Ylmy we ýokary hünärli işgärler

Ylmy-barlaglaryň we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň netijeliligini ýokarlandyrmak hakynda

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmyň we tehnikanyň derwaýys meselelerini netijeli işlemegi üpjün etmek, ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamagyň hem-de hünär synagyndan geçirmegiň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen,karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň ylmy-tehniki syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegi üpjün etmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky ýokary geňeşiň üstüne ýüklemeli.

2. Ylmy barlaglar, ylmy-tehniki ilerlemäniň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak, ýokary hünärli ylmy işgärleri taýarlamak ýokary okuw jaýlarynyň ylmy merkezlerinde, ylmy-barlag guramalarynda, ykdysadyýetiň pudaklarynda we kärhanalarda amala aşyrylýar diýip bellemeli.

3. Şu goşulýanlary tassyklamaly:

Türkmenistanda ylmy we tehnikany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň sanawyny;

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky ýokary geňeş hakyndaky Düzgünnamany, Ýokary geňeşiň düzümini, Ýokary geňeşiň garamagyndaky guramalaryň sanawyny we onuň edarasynyň gurluşyny;

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky ýokary geňeşiň kandidatlyk hem-de doktorlyk dissertasiýalaryny goramak baradaky ýöriteleşdirilen geňeşleri we alymlyk derejelerini bermegiň we ylmy atlary dakmagyň tertibi hakyndaky Düzgünnamany, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky ýokary geňeşiň ekspert komissiýalarynyň sanawyny we düzümini.

4. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky ýokary geňeşiň kandidatlyk hem-de doktorlyk dissertasiýalaryny goramak baradaky ýöriteleşdirilen geňeşlerini döredip, olary goşulýan sanawa laýyklykda ýokary okuw jaýlarynda we ylmy edaralarda ýerleşdirmeli.

5. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky ýokary geňeşiň edarasynyň 18 işgäri we gullukda ulanylýan 1 ýeňil awtomobili bolmaly.

6. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky ýokary geňeş ylmy edaralaryň Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň ylmy-tehniki syýasatyny durmuşa geçirmek we ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamak baradaky işini utgaşdyrmaly hem-de oňa gözegçilik etmeli, her çärýekde ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynda we ylmy-barlag guramalarynda ylmy konferensiýalary hem-de simpoziumlary geçirmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy