp biler.

5. Haryt nyşany baradaky şahadatnamanyň berilmegi baradaky zaýawka diňe bir sany haryt nyşanyna degişli bolmalydyr.

6. Rasionalizatorlyk teklip baradaky arza bir çözgüde degişli bolmalydyr.

7. Zaýawka ynanylan patent wekiliniň üsti bilen berlip bilner. Türkmenpatent ynanylan patent wekilleri bellige alýar, olaryň wezipelerini kesgitleýär.

21-nji madda. Oýlap tapyş baradaky patentiň /wagtlaýyn patentiň/ berilmegi barasyndaky zaýawkanyň mazmuny

Oýlap tapyş baradaky patentiň /wagtlaýyn patentiň/ berilmegi barasyndaky zaýawkada /mundan beýläk «oýlap tapyş baradaky zaýawka» diýlip alynýar/ aşakdakylar görkezilmelidir:

• patentiň /wagtlaýyn patentiň/ berilmegi hakyndaky arza, şunda oýlap tapyşyň awtory /şärik awtorlary/ we patent /wagtlaýyn patent/ kimiň adyna soralýan bolsa, şol adam /adamlar/, şeýle hem olaryň ýaşaýan ýeri ýa-da bolýan ýeri görkezilmelidir;

• oýlap tapyşyň amala aşyrylmagy üçin onuň doly hem ýeterlik derejede manysyny açyp görkezýän beýany;

• oýlap tapyşyň düýp mazmunyny aňladýan hem-de onuň beýanyna doly esaslanýan formulasy;

• çyzgylar we gaýry materiallar –eger olar oýlap tapyşyň düýp mazmunyna düşünmek üçin gerek bolsa;

• referat.

Zaýawkanyň ýanyna tölenmeli pajyň bellenen möçberde tölenilendigini tassyklaýan ýa-da paç tölemekden boşatmak üçin, şeýle hem pajyň möçberini azaltmak üçin esas bolup durýan dokument goşulýar.

22-nji madda. Senagat nusgasy baradaky patentiň /wagtlaýyn patentiň/ berilmegi barasyndaky zaýawkanyň mazmuny

Senagat nusgasy baradaky patentiň /wagtlaýyn patentiň/ berilmegi barasyndaky zaýawkada /mundan beýläk, «senagat nusgasy baradaky zaýawka» diýlip alynýar/ aşakdakylar görkezilmelidir:

• patentiň /wagtlaýyn patentiň/ berilmegi hakyndaky arza, şunda senagat nusgasynyň awtory /awtorlary/ hem-de patent /wagtlaýyn patent/ kimiň adyna soralýan bolsa, şol adam /adamlar/, şeýle hem olaryň ýaşaýan ýeri ýa-da bolýan ýeri görkezilmelidir;

• önümiň şekilini berýän fotosuratlaryň komplekti, önümiň daşky görnüşi barada jikme-jik doly düşünje berýän maket ýa-da surat;

• önümiň umumy görnüşiniň çyzgysy, ergonomiki shema, konfeksion karta – eger olar senagat nusgasynyň düýp mazmunyny açyp görkezmek üçin zerur bolsa;

• senagat nusgasynyň özüniň düýpli alamatlarynyň sanawyny öz içine alýan beýany.

Senagat nusgasy baradaky zaýawkanyň ýanyna tölenmeli pajyň bellenen möçberde tölenilendigini tassyklaýan ýa-da paç tölemekden boşamak üçin, şeýle hem pajyň möçberini azaltmak üçin esas bolup durýan dokument goşulýar.

23-nji madda. Haryt nyşany baradaky şahadatnamanyň berilmegi barasyndaky zaýawkanyň mazmuny

Haryt nyşany baradaky şahadatnamanyň berilmegi barasyndaky zaýawkada /mundan beýläk «haryt nyşany baradaky zaýawka» diýlip alynýar/ aşakdakylar görkezilmelidir:

• haryt nyşany hökmündäki aňlatmanyň bellige alynmagy /registrirlenmegi/ hakynda arza, şunda arza beriji, şeýle hem onuň bolýan ýeri ýa-da ýaşaýan ýeri görkezilýär.

• zaýawka bilen soraşylýan aňlatma we onuň beýany:

• nyşanlary bellige almak /registrirlemek/ üçin harytlaryň we hyzmatlaryň halkara klassifikasiýasynyň klaslary boýunça toparlara bölünen harytlaryň we hyzmatlaryň /haryt nyşany bellige alynmagy soraşylýan harytlaryň we hyzmatlaryň/ sanawy.

Haryt nysany baradaky zaýawkanyň ýanyna aşakdakylar goşulmalydyr:

• tölenmeli pajyň bellenen möçberde tölenilendigini ýa-da paç tölemekden boşadylandygyny ýa-da onuň möçberini azaltmak üçin esasyň bardygyny tassyklaýan dokument.

• kollektiwleýin nyşanyň ustany – eger zaýawka kollektiwleýin nyşan üçin berilýän bolsa.

24-nji madda. Rasionalizatorlyk teklip barada arza bermek

Hödürlenýän teklibi rasionalizatorlyk teklip diýip ykrar etmek üçin, awtor ýazmaça arza ýazyp, onda edilýän teklibiň düýp manysynyň beýany berilýär, zerur diýlip bilnende bolsa arzanyň ýanyna çyzgylar, shemalar ýa-da awtoryň /şärik awtorlaryň/ gol çeken eskizleri goşulýar.

Rasionalizatorlyk teklip baradaky arza şol teklip haýsy kärhananyň işine degişli bolsa, şol kärhana /awtoryň şol kärhanada işleýändigine bagly bolmazdan/ berilýär.

Eger teklip dürli kärhanada ulanylyp bilinjek bolsa, onda awtor arzany şol kärhanalar öz garamagynda bolan ministrliklere, wedomstwolara berip biler.

25-nji madda. Oýlap tapyşyň, senagat nusgasynyň, haryt nyşanynyň birinjiligi

1.Oýlap tapyşyň, senagat nusgasynyň, haryt nyşanynyň birinjilik ýagzaýy şol oýlap tapyş, senagat nusgasy, haryt nyşany barada Türkmenpatente zaýawkanyň berlen güni boýunça bellenilýär.

2. Birinjilik ýagdaý goşmaça materiallaryň gelip gowşan güni boýunça bellenilip bilner, munuň üçin şolar zaýawka beriji tarapyndan aýratyn zaýawka hökmünde resmileşdirilmelidir hem-de ol Türkmenpatentiň habarnamasyny, ýagny şol dokumentleriň zaýawka edilen çözgüdiň düýp mazmunyny üýtgedýär diýlip hasap edilendigine görä, şol materiallary göz öňünde tutmagyň mümkin däldigi aýdylýan habarnamasyny zaýawka berijiniň alan gününden beýläk üç aý geçmänkä berlen bolmalydyr.

3. Birinjilik ýagdaý şol zaýawka berijiden oýlap tapyşyň, senagat nusgasynyň manysyny açyp görkezýän has irki zaýawkasynyň Türkmenpetente gelip gowşan güni boýunça bellenilip bilner – eger şeýle birinjilik soralýan şol zaýawka oýlap tapyş barada has irki berlen zaýawkanyň gowşan gününden beýläk on iki aýdan gijä galman hem-de senagat nusgasy barada has irki berlen zaýawkanyň gowşan gününden beýläk alty aýdan gijä galman gowşan bolsa. Şunda has irki berlen zaýawka yzyna alnan hasap edilýär.

Birinjilik ýagdaý ozal berlen birnäçe zaýawkanyň esasynda hem /eger şolaryň her biri üçin ýokarda görkezilen şertler berjaý edilse/ bellenilip bilner.

Gelip gowşan zaýawkada eýýäm has irki birinjilik soraşylan bolsa, onda şol zaýawkanyň gowşan güni birinjilik ýagdaý bellenilip bilinmez.

4. Bölünip aýrylan zaýawka boýunça oýlap tapyşyň birinjilik ýagdaýy şol oýlap tapyşyň manysyny açyp görkezýän ilkibaşky zaýawkanyň Türkmenpatente gowşan güni boýunça bellenilýär – eger bölünip aýrylan zaýawka ilkibaşky zaýawka boýunça patent bermezlik hakynda karar kabul edilmänkä gowşan bolsa, şol zaýawka boýunça patent berlen mahalynda bolsa oýlap tapyşyň Türkmenistanyň oýlap tapyşlar reestrinde bellige alnan /registrirlenen/ gününe çenli gowşan bolsa.

5. Eger ekspertiza geçirilende senagat eýeçiliginiň aýnybir obýektleriniň birinjilik senesi birmeňzeş bolsa, onda patent zaýawkanyň Türkmenpatente has ir sene bilen iberilendigini subut edýän şol zaýawka boýunça berilýär, şol seneler biri-birine gabat gelýän bolsa – Turkmenpatentiň has irki bellige alyş /registrasion/ nomeri bolan zaýawka boýunça berilýär;

6. Rasionalizatorlyk teklibiň birinjiligi onuň kärhana gowşan gününden kesgitlenýär, ministrlige ýa-da wedomstwo berlen teklipler barada bolsa – şol organlara gowşan gününden kesgitlenýär.

Eger ilkibaşky beren teklibi esassyz ýerden ret edilen bolsa, awtor hem şonuň üçin şikaýat etmedik bolsa, şeýle halatda-da eger şol awtor teklibi bellenen tertipde birinji beren bolsa, teklibiň birinjilik ýagdaýy onuň özünde galýar.

26-njy madda. Oýlap tapyş baradaky zaýawkany ekspertizadan geçirmek

1. Türkmenpatent zaýawkanyň gelip gowşan gününden beýläk iki aý geçenden soň şol zaýawka boýunça ekspertiza geçirýär. Zaýawka berijiniň haýyşnamasy boýunça deslapky ekspertiza geçirmäge ýokarda görkezilen möhlet geçmänkä hem başlanylyp bilner. Şeýle halatda zaýawka materiallaryna düzedişdir takyklamalar girizmek hukugyndan kesilýär.

Zaýawka deslapky ekspertizadan geçirilýänçä gerek dokumentleriň bardygy, şolar barada bildirilýän esasy talaplaryň berjaý edilýändigi barlanylýar hem-de zaýawka berlen teklibiň hukuk goragy berilýan obýektlere degişlidigi-däldigi hakyndaky meselä seredilýär.

2. Eger zaýawka beriji zaýawka boýunça goşmaça materiallar beren bolsa, ekspertiza geçirilýärkä şol materiallaryň zaýawka berlen çözgüdiň düýp mazmunyny üýtgedýänligi-üýtgetmeýändigi barlanýar.

Eger goşmaça materiallarda oýlap tapyşyň formulasyna girizmäge degişli bolan alamatlar bar bolsa, onda şol goşmaça materiallar zaýawka berlen oýlap tapyşyň düýp mazmunyny üýtgedýär. Goşmaça materiallaryň zaýawka berlen oýlap tapyşyň düýp mazmunyny üýtgedýän bölegi zaýawka garalanda göz öňünde tutulmaýar hem-de olar zaýawka beriji tarapyndan özbaşdak zaýawka hökmünde resmileşdirilip bilner.

3. Dokumentleri barada bildirýän talaplaryň bozulmagyna ýol berlip resmileşdirilen zaýawkalar alnanda, zaýawka berijä hat iberilip, şol hatyň alnan gününden beýläk iki aýyň içinde düzedilen ýa-da kem gelýän dokumentleri ibermek teklip edilýär.

Eger zaýawka beriji şol garaşylan materiallary ýa-da bellenilen şol möhletiň uzaldylmagy hakyndaky haýyşnamany ibermese, zaýawka yzyna alnan hasap edilýär.

4. Birmeňzeşlik talabynyň bozulmagy bilen berlen zaýawkalar boýunça zaýawka berijä teklipleriň haýsy birine garamak gerekdigini hem-de degişli suratda zaýawka dokumentlerini takyklamagy iki aý möhletiň içinde habar bermek teklip edilýär. Ilkibaşky zaýawkanyň materiallaryna giren beýleki teklipler özbaşdak zaýawkalar edilip resmileşdirilip bilner. Eger resmileşdirmek işi zaýawkalary bölmegiň zerurdygy hakyndaky habaryň gelip gowşan gününden beýläk üç aýdan gijä galynman edilen bolsa, bölünip aýrylýan zaýawkalaryň birinjilik ýagdaýy Türkmenpatente zaýawkalaryň gowşan güni boýunça bellenilip bilner.

Eger zaýawka beriji birmeňzeşlik talabyň bozulandygy hakyndaky habary alandan soň iki aýyň içinde teklipleriň haýsy birine garamak gerekdigini habar etmese we takyklanan dokumentleri ibermese, onda formulada birinji görkezilen obýekte garalýar.

5. Eger deslapky ekspertiza netijesinde zaýawkanyň patentlik ukyby bolan obýektlere degişli bolmadyk teklip barada resmileşdirilendigi anyklanylsa, wagtlaýyn patent bermeli däl diýen karar kabul edilýär.

Zaýawka berijiniň özüne wagtlaýyn patent bermeli däl diýlip kabul edilen karar barada, şol karary alan gününden beýläk iki aýyň dowamynda Türkmenpatente şikaýat berip biler. Şikaýata Türkmenpatentiň Apellýasion komissiýasy şol şikaýatyň gowşan gününden beýläk iki aýyň içinde garamalydyr. Zaýawka beriji Apellýasion komissiýasynyň çykaran karary bilen ylalaşmadyk wagtynda, ol suda ýüz tutup biler.

6. Türkmenpatent deslapky ekspertizadan oňat netijeler bilen geçen zaýawka boýunça şol zaýawkanyň Türkmenpatente gowşan gününden beýläk dört aýdan ir wagtlaýyn patent bermeýär.

7. Türkmenpatent wagtlaýyn patent bermek bilen bir wagtda zaýawka hakyndaky maglumaty çap edýär. Çap edilýän maglumatlaryň düzümini Türkmenpatent kesgitleýär. Zaýawka hakyndaky maglumat çap edilenden soň, her bir adamyň onuň materiallary bilen tanyşmaga haky bardyr.

Oýlap tapyşyň awtorynyň zaýawka hakynda çap edilen maglumatda öz adynyň tutulmagyny islemezlige haky bardyr.

8. Zaýawka berijiniň ýa-da üçünji bir adamyň zaýawkanyň gowşan gününden beýläk bäş ýylyň içinde islendik wagt beren haýyşnamasyna görä Türkmenpatent zaýawkanyň asyl manysy boýunça ekspertiza geçirýär. Eger zaýawka beriji bellenen möhletde ekspertiza geçirmek hakyndaky haýyşnamany esassyz sebäpden bermese, wagtlaýyn patentiň güýjüniň möhleti gutarandan soň, oýlap tapyşyň zaýawka boýunça hukuk taýdan goralmagy bes edilýär.

9. Zaýawka asyl manysy boýunça ekspertizadan geçirilýän döwründe Türkmenpatentiň ekspertiza üçin gürrüňsiz zerur bolan goşmaça materiallary, şol sanda hem oýlap tapyşyň üýtgedilen formulasyny bermegini zaýawka berijiden soramaga haky bardyr.

Ekspertiza üçin soralan goşmaça materiallar şolaryň iberilmegi hakyndaky hatyň alnan gününden beýläk iki aýyň içinde hem-de oýlap tapyşyň asyl manysy üýtgedilmezden iberilmelidir.

Goşmaça materiallaryň şol oýlap tapyşyň asyl manysyny üýtgedýän bölegine şu maddanyň 2-nji böleginde bellenen tertip degişlidir.

Eger zaýawka barada geçirilen ekspertizanyň netijesinde Türkmenpatent zaýawka berlen hukuk goragynyň zaýawka beriji tarapyndan soraşylýan möçberinde şu Kanunyň 4-nji maddasynda kesgitlenişi ýaly oýlap tapyşyň patentlik ukybynyň şertlerine laýyk gelýär diýip anyklasa, zaýawka beriji tarapyndan teklip edilen formulaly oýlap tapyş patentini bermek hakynda karar çykarylýar.

Zaýawka berlen teklip, oýlap tapyşyň patentlik ukybynyň şertlerine hukuk goragynyň zaýawka beriji tarapyndan soraşylýan möçberinde laýyk gelmeýär diýlip anyklansa, patent bermeli däl diýen karar çykarylýar.

Zaýawka beriji patent bermeli däl diýlip kabul edilen karar barada Türkmenpatente şol kararyň alnan gününden beýläk üç aýyň içinde şikaýat berip biler. Şikaýata Türkmenpatentiň Apellýasion komissiýasy şol şikaýatyň gowşan gününden beýläk dört aýyň içinde seretmelidir.

10.Arza beriji Apellýasion komissiýanyň çykaran karary bilen ylalaşmadyk mahalynda, ol şol karary alan gününden beýläk alty aýyň dowamynda suda ýüz tutup biler. Suduň çykaran karary gutarnyklydyr.

11. Zaýawka beriji we üçünji bir adam tehnikanyň derejesini kesgitlemek üçin, kabul edilen zaýawka boýunça maglumat /informasion/ gözleginiň geçirilmegi hakynda haýyş edip bilerler, munuň özi zaýawka berlen teklibiň täzeligine hem-de oýlap tapyjylyk derejesine şol gözleg bilen deňeşdirilip baha bermek üçin edilýär. Şeýle gözlegi geçirmegiň tertibini Türkmenpatent kesgitleýär.

12. Zaýawka berijiniň ekspertizanyň kararynda ýa-da gözleg hakyndaky hasabatda görkezilen ähli materiallar bilen tanyşmaga haky bardyr. Zaýawka berijiniň soraşýan patent materiallarynyň nusgasyny /kopiýasyny/ Türkmenpatent şol soraşma hatyny alan gününden beýläk bir aýyň içinde iberýär, şunda zaýawka berijiler üçin şu Kanunda bellenen möhletler hem degişli suratda uzaldylýar.

13. Şu maddada göz öňünde tutulan möhletler /10-njy bölekde bellenen we zaýawka berijiniň goýberen möhletlerinden başga/ eger esasly sebäbiniň bolandygy we pajyň tölenendigi tassyklansa, Türkmenpatent tarapyndan dikeldilip bilner.

Möhletiň dikeldilmegi hakyndaky haýyşnamany zaýawka beriji şol goýberilen möhletiň gutaran gününden beýläk on iki aýdan gijä galman berip biler.

27-nji madda. Senagat nusgasy baradaky zaýawkany ekspertizadan geçirmek

1. Senagat nusgasy baradaky zaýawka boýunça Türkmenpatent deslapky ekspertizany we düýp manysy boýunça ekspertizany geçirýär.

Senagat nusgasy baradaky zaýawka boýunça deslapky ekspertiza geçirilende degişli suratda şu Kanunyň 26-njy maddasynyň 1-7-nji bölekleriniň düzgünleri ulanylýar.

2. Zaýawkanyň düýp manysy boýunça ekspertiza geçirilende degişli suratda şu Kanunyň 26-njy maddasynyň 8,9,10, 12-nji we 13-nji bölekleriniň düzgünleri ulanylýar.

28-nji madda. Patent hakyndaky maglumaty çap etmek

Patentiň berilmegi üçin tölenmeli paç tölenilen wagtynda Türkmenpatent patent bermek hakynda karar kabul eden gününden beýläk alty aýyň içinde özüniň resmi býulleteninde patentiň berlenligi hakyndaky maglumaty çap edýär, şol maglumatda bolsa awtoryň /şärik awtorlaryň/ ady berilýär /eger awtordyr şärik awtorlar öz adynyň tutulmagyndan we petentiň eýesi bolmakdan ýüz döndermeýän bolsalar/ hem-de oýlap tapyşyň ady we formulasy ýa-da senagat nusgasynyň düýpli alamatlarynyň sanawy hem-de onuň şekili berilýär. Çap edilýän maglumatyň nämeleri öz içine almalydygyny Türkmenpatent kesgitleýär.

29-njy madda. Oýlap tapyşy, senagat nusgasyny bellige almak we patent bermek, zaýawkany yzyna almak

1 Türkmenpatent wagtlaýyn patentiň ýa-da patentiň berilmegi hakyndaky maglumaty çap etmek bilen bir wagtda Türkmenistanyň Döwlet reestrine oýlap tapyşy ýa-da senagat nusgasyny girizýär hem-de patent eýesine degişli suratda wagtlaýyn patent ýa patent berýär.

2. Patentiň formasyny, ondaky görkezilen maglumatlaryň sanawyny Türkmenpatent belleýär hem-de Türkmenistanyň Ministrler kabineti tassyklaýar.

3. Senagat eýeçiliginiň obýektiniň awtoryna Türkmenpatent onuň awtorlygyny tassyklaýan resmi şaýatnama berýär.

4. Berlen patent patent eýesiniň talap etmegine görä Türkmenpatent mese-mälim we tehniki ýalňyşlyklara düzedişler girizýär.

5. Zaýawka berijiniň oýlap tapyş, senagat nusgasy baradaky zaýawka hakyndaky maglumatlar çap edilmänkä, ýöne welin olaryň bellige alnan /registrirlenen/ gününden gijä galman, zaýawkany yzyna almaga haky bardyr.

30-njy madda. Haryt nyşanyny bellige aldyrtmak /registrirlemek/ baradaky zaýawkany ekspertizadan geçirmek

1. Haryt nyşanyny bellige aldyrtmak /registrirlemek/ baradaky zaýawka /mundan beýläk «haryt nyşany baradaky zaýawka» diýlip alynýar/ Türkmenpatent tarapyndan ekspertizadan geçirilýär, ol deslapky ekspertizadan hem-de zaýawka berlen aňlatmanyň düýp manysy boýunça ekspertizadan ybarat bolýar.

2. Zaýawka berijiniň haryt nyşany baradaky zaýawkanyň gelip gowşan gününden beýläk iki aýyň dowamynda öz inisiatiwasy bilen zaýawka materiallaryny takyklamaga ýa-da düzetmäge haky bardyr.

3. Haryt nyşany baradaky zaýawka ekspertizadan geçirilýän döwründe zaýawka takyklama ýa-da düzediş girizmek barada zaýawka berijä teklip edilip bilner. Ekspertizanyň talaby boýunça goşmaça materiallar şol talabyň gowşan gününden beýläk iki aýyň içinde berilmelidir. Zaýawka berijiniň haýyşyna görä şol möhlet uzaldylyp bilner, ýöne şol haýyş ýokardaky möhlet gutarmaka gowşan bolsa uzaldylyp bilner. Eger zaýawka beriji şol möhleti berjaý etmedik bolsa ýa-da ekspertizanyň talabyny jogapsyz galdyran bolsa, zaýawka yzyna alnan hasap edilýär, bu barada bolsa zaýawka berijä mälim edilýär.

4. Deslapky ekspertiza geçirilýärkä zaýawkanyň mazmuny hem-de onuň ýanyna goşulýan dokumentleriň barlygy-ýoklugy, şeýle hem olaryň bellenen talaplara laýyk gelýänligi-gelmeýänligi barlanýar. Deslapky ekspertizanyň netijeleri boýunça zaýawkanyň garamak üçin kabul edilendigi ýa edilmändigi zaýawka berijä habar edilýär. Zaýawkanyň deslapky ekspertizasy zaýawkanyň Türkmenpatente gowşan gününden beýläk bir aýyň içinde geçirilýär.

5. Zaýawka garamak üçin kabul edilen mahalynda zaýawka berijä haryt nyşanynyň birinjilik ýagdaýynyň bellenendigi hem mälim edilýär.

6. Eger zaýawka beriji deslapky ekspertizanyň kabul eden karary bilen ylalaşmasa, onuň şol karary alan gününden beýläk iki aýyň içinde Apellýasion komissiýa şikaýat berip biler. Şikaýata şol komissiýa onuň gowşan gününden beýläk iki aýyň içinde garalmalydyr, onuň çykaran karary bolsa gutarnyklydyr.

7. Haryt nyşany baradaky zaýawka düyp manysy boýunça ekspertizadan deslapky ekspertiza tamamlanandan soň geçirilýär.

Haryt nyşany baradaky zaýawka düýp manysy boýunça ekspertizadan gecirilýärkä, zaýawka berlen aňlatmanyň şu Kanunyň 6-njy maddasynda bellenen şertlere laýyk gelýändigi-gelmeýändigi barlanýar.

Haryt nyşany baradaky zaýawkanyň ekspertizasynyň netijeleri boýunça haryt nyşanyny bellige almak /registrirlemek/ hakynda ýa-da bellige almazlyk hakynda karar kabul edilýär.

8. Eger zaýawka beriji ekspertizanyň karary bilen ylalaşmasa, onuň şol karary alan gününden beýläk üç aýyň içinde Apellýasion komissiýa şikaýat bermäge haky bardyr. Şikaýata onuň gelip gowşan gününden beýläk dört aýyň içinde garalmalydyr.

9. Apelýasion komissiýanyň çykaran kararyna Türkmenpatentiň başlygynyň talap etmegine görä, tazeden seredilip bilner. Şeýle halatda Apellýasion komissiýanyň kabul eden karary gutarnykly hasaplanýar.

31-nji madda. Haryt nyşanyny bellige almak. Şahadatnama bermek

1. Türkmenpatent, Türkmenistanyň Döwlet reestrinde haryt nysanlaryny bellige alýar /regirtrirleýär/ , şoňa haryt nyşanynyň şekili, haryt nyşany baradaky şahadatnamanyň eýesi hakyndaky maglumat, harytlyk nyşanynyň birinjiliginiň bellenen güni, onuň bellige alnan /registrirlenen/ güni, özleri üçin haryt nyşany bellige alnan harytlaryň we hyzmatlaryň sanawy girizilýär. Türkmenistanyň Döwlet reestrine haryt nyşanynyň bellige alynmagyna /registrirlenilmegine/, güýjüniň ýöreýiş möhletiniň uzaldylmagyna hem-de haryt nyşany baradaky şahadatnamanyň hakyky däl diýlip hasap edilmegine degişli beýleki maglumatlar hem, şonuň ýaly-da şol maglumatlara girizilen soňky ähli üýtgetmeler hem girizilýär.

2. Haryt nyşany baradaky şahadatnamany Türkmenpatent berýär, ol ony bellenilen pajyň tölenendigi hakyndaky dokumenti alnandan soň, haryt nyşanynyň alty aýyň içinde bellige alnanlygyna /registrirlenenligine/ esaslanyp berýär.

32-nji madda. Haryt nyşanynyň bellige alnanlygy hakyndaky maglumaty çap etmek

Haryt nyşanynyň bellige alynmagyna /registrirlenmegine/ degişli bolan we şu Kanunyň 31-nji maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet reestrine geçirilen maglumat haryt nyşanynyň bellige alnan /registrirlenen/ gününden beýläk alty aýyň içinde resmi býulletende çap edilýär.

Haryt nyşanynyň bellige alynmagyna degişli maglumata girizilen soňky ähli üýtgetmeler hem çap edilýär.

Türkmenistanyň Döwlet reestrine we kollektiwleýin nyşan baradaky şahadatnama şu kanunyň 31-nji maddasynda göz öňünde tutulan maglumatyň üstüni ýetirmek üçin, kollektiwleýin nyşany ulanmaga hukugy bolan telekeçiler hakynda maglumat hem girizilýär. Şol maglumaty, şeýle hem harytlaryň we hyzmatlaryň umumy häsiýetli alamatlary hakynda kollektiwleýin nyşanyň /şolar üçin bellige alnan nyşanyň/ ustawyndan göçürmäni Türkmenpatent resmi býuletende çap edýär.

3-nji madda. Rasionalizatorlyk teklip baradaky zaýawkany ekspertizadan geçirmek

Rasionalizatorlyk teklip baradaky arza bellige alynmalydyr /registrirlenmelidir/, bir aýyň içinde oňa seredilmelidir hem-de şol boýunça ýa-ha hödürlenen teklibi rasionalizatorlyk teklip diýip ykrar etmeli ýa-da tejribe barlagyny geçirmeli, ýa teklibi kabul etmeli däl diýen karar kabul edilmelidir. Kabul edilen karar barada awtora habar edilmelidir.

Eger hödürlenýän teklip tassyklanan normatiw, tehniki, konstruktorçylyk dokumentasiýasyna üýtgetme girizmek bilen baglanyşykly bolsa, onda degişli guramadan rugsat alynmagy talap edilýär. Şeýle halatda ýokarda görkezilen bir aýlyk möhlet rugsat almak üçin zerur bolan wagta laýyk togtadylýar.

Teklip baradaky karar kärhananyň ýolbaşçysy tarapyndan ýa-da degişli podrazdeleniýeleriň ýolbaşçylary tarapyndan /eger munuň özi kärhana boýunça berlen buýruk bilen olaryň üstüne ýüklenen bolsa/ kabul edilýär.

Kärhananyň ýolbaşçysy tarapyndan girizilen teklip baradaky karary kärhananyň tehniki soweti oýlap tapyjylar we rasionalizatorlar jemgyýetiniň ýerli soweti bilen bilelikde kabul edýär.

Hödürlenen teklibi rasionalizatorlyk teklip diýip ykrar etmek hakynda karar çykarylandan soň, awtora rasionalizatorlyk teklip baradaky şahadatnama berilýär.

Hödürlenen teklibiň rasionalizatorlyk teklip diýlip ykrar edilmezligi baradaky şikaýata seretmek üçin, kärhanada adminitrasiýanyň hem-de oýlap tapyjylar we rasionalizatorlar jemgyýetiniň ýerli sowetiniň wekillerinden ybarat rasionalizatorçylyk jedelleri baradaky komissiýa döredilýär, şu komissiýa hem awtoryň arzyna bir aýyň içinde garamaga borçludyr. Awtoryň öz şikaýatyna garalanda, oňa gatnaşmaga haky bardyr.

Eger awtor ýokarda agzalan komissiýanyň kabul eden karary bilen ylalaşmasa, onuň kärhananyň ýolbaşçysyna ýüz tutmaga haky bardyr. Ýolbaşçynyň kabul eden karary bolsa gutarnyklydyr.

VI bölüm. GORAG DOKUMENTLERINIŇ GÜÝJÜNIŇ DÖREMEGINIŇ BES EDILMEGI

34-nji madda. Patente /wagtlaýyn patente/ garşy çykmak

1. Patente /wagtlaýyn patente/ onuň güýjüniň ýöreýän bütin möhletiniň dowamynda oňa garşy çykylyp we ol aşakdaky halatlarda doly ýa kem-käsleýin hakyky däl diýlip hasap edilip bilner.

a) senagat eýeçiliginiň goralýan obýektiniň şu Kanunda bellenen patentlik ukybynyň şertlerine laýyk gelmezligi;

b) oýlap tapyşyň formulasynda ýa-da senagat nusgasynyň düýpli alamatlarynyň düýp jeminde käbir alamatlaryň zaýawkanyň ilkibaşky materiallarynda bolmazlygy;

w) patentde awtoryň /şärik awtorlaryň/ ýa-da patent eýesiniň /patent eýeleriniň/ nädogry görkezilmegi.

2. Şu maddanyň 1- nji böleginiň «a», «b» punktlarynda göz öňünde tutulan esaslara görä, patentiň berilmegine garşy bolunmagyna Apellýasion komissiýa şol şikaýatyň gowşan gününden beýläk alty aýyň içinde garamalydyr, patent eýesi şol şikaýat bilen tanyşdyrylmalydyr, şikaýat beren adam, şeýle hem patent eýesi şikaýata garalanda gatnaşyp bilerler. Şunda Apellýasion komissiýa şikaýata onda görkezilen delilleriň çäginde garaýar.

3. Apellýasion komissiýasynyň patent /wagtlaýyn patent/ berilmegine garşy çykylmagy barada kabul eden karary bilen ylalaşylmadyk mahalynda, taraplaryň her biri şol karar barada onuň kabul edilen pursatyndan beýläk alty aýyň içinde suda şikaýat edip biler, suduň çykaran karary bolsa gutarnyklydyr.

35-nji madda. Patentiň /wagtlaýyn patentiň/ güýjüniň ýöremeginiň möhletinden öň bes edilmegi

Patentiň /wagtlaýyn patentiň/ güýjüniň ýöremegi aşakdaky halatlarda möhletinden bes edilýär:

• şu Kanunyň 4-nji, 26-njy maddalaryna laýyklykda patent /wagtlaýyn patent/ doly ýa kem-käsleýin hakyky däl diýlip hasap edilende;

• patent eýesiniň Türkmenpatente beren arzasy esasynda;

• patentiň /wagtlaýyn patentiň/ güýjünde saklanmagy üçin tölemeli pajyň bellenen möçberde tölenilmedik wagtynda.

2. Türkmenpatent patentiň /wagtlaýyn patentiň/ güýjüniň ýöremeginiň möhletinden öň bes edilendigi hakyndaky maglumaty resmi býulletende çap edýär.

36-njy madda. Haryt nyşany baradaky şahadatnamalaryň güýjüniň ýöredilmeginin bes edilmegi

1. Eger haryt nyşany şu Kanunyň 6-njy we 30-njy maddalarynda göz öňünde tutulan şertleriň bozulmagy esasynda bellige alnan /registrirlenen/ bolsa, onda haryt nyşany baradaky şahadatnama güýjüniň ýöreýän bütin möhletiniň dowamynda doly ýa-da kem-käsleýin hakyky däl diýlip hasap edilip bilner.

2. Her bir fiziki ýa-da ýuridiki tarap görkezilen möhletde Appellýasion komissiýa haryt nyşany baradaky şahadatnamanyň berilmegine garşy şikaýat berip biler.

Haryt nyşany baradaky şahadatnamanyň berilmegine garşy çykylmagyna bu şikaýatyň gowşan gününden beýläk 6 aýyň içinde seredilmelidir. Şikaýat beren adamyň şeýle hem haryt nyşany baradaky şahadatnamanyň eýesi şol şikaýata garalanda, oňa özüniň ýa-da öz wekilleriniň gatnaşmaga haky bardyr.

Apellýasion komissiýasynyň kabul eden kararyna Türkmenpatentiň başlygynyň garşylyknamasy boýunça täzeden seredilip bilner. Şeýle halatda Apellýasion komissiýanyň kabul eden karary gutarnyklydyr.

3. Aşakdaky halatlarda haryt nyşany baradaky şahadatnamanyň güýjüniň ýöremegi bes edilýär:

• on ýyllyk möhletiň tamamlanmagy sebäpli –eger haryt nyşany baradaky şahadatnamanyň eýesi şu Kanunyň 16-njy maddasynda göz öňünde tutulyşy ýaly, ony uzaltmak hakynda haýyşnama bermese;

• haryt nyşany baradaky şahadatnama şu madda laýyklykda hakyky däl diýlip ykrar edilende;

• ýuridiki tarap, haryt nyşany baradaky şahadatnamanyň eýesi ýatyrylan mahalynda;

• haryt nyşany baradaky şahadatnamanyň eýesiniň Türkmenpatente beren arzasy esasynda.

4. Haryt nyşany baradaky şahadatnamanyň güýjüniň ýöremeginiň bes edilendigi hakyndaky maglumaty Türkmenpatent resmi býulletende çap edýär.

37-nji madda. Rasionalizatorlyk teklip baradaky şaýatnamanyň güýjüniň ýöredilmeginiň bes edilmegi

Rasionalizatorlyk teklip baradaky şaýatnamanyň berilmegine islendik fiziki ýa-da ýuridiki tarap garşy çykyp biler hem-de ol aşakdaky halatlarda doly ýa-da kem-käcleýin hakyky däl diýlip ykrar edilip bilner:

• hödürlenen teklibi rasionalizatorlyk teklip diýip ykrar etmek üçin şu Kanunda bellenen talaplaryň bozulmagy sebäpli;

• şaýatnamanyň şol teklibe birinjilik hukugy bolmadyk adamyň adyna berlenligi ýa-da şaýatnamada awtoryň ýa-da şärik awtorlaryň düzüminiň nädogry görkezilenligi sebäpli.

38-nji madda. Lisensiýa

1. Patentlenen oýlap tapyşy, patentlenen senagat nusgasyny ýa-da bellige alnan haryt nyşanyny peýdalanmak isleýän her bir fiziki ýa-da ýuridiki tarap oýlap tapyş ýa-da senagat nusgasy baradaky patentiň eýesinden ýa-da haryt nyşanynyň eýesinden lisensiýa /ygtyýarnama/ satyn almaga borçludyr.

Lisensiýa şertnamasy kesgitli möhlete baglaşylýar hem-de ol Türkmenpatentde bellige alynmaga /registrirlenmäge/ degişlidir hemem ol bellige alnan gününden başlap güýje girýär. Bellige alynmadyk lisenziýa şertnamasy hakyky däl diýlip hasap edilýär.

2. Oýlap tapyş baradaky patentiň /wagtlaýyn patentiň/ eýesi islendik fiziki ýa-da ýuridiki tarapa oýlap tapyşy peýdalanmak hukugyny /açyk lisenziýa/ bermek hakyndaky arzany Türkmenpatente resmi býulletende çap eder ýaly, berip biler. Şeýle halatda patentiň /wagtlaýyn patentiň/ güýjünde saklanmagy üçin tölenýän pajyň möcberi 5- prosenti azalýar, ýagny şeýle arzanyň çap edilen ýylynyň yzyndan gelýän ýyldan başlap azalýar.

Ýokarda görkezilen oýlap tapyşy peýdalanmak isleýän adam patent eýesi bilen tölegler hakynda şertnama baglaşmaga borçludyr.

3. Türkmenistanyň goranmagynyň hem-de jemgyýetçilik tertibiniň bähbidi üçin, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň senagat eýeçiligi obýektini patent eýesi bilen ylalaşman peýdalanmaga ygtyýar bermäge haky bardyr, ýöne şunda patent eýesine lisensiýanyň bazar nyrhyna laýyk öwez puly tölenilýär.

4. Kärhana oýlap tapyşlary ulanmak esasynda önüm çykarmak üçin döwlet zakazy berlen bolsa, şol oýlap tapyşlar baradaky patentler /wagtlaýyn patentler/ hem Türkmenistanyň başga fiziki ýa-da ýuridiki taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt grażdanlaryna degişli bolsa, onda döwlet zakazyny berýän organ lisenziýa edinmegi üpjün edýär.

39-njy madda. Paj almak

Patent /wagtlaýyn patent/, haryt nyşany üçin şahadatnama bilen baglanyşykly ýuridik ähmiýetli hereketleriň amala aşyrylanlygy üçin paj alynýar. Paj Türkmenpatente tölenilýär.

Haýsy hereketleriň amala aşyrylmagy üçin patent pajy alynýan bolsa, şeýle hereketleriň sanawyny, pajyň möçberini we ony tölemegiň möhletini, şeýle hem paç tölemek, onuň möçberini azaltmak üçin esas bolýan zatlary Türkmenistanyň Ministrler kabineti belleýär.

VII bölüm. SENAGAT EÝEÇILIGINIŇ OBÝEKTLERINIŇ DÖREDILMEGINI WE PEÝDALANYLMAGYNY HÖWESLENDIRMEK

40-njy madda. Patent arkaly goralýan oýlap tapyşlary, senagat nusgalaryny peýdalanmak baradaky ýeňillikler

Patent eýesi bolup durýan kärhananyň şu aşakdaky halatlarda alýan peýdasyna /girdejisine/, gazanýan walýutasyna ýeňillikli salgyt salynýar:

• oýlap tapyşy öz önümçiliginde peýdalanmagy netijesinde;

• oýlap tapyş baradaky lisenziýalary satmakdan;

• lisenziýasy satyn alnan oýlap tapyşy peýdalanmakdan;

• patentlenen oýlap tapyşy ulanmak esasynda täze tehnikany taýýarlamakdan.

Ýeňillikleriň formalary we möçberi Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan bellenýär.

41-nji madda. Oýlap tapyşlaryň, senagat nusgalarynyň we rasionalizatorlyk teklipleriň awtorlarynyň sylaglanmak baradaky hukugy

Patentleri iş berijä ýa-da onuň oruntutaryna berlen, şeýle hem Türkmenistanyň oýlap tapyşlar fonduna berlen hem-de jemgyýetçilik önümçiliginde peýdalanylan oýlap tapyşlaryň we senagat nusgalarynyň awtorlarynyň sylaglanmaga haky bardyr.

Oýlap tapyşyň, senagat nusgasynyň peýdalanylýanlygy üçin /patentiň güýjüniň ýöreýän möhletiniň dowamynda/ pul sylagyny patent eýeleri bolup durýan iş beriji ýa onuň oruntutary, şeýle hem Türkmenistanyň oýlap tapyşlar fondy töleýär.

Sylagyň möçberi we formalary Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.Rasionalizatorlyk teklibiň awtorynyň /şärik awtorlarynyň/ onuň şol rasionalizatorlyk teklip üçin awtor

a şaýatnama beren kärhanada ulanylyp başlanan gününden beýläk iki ýylyň dowamynda sylaglanmaga haky bardyr.

Sylaglamagyň şertleri we möçberi Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri.1993-nji ýyl, 1-nji oktýabr.№ 867-HP.