Ylym we tehnika ugurlary

Türkmenistanda ylmy we tehnikany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň SANAWY

1. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň geologiýasy we çykarylyşy; nebitiň, gazyň, mineral serişdeleriň we dökünleriň himiýasy; seýsmologiýa; milli aýratynlyklary hasaba almak bilen arhitektura we şäher gurluşygy; energetika.

2. Arid zonasynda adamyň kesellerini anyklamak, olaryň öňüni almak we bejermek.

3. Ekologiýa, daş-töweregi goramak we biologiýa hem-de suw serişdelerini rejeli peýdalanmak.

4. Oba hojalyk mallaryny ösdürip ýetişdirmek; olaryň seleksiýasy we olary üznüksiz köpeltmek; tohumçylyk hem-de oba hojalyk ekinleriniň seleksiýasy; oba hojalyk ekinlerini we mallaryny zyýankeşlerden hem-de kesellerden goramak; oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek hem-de saklamak.

5. Türkmen halkynyň taryhy, dili hem-de edebiýaty we golýazma mirasy; Saparmyrat Türkmenbaşyny Türkmenistanda demokratik jemgyýeti gurmak, Türkmenistanyň garaşsyzlygyny hem-de bitaraplygyny berkitmek baradaky syýasatynyň durmuşy-filosofik jähtleri.

6.Bazara geçilýän şertlerde Türkmenistanyň ykdysadyýeti.