3.Bölüm – Türkmenistanda internet kanunynda adam hukuklarynyň kesgitlenmegi0

01.23.2016

Bu internet kanunyny Türkmenistanda adam hukularyny kesgitleýär we interneti hukuga garşy ulanýanlara garşy hereket edýär. Bu kanuna görä nämeler etmek bolanok?

Ilki bilen internet hyzmatyny berýän guramalar (meselem internet kafeler) raýatlaryň ýaşyny anyklamak üçin degişli resminamalary soramaga haky bardyr. Şu wagt internet kafeleri ulanmak üçin pasport soralýar.
Ýaşy doly ýazylmandyr ýöne “belli bir ýaş derejesindäki çagalaryň” arasynda ýaýradylmagy gadagan edilýän maglumatlar şeýle;

1. Ýowuzlygyň, fiziki, psihiki zorlugyň, jenaýatyň surat ýada ýazgy görnüşleri;
2. Çagalarda gorkyny, ölümi, keseli, özüne kast etmegi, betbagtçylykly ýagdaýy, adamzat mertebesini kemsidýän surat ýada ýazgy;
3. Jynsy gatnaşyklaryň surat ýada ýazgy görnüşleri;
4. Kemsidiji sözleri we aňlatmalary saklaýan maglumatlar.
Çagalaryň arasynda ýaýratmak üçin gadagan edilen maglumatlara şu maglumatlar degişlidir:
1. Çagalarda öz ömrüne, saglygyna howp döredýän hereketleri amala aşyrmaga, öz saglygyna zyýan ýetirmäge, özüne kast etmäge oýarýan;
2. Çagalarda neşe serişdeleri, psihotrop maddalary we prekursorlary, alkogol we temmäki önümleri, nas, toksiki, psihoaktiw, güýçli täsir edýän kelläni sämediji beýleki maddalar bilen meşgullanmak islegini dörediji maglumatlar;
3. Adamlar ýa-da haýwanlar babatda güýç ulanmagyň, ýowuzlygy esaslandyrýan, güýç ulanmak hereketlerini etmäge oýarýan;
4. Maşgala gymmatlyklaryny ret edýän, ata-enelere, maşgalanyň beýleki agzalaryna hormat goýmazlygy döredýän;
5. Hukuga garşy özüňi alyp barmaga gönükdirýän;
6. Hapa sögünji özünde saklaýan;
7. Pornografik häsiýetli maglumaty özünde saklaýan.

Ýokardaky agzalan maglumatlary çagalaryň arasynda ýaýradanlar jogapkärçilige çekilýär. Şeýle hem çagalaryň arasynda oýnalýan oýunlara hem çäklendirmeler bar. Meselem çagalaryň wirtual adam ,öldürme oýunlaryny, agressiýany (gaharjaňlygy) döredýän, horlama ejir çekdirme ýaly zatlary öwredýän, jynsy gatnaşyklara gyzyklanma döredýän oýunlar gadagan edilýär. Şonuň üçin köpçülikleýin internet ulanylýan ýerlerde ýaşynyň barlanan tassyknama, dokument kömegi bilen, internet ýada şeýle oýun hyzmatyny berýän ýerler çagalaryň elýeterliligini çäklendirmäge borçly bolup durýar. Ýagny oýun salonlary açanlar bar bolsa kiçi ýaşly çagalara ýokardaky agzalan oýun görnüşlerini oýnatmaly däl.

Indi bolsa umumy internet ulanyjylaryň etmeli däl zatlary;
1. Türkmenistanyň kanunlary bilen bellenen, ýaýradylmagy gadagan edilen maglumatlary internet arkaly ibermek.
2. Döwlet syryny ýada Türkmenistanyň kanuny bilen goralýan beýleki syry saklaýan maglumatlary internet arkaly ibermek.
3. Türkmenistanyň Prezidentini kemsitmegi, töhmeti özünde saklaýan maglumatlaryň, konstitusion gurluşy güýç bilen üýtgetmäge çagyrýan ýazgylary, urşy, zorlugy we ýowuzlygy, teniniň reňkini, milli we dini duşmançylygy we tapawutlary, pornografiýany, töhmeti we kemsitmegi, jenaýat taýdan jezalandyrylýan hereketleri etmäge gönükdirýän maglumatlaryň Internetden ýaýradylmagy;
4. Rugsatsyz intellektual eýeçiligiň obýektlerine (fiziki ýada ýuridiki şahslara) degişli maglumatlaryň Internet arkaly ýaýradylmagy, peýdalanylmagy we çap edilmegi; (Copyright)
5. Internetden iberilýän reklamalary, alyjynyň rugsady bolman ýada talaby bolmadyk halatynda, aýda iki we ondan köp gezek elektron poçtanyň salgysy boýunça bilgeşleýin iberilmegi;
6. Maglumatyň, Internet hyzmaty berýän operatorynyň daşyndan aýlanyp beýleki kanallar boýunça üçünji şahslardan kabul edilmegi ýa-da berilmegi;
7. Internet-hyzmatlaryndan peýdalanmak hukuklarynyň üçünji şahslara berilmegi;
8. Türkmenistanyň kanunçylygy bilen goralýan kompýuter maglumatyna bikanun girilmegi;
9. Bu maglumat ulgamlarynda durýan maglumatyň ýok edilmegine, gabalmagyna ýa-da üýtgemegine getiren ýa-da getirip biljek içerki, pudagara we beýleki maglumat ulgamlaryna rugsatsyz aralaşylmagy, şeýle hem kompýuter, kommunikasiýa we beýleki enjamyň gabalmagy ýa-da hatardan çykmagy;
10. Interneti peýdalanyjylar hakynda hususy ýa-da beýleki maglumaty aldaw ýoly bilen almak üçin niýetlenen web-sahypalaryň we web-saýtlaryň döredilmegi, peýdalanylmagy we ýaýradylmagy;
11. Zyýan ýetiriji kompýuter programmalarynyň (wirus we ş.m zatlar) döredilmegi, peýdalanylmagy we ýaýradylmagy;
12. Internet kanallary boýunça berilýän maglumatyň mazmuny, onuň dogrulygy we ýaýradylmagy;
13. Fiziki we ýuridik şahslara moral we maddy zyýanyň ýetirilmegi, şeýle hem döwlete zyýan ýetirilmegi;
14. Maglumatyň kriptografik goragynyň sertifikatlaşdyrylmadyk serişdeleriniň peýdalanylmagy.

Bu ýerde ýazylanalaryň köpüsini interneti içgin ulanyp ýörenler etmeli däldigini bilýär. Biziň ýurdumyzda internet diýilende Line progrmmasyndan başga ýere girmeýän adamlar has köp, bu ýerde ählimiziň üns etmeli zadymyz üçünji punkt bolup durýar. Line we ş.m sosial ulgamlarda üns bermän ýazýan zatlarymyz ertir biziň üçin howply bolup biler şonuň üçin hapa sögünçler, töhmetler, kemsidiji sözler ulanmak bu kanun çykanyndan bäri jogapkärçilik getirýär.

Çeşme: http://goo.gl/mX9UXT

Jogap ýaz