At­mos­fe­ra­nyň da­şyn­da ös­dü­ri­len il­kin­ji ekin0

02.01.2016

Mä­lim bol­şy ýa­ly, Hal­ka­ra Kos­mos Be­ke­din­de dür­li yl­my iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Bir­nä­çe ýur­duň gat­naş­ma­gyn­da dö­re­di­len be­ket­de gel­jek­de älem gi­ňiş­li­gin­de ýa­şa­lyp baş­lan­ma­gy­na taý­ýar­lyk­la­ryň çäk­le­rin­de tä­ze açyş­lar edil­ýär. Bu ýer­de alym­lar we hü­när­men­leri tarapyndan taý­ýar­la­nan yl­my tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Olar sag­ly­gy go­ra­ýyş, oba ho­ja­ly­gy, azyk se­na­ga­ty, ara­gat­na­şyk we beý­le­ki pu­dak­la­ra de­giş­li­dir. Onuň çäk­le­rin­de kos­mos be­ke­din­de il­kin­ji ekin ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­di. Bu ýer­de iş alyp bar­ýan kos­mo­nawt­lar il­kin­ji ge­zek Ýe­riň dar­tyş güý­jü­niň bol­ma­dyk ýe­rin­de ýe­ti­şen bak­ja önü­mi­niň ta­ga­my­ny da­dyp gör­dü­ler. Bu ta­ry­hy pur­sat NA­SA-nyň in­ter­net saý­tyn­da gö­ni ýaý­lym­da ula­ny­jy­la­ra ýe­ti­ril­di. Ast­ro­nawt­lar bu ýer­de LED çy­ra­la­ry­nyň as­tyn­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len iş­däa­çar ýap­ra­gy­ny iý­mez­den ozal, ony ma­za­ly aras­sa­la­dy­lar. Olar ýap­ra­gyň ýa­ry­­ny iý­di­ler, ga­lan ýa­ry­ny bol­sa, yl­my taý­dan bar­lan­ma­gy üçin Ýe­re ug­rat­dy­lar.

33 günde ýetişdi

8-nji iýul­da eki­len bak­ja önü­mi 33 gün­de ýe­tiş­di. “Veg­gie” at­ly ul­gam­da eki­len­di­gi üçin oňa “Veg-01” di­ýip at be­rler. Ony ös­dür­mek üçin taý­ýar­la­nan “ýas­syk­la­ry” OR­BI­TEC şe­re­ke­ti iş­läp dü­züp­dir. Ol ge­çen ýy­lyň ap­rel aýyn­da ame­ri­kan ast­ro­naw­ty Stiw Swan­son bi­len bi­le­lik­de, hal­ka­ra kos­mos be­ke­di­ne ug­ra­dy­lyp­dy. Onuň çäk­le­rin­de ös­dü­ri­len il­kin­ji ösüm­lik­ler ge­çen ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da Ýe­re ug­ra­dy­lyp­dy we Flo­ri­da­da­ky Ken­ne­di kos­mos mer­ke­zin­de azyk howp­suz­ly­gy sy­nag­la­ryn­dan ge­çi­ri­lip­di.

“Veg­gie” ul­ga­myn­da ösüm­lik­le­riň ýe­tiş­me­gi üçin ýa­şyl reňk­li LED-le­re ga­ra­nyň­da, has köp ýag­ty­lyk saç­ýan gy­zyl we ma­wy LED çy­ra­lar­dan peý­da­la­nyl­dy. Be­new­şe reňk­li ösüm­li­giň daş­ky gör­nü­şi­niň has ýa­şyl bol­ma­gy­ny ga­zan­mak üçin bel­li bir de­re­je­de ula­lan­soň, ýa­şyl çy­ra­lar­dan haýyrla­nyl­ýar.

Köp wagt­dan bä­ri öw­re­nil­ýär

At­mos­fe­ra­nyň da­şyn­da ekin ek­me­gi öw­ren­mek üçin hü­när­men­ler köp wagt­dan bä­ri gy­zyk­lan­ýar­lar we yl­my iş­le­ri alyp bar­ýar­lar. NA­SA kos­mos gä­mi­le­rin­dä­ki we beý­le­ki pla­ne­ta­lar­da­ky hem-de as­man ji­sim­le­rin­dä­ki ast­ro­nawt­la­ry azyk önüm­le­ri bi­len üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len kos­mos gi­ňiş­li­gin­de bak­ja önüm­le­ri­ni ýe­tiş­dir­me­giň ala­da­sy­ny edil­ýär. Eger bu mak­sat ama­la aşy­ryl­sa, on­da kos­mo­nawt­lar Ýe­re ga­raş­ly bol­maz­dan, älem gi­ňiş­li­gin­de yl­my iş­le­ri­ni uzak wagt­lap do­wam et­di­rer­ler. Hal­ka­ra Kos­mos Be­ke­din­de 2002-nji ýyl­da gur­lan “La­da” at­ly “ýy­la­dyş­ha­na­da” Ýe­riň dar­tyş güý­jü­niň bol­ma­dyk ýe­rin­de ösüm­lik­le­riň ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­me­gi bi­len bag­ly yl­my iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Çeşme: http://goo.gl/dC9cqY

Jogap ýaz