Türkmenistana syýahat edip boljak ýerler (Dowamy)0

05.14.2017

3) Köýtendag täsinlikleri.

Geçen gezek Türkmenistanda syýahat edip boljak ýerler baradaky makalamyzda Ahal welaýatynda ýerleşýän, “Dowzahyň derwezesi” we “Köwata” gowagy barada ýazypdyk. Bu gezek bolsa Köýtendagyň geň we bir birinden üýtgeşik owadan tebigy ýerleri barada ýazmakçy.

Dinozawrlaryň aýak yzlary
Hojapil obasynyň golaýynda Dinozawrlaryň aýak yzlary diýip atlandyrylýan täsin ýer bar. Professor W.M.Sedleskiniň çaklamalaryna görä, bu sudurlarda takmynan 150 million ýyl mundan ozal ýaşap geçen ot iýiji jandarlaryň – iguanodontlaryň we ýyrtyjy dinozawrlaryň aýak yzlary. Yzlar daş keşbi boýunça üç barmagyň anyk bildirýän sudurlary bolup durýar. Yzlaryň aradaşlygy 1,5 metr töweregi bolup, iri dinozawrlaryň boýy 8-12 metre, göwresi 5 metre, agramy bolsa 5-den 10 tonna çenli bolupdyr diýlip çaklanylýar. Uly möçberli yzlaryň arasynda uzynlygy 45 santimetre barabar bolan has kiçi sudurlar hem gabat gelýär. Bu ýerde aýak yzlaryň 400-den gowragynyň bardygy anyklanylandyr. Bütin Köýtendagda dinozawrlaryň aýak yzlarynyň jemi 2500 sanysy bar. Bu täsinligi öwrenmek, goramak maksady bilen 1990-njy ýylyň 3-nji awgustynda dinozawrlaryň belent tekizligi tebigy ýadygärlik diýlip yglan edilýär.

Umbardere şaglawugy
Sowuk suwly bu şaglawuk 27 metr beýiklikden akýar. Köýtendaga baranyňda hökman synlap gaýtmaly ýerlerden biri. Suw aşaklygyna akdygyça giňelýär. Rowaýata göra bu dere öz adyny Umbar atly çopandan alypdyr.

Kyrkgyz gowagy
Iň uly gowaklaryň biri bolup, beýikligi 10 metr, ini 30 metrden gowrak. Gowagyň içinde ýokardan damjalap çeşme akýar. Gowakdaky daş şekilleri gyzlaryň heýkellerine meňzeş. Il arasynda gowagyň ady bilen baglanşykly birnäçe rowaýatlar bar. Ol rowaýatlaryň birinde şeýle diýilýär.

Gadym döwürde bu ýerde ýaşaýan adamlaryň üstüne duşman çozanda obanyň adamlary maslahatlaşyp, obanyň uly gyzlaryny daga gaçyrypdyrlar. Gyzlara “Eger-de duşmandan aman sypsak, habar ibereris” diýipdirler. Obanyň adamlary duşmandan aman sypypdyr we gyzlaryň yzyndan daga habar ugradypdyrlar. Gelýän adamy duşmandyr öýden gyzlar bolsa , özlerini gowaga taşlap heläk edipdirler. Şu rowaýata göra adamlar bu gowaga “Kyrk gyz” gowagy diýýärler we bu ýer keramatly hasaplanýar.

Adamlar bu ýerini zyýarat etmäge gelenlerinde mata bölegine palçyk ýapyşdyryp ýokary oklaýarlar. Eger mata bölegi ýokary ýapyşsa onda arzuwlarynyň hasyl boljakdygyna ynanýarlar.

Gaýnar baba
Garlyk obasynyň golaýynda ýerleşýän Gaýnar baba köp ýerden adamlary synlamak, syýahat etmek, saglygyny dikeltmek üçin özüne çekýän ýerlerden biri. Bu ýerde bir birinden arasy kän daş bolmadyk Gaýnar baba köli we Gaýnar baba çeşmesi bar. Kölüň ululygy 25×35 metr, çuňlugy 3 metr bolup, dury süýji suwy bar we onda köp balyklar ýaşaýar. Gaýnar baba çeşmesiniň suwy bolsa kükürtliwodorodly bolup, çeşmäniň düýbindäki palçyk edil Mollagara we Arçmanyňky ýaly bejerijidir.

Gapgotan gowagy
Diňe Köýtendagyň däl, dünýäniň hem iň uzyn gowaklaryndan biri hasaplanyp, bu gowagyň uzynlygy 56 km töwerekdir. Gowak örän owadan bolup, mermer oniksleri (açyk we goýy reňkde), stalagmit we stalaktit (gowagyň depesinden başaşak sallanýan minerallar) gowakda köp duş gelýär. Ýerasty köllerinde bolsa beýleki GDA ýurtlarynda duş gelmeýän, ýalaňaç kör balyk ýaşaýar. Bu balyklar gözsüz, endamlary tegmilsiz, ýüzgüç haltasyz, we ýüzgüçleri süňksizdir.

Bulardan başga-da Köýtendag tebigaty, howasy we başga-da ençeme owadanlyklary bilen syýahat etmäge degýän, dynç alyşyňyzy geçirmek üçin hem amatly bahadan, hem owadan ýerlerden biridir.

Çeşme: http://goo.gl/mX9UXT

Jogap ýaz