Älemdäki äpet gurluş0

12.20.2010

NASA-nyň Fermi älem teleskopy, galaktikanyň “Akmaýanyň ýoly” merkezinde 50 müň töweregi ýagtylyk ýyly giňişliginde “äpet gurluşy” gözegçiligine aldy. “Astrofizik žurnaly” atly ylym žurnalynda neşir edilen barlagyň netijelerine görä, gama şöhleleri bilen tapylan bu güberçek gurluş, aslynda, galaktikanyň merkezindäki ullakan gara köwükden pürkülýän galyndy bolmagy mümkin. Alymlar bu  pet tapyndynyň millionlarça ýyllar bäri bardygyny çak edýärler. Bostondaky Harward- Smitonian Astrofizik merkezinde işleýän we açyşy amala aşyrýan topardaky alym Dug Finkbiner näbelli ýyldyzyň çeşmesini anyk kesgitläp bilmändikleri barada aýtdy. Äpet güberçegiň millionlarça ýyl öň ýarylan ýyldyzyň ýa-da ýyldyz toparynyň emele getiren ullakan gaz toplumynyň boşalmagyndan dörän bolmagam mümkin diýip ygtaýar.  Açyş, 2008-iň iýunynda erekete  girizilen Fermi älem teleskopynyň şu wagta çenli ýerine  ýetirilen iň inçe hem-de iň aýdyň gama şöhlesini saklaýjysynyň kömegi bilen amala aşyryldy. Gama şöhleleri yşygyň iň ýokary energiýa şekili diýlip hasaplanylýar. NASAnyň Fermi taslamasy ABŞ, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Ýaponiýa hem-de Şwesiýa döwletleriniň şärikliginde dolandyrylýar.

Zaman – Türkmenistan

Jogap ýaz