Türkmenistanda syýahat edip boljak ýerler0

05.14.2017

Dürli ýurtlary, dürli tebigat täsinliklerini, üýtgeşik şäherleri görmek, dürli halklaryň medenýetleri, ýaşaýyşlary bilen tanyşmak hemişe gyzykly. Ýöne öz ýurdymyzda hem aýlanyp, gezip, görüp boljak ençeme üýtgeşik tebigy, taryhy, turistik ýerler bar. Geliň olaryň birnäçesini sanap geçeliň:

1) Derweze ýada Dowzahyň derwezesi. Bu ýer daşary ýurtly turistleriň hem iň köp ünsini çekýän we gelip görmek isleýän ýerlerinden biri. Ýöne olar üçin Türkmenistana syýahat etmek, wiza almak aňsat däl. Bu ýere syýahat eden Arizonaly bir syýahatçy www.tripadvisor.com saýtynda Dowzahyň derwezesini welaýatdaky, bütin dünýädäki gitmek üçin iň kyn ýerlerden biridigine garamazdan görmäge degýän iň üýtgeşik ýer diýip teswirläpdir. Dowzahyň derwezesi 1971-nji ýylda gaz almaga başlanlarynda zäherli metan gazy çykyp başlandygy sebäpli otlanýar. Çuňlugy 20 metr, diamteri 70 metr bolan bu äpet otly çukur eýýäm ýarym asyr töwerek ýanmaga dowam edip, gören eşidenleri haýrana goýýar.

Aşgabatdan ýola çyksaňyz 3 sagat wagtda bu ýere baryp bolýar. Gün ýaşyberende barsaňyz garaňkyda otly çukuryň ýitiligi artyp, bütin owadanlygy bilen synlamaga mümkinçilik berýär. Gijäni çadyr gurup bu ýerde geçirmek iň üýtgeşik syýahat tejribelerinden biri bolup biler. Ýöne suw, azyk zatlary hökman ýanyňyzda almaly. Sebäbi çölüň içinde golaý goltumda suw tapmak aňsat däl.

Kaliforniýaly Lucy atly syýahatçy bolsa bu ýerde piknik edip, kagyzdan uçarlary uçurup wagt geçirendiklerini, daş-töweregiň örän sessizdigi üçin oduň ýanýan sesini hem duýmak bolýandygyny ýazýar. Eger Türkmenistana wiza alyp, gidip biljek derejede şowly bolsaňyz bu siziň hökman gidip görmeli ýerleriňizden biri diýip maslahat berýär. Şwesariýaly ýene bir syýahatçy 57 ýurdy syýahat edendigini we syýahat etmegi, üýtgeşik ýerleri görmegi söýýändigini, ýöne Türkmenistanda ýerleşýän Dowzahyň Derwezesi diýen ýeriň ähli gören ýerlerinden üýtgeşikdigini, ony iň gowy gören 3 ýeriniň içine goşandygyny ýazýar.

Hasam bu ýerini syýahat edenler bu ýerde Güniň batyşynyň we doguşynyň owadanlygyny, çölüň sessizliginde oduň sesini diňläp, sagatlarça oňa jadylanan ýaly seredip otyrmagyň mümkinidigini ýazypdyrlar. Köp daşary ýurtly syýahatçylar üçin Türkmenistan çyndanam gitmek üçin, wiza almak üçin iň kyn ýerlerden biri. Ýöne bu ýurdyň ýaşaýjylary hökmünde bu biziň ýakynymyzdaky, öz ýurdymyzdaky bir täsinlik. Şonuň üçin ýurdymyzdaky bu ajaýyp görnüşi synlamak üçin wagt ýitirmäliň.

2) Köwata gowagy we Köpetdagyň beýleki täsin gowaklary

Köwata gowagy Aşgabatdan 100 km uzakda ýerleşýär. Ol Türkmenleriň hem iň köp barýan ýerlerinden biri bolsa gerek. Bu gowagyň özboluşlylygynyň sebäbi ol ullakan bir köli öz içinde saklaýar. Özem bu kölüň suwy ýöne suw bolman, ýod, kükürt, kaliý, natriý, sulfat, brom, magniý, alýuminiý, demir ýaly himiki elementleriň 38-den gowrak görnüşini özünde saklaýan örän şypaly suwdyr. Bu suwa asla gün şöhlesi düşenok. Kölüň suwy ýylyň ähli wagtynda şol bir ýylylykda 33-38 derejede bolany üçin oňa gyşda hem gidip suwa düşmek mümkin. Gowagyň giňligi hem haýran galdyrjak derejede. Uzynlygy 230 metr, beýikligi 26 metre ýetip, bu ýerde 8 gatly jaýyň hem sygyp biljek giňligi bar. Köwata gowagy barada ilkinji maglumatlar 1856-njy ýylda peýda bolýar. Ol wagtlar bu gowaga girmek üçin häzirki ýaly basgançaklar, çyralar ýaly amatly şertler döredilmäni üçin ýüp sallap, ot bilen girýär ekenler. Ol wagt bu köle baryp görmegiň özi iň üýtgeşik başdangeçirme hasaplanýar ekeni.

Köýtendagyň syýahat etmek, baryp görmek üçin iň üýtgeşik ýene bir gowagy hem Kap-Kutan gowagy. Bu gowak Köýtendagyň iň uzyn gowaklaryndan biri bolup, alymlar onuň çylşyrymly labirintlerini günläp, hepdeläp sanapdyrlar. Bu ýerde her dürli jandarlara meňzeş şekiller bolup, olaryň hakykatdanam janly dälde, ýöne daşdygyny ýanyna baraňda düşünip galýarsyň diýip alymlar ýazýarlar. Köýtendagyň beýleki gowaklary Haşymoýuk, Gülşirin, Daşýürek, 2400 metr belentliginde ýerleşýän Döwler gowagy hem hersi öz aýratynlygy, öz täsinligi bilen bir birinden tapawutlanýar.

(Köwata gowagy baradaky ýazgyda Ýelena Dolgowanyň makalasyndan peýdalanyldy)

Çeşme: http://goo.gl/mX9UXT

Jogap ýaz