Binatone B-Quick çäýnegi suwy 45 sekuntda gaýnadýar0

07.08.2010

Britan şereketi Binatone suwy örän tiz gaýnadýan täze B-Quick çäýnegi öndürdi. Işläp taýýarlaýjylaryň aýtmagyna görä suwy gaýnatmak üçin ähli prosesse 45 sekunt gerek bolýar. Dogrysy, bir saparda diňe 250 ml suw gaýnadyp bolýar ýöne, beýle göwrüm asla tötänden saýlanan däldir. Gaýnag suwy tiz alyp bolýandygyndan bu örän amatlydyr, hem-de köp mukdarda suw gaýnatmaga we artykmaç elektrik togyny sarp etmäge zerurlyk ýok.

Size bu çäýnege ýygy-ýygydan suw guýmak gerek bolmaz – täzelik 1,5-litrli suw üçin ätiýaçlyk çelegi bilen enjamlaşdyrylan. Şondan ýörite gaýnatma bölümine zerur bolan suw mukdary alyp berilýär, muňa Aqua Bene tehnologiýasy jogap berýär. Taýýar gaýnag ýörite dozatoryň üsti bilen çaşka guýulýar – prinsipi ýönekeý kofewarka örän meňzeýär.

Bu çäýnegiň kuwwaty 3 kWt, bahasy bolsa 240 manat töwerek bolar.

Ýazan: Batyr BATYROW

Jogap ýaz