Amerikanlar ýakyn wagtda täsin zat ederler1

04.23.2010

Elektrik togyny simleri ulanmazdan howanyň üstünden geçirmeklik tejribeleri ýüz ýyldan öň Nikola Tesla başlady. Iş ýüzünde bolsa bu tehnologiýa entek ulanylanok, emma simsiz elektrik togynyň eksperementleri bolsa hemişe alnyp barylýar.

Mysal üçin, öňde baryjy prosessorlary öndüriji kompaniýa çyralary simsiz ýakýar, dürli kompaniýalar bolsa telefonlar üçin simsiz zarýadlama enjamlaryny taýýarlaýarlar. Amerikan kompaniýasy WiTricity şuňa meňzeş tejribeleri geçirýär we ýylyň soňuna çenli simsiz elektrik togyny adaty şerte getirer diýip ynandyrýar.

WiTricity-niň wekilleri dürli gadžetleriň(enjamlaryň) simsiz zarýadlanar ýaly apparatlary çykararlar diýip ynandyrýarlar; we elektronikany elektrik setine simsiz birikdirmek tehnologiýasy bilen tanyşdyrarlar. Bu diýmek, şu ugurdan tanyşdyrylan köp önümlerden tapawutlylykda, WiTricity-niň taýýarlan tehnologiýasy elektrik togyny howanyň üsti bilen has uzak aralyklara geçirmäge mümkinçilik berer.

WiTricity-niň tehnologiýasy elektrik togyny iň pesinden onlarça santimetrlere geçirip biler diýip garaşylýar. Şunlukda, jaýyň içindäki elektronikanyň dürli simlerini aýyryp bilersiňiz, onuň deregine, mysal üçin, telewizory we öý kinoteatry simsiz elektrik sete birikdirip bilersiňiz.

Öz täzeligiň detallary barada WiTricity kompaniýanyň inženerleri habar berenoklar. Şeýle hem, onuň resmi ýagdaýda tanyşdyrylyş dabarasy haçan geçiriljekdigi we haýsy enjamlaryň simsiz elektrik togy bilen işläp biljekdigi entek belli däl.

Ýazan: Nury Meläýew

  1. Azat R

    04.23.2010

    Meniň bilen bir otagda bolýan oglan elektrik ugurdan okaýar, bu sisteman üstünde işledik. Tok öz magnit meýdanyna giren enjamlaryň ähli iç sistemasyna täsir etýär. 1 meter magnit meýdança döretdik. Elektrikçi, Nokia1200 telefonyny magnit meýdançada ýadyndan çykardy. Telefonlaram ölensoň ysly bolýan eken. :)

    Jogap ber

Jogap ýaz