iPhone 7 hakynda “gybatlar” ýaýrap başlady0

01.28.2016

iphone-7-without-jack

2015 -nji ýylyň Sentýabr aýynda iPhone 6s akylly telefonuny satuwa çykaran Apple kompaniýasy, beýleki modellerinden tapawutly 3D touch aýratynlygy bilen saýlanypdy. Indi bolsa ýuwaşlyk bilen iPhone 7 hakynda gep gürrüňler ýaýrap başlady.

iPhone-with-USB-C-connect

 

Ilkinji bilen çekişmelere tema bolan aýratynlygy, täze iPhone inçeltmek üçin gulaklyk dakylýan 3.5 mm jak aýylyrarmy? Eger bu aýyrylsa onda 8 miliard dollarlyk gulaklyk bazaryny bimaza etjegi belli. Gulaklyk ulnmak üçin ýerine USB-C ulanar ýaly etmekleri mümkin. Aslynda iPhone-y has inçeltme pikiri täze däl, “KGI Securities” analisti Ming-Chi Kuo ýazan raportynda täze iPhone şu günki 6s we 6s plus modellerinden has inçe boljakdygyny belläp geçýär.

Philips-Fidelio-headphone

Meniň pikirim Apple şeýle gürrüňler çykarmak bilen özüniň käbir ikirjiňlenýän zatlarynda müşderileriniň pikirlerini diňläp şoňa görä hereket edýär. Ýa-da belki kompaniýa özüne degişli has inçe bir jak ýasap öz gulaklygyny özi satar, belli bolmaz. Bu ýagdaýda öz alan kompaniýasy Beats gulaklary näme bolar?  Garaşmaly görmeli.

Täzelikde ýene bir gybat ýaýrap başlady, bu bolsa arkasynda iki kamera boljaklygy hakynda. Gereksiz görünýär ýöne 3D wideo düşürjek bolsa biziň üçinä kemem däl :)

 

Azat Rahmanow

rahmanow.com

 

 

Jogap ýaz