Disketalaryň önümçiligi ýatyrylar0
05.07.201020 ýylyň dowamynda kompýuter disketalaryny öndüren ýaponlaryň “Sony” kompaniýasy onuň önümçiligini ýatyrýar diýip, “The Mainichi Daily News” gazeti habar berdi. Bu barada metbugat beýanatyny beren kompaniýanyň ýolbaşçylary 3,5 dýuýmlyk disketalaryň önümçiligini 2011-nji ýylda togtatmakçy bolýandyklaryny aýdyp geçdiler. Häzirki wagtda kompaniýanyň 3,5 dýuýmlyk disketalary boýunça ýapon bazaryndaky söwdasy 70 göterime barabardyr. Geçen ýyl “Sony” bu disketalaryň 8,5 millionyny satypdy. Bu bolsa olaryň söwdasynyň iň şowly bolan 1995-nji ýyl bilen deňeşdirilende bary-ýogy 10 göterimine eýe bolýar. Öz döwründe kompýuterleriň ählisinde hem ulanylan bu disketalaryň ilkinji önümçiligi baryp-ha 1981-nji ýylda başlanypdy.