2.Bölüm – Türkmenistanda internet kanuny nämeler getirdi?0

01.23.2016

Ilki bilen aýtmaly zadymyz bu internet kanuny kimlere degişli? Ýagny kanun dili bilen aýdylanda “subýektler” kimler?

1. Internetiň ösüşini we peýdalanylyşyny düzgünleşdirýän döwlet dolandyryşynyň ygtyýarly edaralary
2. Interneti peýdalanyjylar
3. Internet hymatlarynyň operatorlary. (Ýagny söwda edýänler, hyzmat berýänler we ş.m)
Fiziki ýa-da ýuridiki şahslar öz arasynda internet torunyň ulanylyşyna degişli baglaşylan şertnamalarda şahslaryň bähbidini gormaka üçin, döwlet bu kanunlary girizdi. Bu kanun döwlet syýasatyna hem ugur görkeziji bolup durýar.

Bu kanun bilen hukuk diline giren terminler;
• Internettory – internet-protokollarynyň toplumlaryny (InternetProtocol, IP) we maglumatlary (Transmission Control Protocol, TCP)
• maglumat-telekommunikasiýa tory – maglumatyň ýygnalmagyny, işlenip taýýarlanylmagyny, saklanylmagyny, toplanylmagyny we ýaýradylmagyny üpjün edýän telekommunikasiýa aragatnaşyk we elektron-hasaplaýjy (kompýuter) tehniki serişdeleriniň toplumy (jemi);
• domeýn ady (domen) – tor adresasiýasy üçin hasaba alnan nyşan belgisi, onda (DNS) domeýn atlarynyň ulgamy ulanylýar;
• web-serwer – Web-serwer web-sahypalar görnüşinde guralan maglumaty saklaýar we Internet toruna berýär;
• web-sahypa – ýazgyny, grafiki, ses we wideo faýllary, animasiýany özünde saklap bilýän, aýratyn salgy (URL) bilen üpjün edilen, web-saýtyň özbaşdak bölegi, Internet torunda aýratyn resminama;
• web-saýt – ähli goýlanlar, papkalar, salgylanmalar we tehniki bölüm bilen tematiki taýdan baglanyşykly web-sahypalar topary.
Bu terminler beýleki kanunlarda, kararlarda we şertnamalarda ulanylmaga başlandy. Kanuna görä barmasy kyn bolan oba ýerlerine hem internet hyzmatlarynyň ýeňilliklerini bermek hakynda agzalyp geçilýär. Kitaphanalar, öz-özüni dolandyryş edaralar, bilim edaralarynyň internet ulgamyndan peýdalanmagyny kanunlaşdyrylýar.

Bu kanun esasynda nämeler edip bolýar;
• Uzakdan, öýden internet ulgamy arkaly iş alyp barmaga ýol açyldy
• Obalara çenli internet ulanmaga mümkünçilik döredilýär
• Şertnamalarda internet terminleri ulanmaga başlandy.
• Uzakdan okuw sistemalaryny gurnamak boýunça ediljek işlere ýol açyldy
• Orta bilim berýän mekdeplerdäki kompýuter sapaklaryna internet temasy goýuldy
• Fiziki we ýuridiki şahslaryň maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek kanunlaşdyryldy
• Ylym, bilim, medeniýet edaralary, Ylymlar akademiýasynyň ylmy edaralary, kitaphanalar, muzeý we arhiw edaralaryna internet ulanmaga mümkünçilik döredilýär
• E-mail hyzmatlaryny bermäge ýol açyldy
• Hosting hyzmatlary bermäge ýol açyldy
• Internet söwdasyna, internet habar gulluklaryna işlemek üçin şertler döredilýär.

We ş.m internet portallary, internet magazinlary, telekeçileriden döwlet edaralaryna çenli ähli ulgamlarda interneti ornaşdyrmagyň kanuny taraplary düzülen. E-poçta arkaly ýazyşylýan hatlar, iberilýän ýa-da alynýan resminamalar hem kanun tarapdan beýleki resminamalar bilen deň görülýär. Elbetde bu ýazylanlaryň praktikada nähili işlejegi hakynda şuwagtlykça doly birzat aýdyp bolanok. Peýdaly bolandyr diýip umyt edýärin.

Makalamyzyň üçünji böleginde bolsa raýat hukuklary bilen baglanşykly şertler hakynda ýazarys. Ýagny Türkmenistanda internet ulanylanda nämeler etmek bolanok, indiki makalada size ýetirýäris.

Çeşme: http://goo.gl/mX9UXT

Jogap ýaz