1.Bölüm – Türkmenistanda internet kanuny hakynda umumy maglumat.Comments Off on 1.Bölüm – Türkmenistanda internet kanuny hakynda umumy maglumat.

01.23.2016

2014 – nji ýylyň Dekabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet arkaly hyzmat etmegi hukuk tarapdan düzgünleşdirmek üçin kanun kanun kabul etdi. Bu kanun 33 maddadan ybarat. Ilki bilen aýdyp geçmeli zadymyz döwrebap tehnologiýalaryň ösmegi üçin degişli kanunlaryň bolmagy derwaýys.

Bu kanunyň çykarylmagynyň birnäçe maksady bar. Bu kanun ähli internet ulanyjylaryna we operatorlara degişlidir. Esasy maksatlarynyň biri hem internet toruna degişli gatnaşyklarda raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini, döwletimiziň bähbitlerini gormak. Mysal getirip aýtsak, (makalamyzyň indiki sanlarynda giňişleýin bellenip geçiljekdir) siziň şahsyýetiňizi kemsidiji söz, surat we ş.m zatlary Line, VK ýaly ýerlerde siziň razylygyňyz bolman ýaýradylan ýagdaýynda siz öz hukugyňyzy talap etmek bilen ýaýradan adamy jogapkärçilige çekdirip bolýar.

Internet hyzmatlary etmegi kadalaşdyrmak we düzgünleşdirmek üçin hem bu kanunlar hökmany gerekli. Meselem internet arkaly söwda edýän bolsaňyz siziň hukuklaryňyzy we size garşy raýatlaryň hukuklaryny goramak bu kanunyň esasy maksatlaryndan biri. Ýenede Türkmenistanyň internet ulgamynyň we tehnologiýa ulgamynyň ugurlary boýunça halkara derejesinde tanalmagy, halkara şertnamalary etmek üçin gerekli bolup durýar.

Kanunyň esasy wezipeleri:

1. Türkmenistanyň çäklerinde internet toruny ösdürmek boýunça döwlet syýasatyny kesgitlemek. (Bu kanunlar esasynda döwletiň geljek ýyllardaky maksatnamalary we ş.m syýasaty kesgitlenmeli.)
2. Raýatlaryň interneti erkin ulanma elýeterliligini üpjün etmek.
3. Interneti ulanmagyň şertlerini we tertibini kesgitlemek
4. Internete goýulýan, ýazylýan zatlaryň hukuk tarapdan düzgünlerini kesgitlemek.
5. Internetiň üsti bilen edilýän howply işleriň öňüni almak, hukuk bozýan adamlary ýüze çykarmak we beriljek jezalary kesgitlemek.
6. Internete goýulýan intellektual eýeçilik obýeklerine awtorlyk we beýleki hukularyny goramak. (Meselem size degişli bir goşgyny internete goýduňyz we ony biri alyp žurnallaryň birinde öz adyndan çykardy. Siz bu ýerde öz awtorlyk hukugyňyzy goramak üçin arza bilen degişli edaralara ýüz tutup bilýärsiňiz.)
7. Internetde operatorlar ýada özara gatnaşyklarda toplanýan şahsy maglumatlary goramak. (Ýagny men bir saýtda registrasiýa bolanymda ýazýan şahsy maglumatlarym üçünji bir şahsa meniň razylygym bolman berilse, muny beren adam jogapkärçilige çekilýär. )
8. Internet üsti bilen resminama (dokument) ibermek almak boýunça kadalaşdryjy şertleri döretmek.

Ýokardaky 8 sany maddada bellenilen punktlar, bu kanunyň wezipesiniň umumy görnüşi. Bu wezipelerden ugur alynyp jikme jik kadalaşdyryjy düzgünler girizilipdir. Türkmenistanyň jenaýat kodeksine giren, ýagny internetde edilýän käbir hereketler jeneýat jogapkärçiligine hem çekilip bilinýär. Olar barada makalamyzyň indiki sanlaryny yzarlamagyňyzy maslahat berýärin.

Çeşme: http://goo.gl/mX9UXT

Synlar ýapyk.