Köp gatly ekin meýdanlary peýda bolar0
02.01.2016Tehnologiýanyň ösmegi önümçiligiň ähli ugurlarynda özüniň ýeňilliklerini hödürleýär.
Indi adam zähmetini talap edýän işleriň köpüsini robotlar amala aşyrýar. Tehnologiýanyň soňky gazananlary oba hojalyk pudagynda hem giňden peýdalanylýar. Täze usullary ulanmak arkaly ýerden has ýokary hilli, bol hasyl alynýar. Dünýä ilatynyň artmagy bilen azyk harytlaryna isleg hem ýokarlanýar. Bu bolsa, uly şäherleri azyk önümleri bilen üpjün etmekde täze çözgütleriň taýýarlanmagyna itergi berýär. 2050-nji ýyla çenli dünýäniň ilatynyň ýene-de birnäçe milliard artmagyna garaşylýar. Hünärmenler şäher ýerlerinde köp gatly ekin meýdanlaryny döretmegi teklip edýärler. Şeýle hem şäher ilatynyň täze miwedir bakja önümlerine islegini kanagatlandyrmak maksady bilen soňky ýyllarda şähere golaý ýerlerde ekerançylyk meýdanlary döredilýär. Mundan başga-da binalaryň üçekleri ekin ekmek üçin peýdalanylýar. Adatça, bu usul myhmanhanalarda we restoranlarda müşderilere täze önümleri hödürlemek üçin ulanylýar. Uly göwrümli ammarlardaky köp tekjeli ekin meýdanlary hem şäher ilatyny täze gök önümler bilen üpjün etmekde peýdalanylýan usullaryň birine öwrüldi. Şeýle taslamalaryň ählisi şäher ilatyny azyk önümleri bilen üpjün etmegiň dürli ýollarynyň bardygyny görkezdi.
Üsti ýapyk meýdanlar köpelýär
ABŞ-nyň Arizona ştatynda 1,3 inedördül meýdanda ýapyk ýerde pomidor we hyýar ösdürilip ýetişdirilýär. Illinoýs ştatynda 8 müň inedördül meýdandaky howuzlarda balyk ýetişdirilýän bolsa, onuň çäklerindäki köp tekjeli ýerlerde gök önümlerine ideg edilýär. Soňky wagtlarda amatly bolanlygy sebäpli şäherlerdäki üsti ýapyk ekin meýdanlarynyň mukdary açyk atyzdakydan köpelýär. Munda tehnologiýanyň ösmeginiň hem täsiriniň uludygy bellenilýär. Mysal üçin, ýapyk ýerleri ýagtylandyrmakda soňky wagtlarda LED çyralary ulanylýar. Onuň bu görnüşi ösümlikleriň ösmegine hem öz täsirini ýetirýär. Şeýlelikde, has arzan bahadan ýokary hasyl alynýar.
Häzirki wagtda köp gatly ekin meýdanlarynda gysga wagtda we aňsat ösdürilip ýetişdirilýän, ýokary islegden peýdalanýan gök-bakja önümleri ösdürilýär. Geljekde sarp edijiler bu ekin meýdanlarynda himiki garyndylar ulanylmadyk, organiki bakja we miwe önümlerini talap ederler. Şeýle ýagdaýda köp gatly ekin meýdanlary peýda bolar. Bu edil, birnäçe ýyldan bäri bar bolan köp gatly awtoduralgalar ýaly bolar. Ýaponiýada, Günorta Koreýada, Singapurda, ABŞ-da we Kanadada şeýle ekin meýdanlary peýda bolup başlady. 2050-nji ýylda şäher ilatynyň azyk zerurlygynyň ýaryny şeýle ekin meýdanlary üpjün eder. Bularyň peýda bolmagy şäheriň ekoulgamynyň hem gowulanmagyna täsir eder.
Çeşme: http://goo.gl/EcGdpg