Äpet ba­ta­re­ýa0

05.09.2010

Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň hem­me ýe­rin­de elekt­ri­gi be­ket­den onuň ula­nyl­ýan ýe­ri­ne elt­mek üçin ho­wa­da­ky ýa-da ýe­riň as­tyn­da­ky sim­ler­den peý­da­la­nyl­ýar. Ýö­ne bu sim­le­riň kö­pü­si 1950-1980-nji ýyl­lar­da çe­ki­len bo­lan­ly­gy ýa-da dür­li te­bi­gy se­bäp­ler­den sim­le­riň üzül­ýän­di­gi ze­rar­ly kä­bir kyn­çy­lyk­lar ýü­ze çyk­ýar. Tä­ze sim çek­mek ýa-da öň­kü­le­ri döw­re­bap­laş­dyr­mak bol­sa örän çyk­da­jy­ly bol­ýar.

Ýö­ne bu me­se­lä baş­ga çöz­güt hem tap­mak bol­ýar. My­sal üçin, elekt­rik be­ke­di şä­her­den uzak bol­sa, şä­her­de elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ýyg­na­ýan uly ba­ta­re­ýa­lar sal­mak bo­lar. Şeý­le ba­ta­re­ýa­lar haý­sy hem bol­sa bir se­bäp­den be­ket­den ener­gi­ýa­nyň gel­me­gi tog­ta­sa, ener­gi­ýa­nyň aky­my­ny di­kelt­mek üçin ge­rek­li bo­lan wag­tyň do­wa­myn­da şä­he­ri elekt­rik bi­len üp­jün et­mä­ge ukyp­ly­dyr­lar.

www.popsci.com saý­ty­nyň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, ABŞ-nyň Pre­zi­dio şä­he­rin­de şeý­le ba­ta­re­ýa gur­lup­dyr. Bu şä­her elekt­rik be­ke­di­ne 1948-nji ýyl­da ho­wa­dan ge­çi­ri­len sim­ler ar­ka­ly ça­ty­lan bo­lup, bu sim­ler ýy­gy-ýy­gy­dan üzül­ýär. Şä­he­riň ke­na­ryn­da sa­l­nan bu ba­ta­re­ýa bol­sa hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň iň uly ak­ku­mul­ýa­tor ba­ta­re­ýa­sy bo­lup dur­ýar. Ba­ta­re­ýa 8 sa­ga­dyň do­wa­myn­da şä­he­riň elekt­rik üp­jün­çi­li­gi­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len 4 me­ga­wat­ta çen­li elekt­ri­gi sak­la­ma­ga ukyp­ly edi­lip ýa­sa­lyp­dyr. Je­mi çyk­da­jy­sy 25 mil­li­on dol­lar bo­lan tas­la­ma­ny bol­sa “Electric Trans­mis­si­on Texas” şe­re­ke­ti ýe­ri­ne ýe­ti­rip­dir.

El­bet­de, bu ba­ta­re­ýa dün­ýä­de şeý­le me­se­le­le­ri çöz­mek üçin ni­ýet­le­nen il­kin­ji ba­ta­re­ýa däl­dir. Hä­zir­ki wagt­da bir­nä­çe elekt­rik şe­re­ke­di “NGK In­su­la­tors” şe­re­ke­ti­niň ki­çeň­räk ota­gy ulu­ly­gyn­da­ky NaS (nat­riý kü­kürt) ba­ta­re­ýa­sy­ny ulan­mak ar­ka­ly, tä­ze sim çek­mek ýa-da öň­ki sim­le­ri döw­re­bap­laş­dyr­mak ýa­ly çyk­da­jy­ly iş­le­ri so­ňa goý­ýar­lar.

“NGK In­su­la­tors” şe­re­ke­ti­niň we­kil­le­ri öz ön­dür­ýän ba­ta­re­ýa­la­ryn­da ula­nyl­ýan teh­no­lo­gi­ýa­la­ry has-da kä­mil­leş­dir­me­giň üs­tün­de iş­le­ýän­dik­le­ri­ni, ge­le­jek­de bu ba­ta­re­ýa­la­ry daş­ky gur­şa­wa ze­per ýe­tir­me­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­rin­den alyn­ýan elekt­ri­gi sak­la­ma­ga ukyp­ly edip ön­dür­mek­di­gi­ni nyg­ta­ýar­lar.

Zaman – Türkmenistan

Jogap ýaz