Döwrebap Hammam Tehnologiýasy0

04.16.2010

Gündelik durmuşda ulanylýan birnäçe enjamlar, indi öňküsi ýaly diňe bir maksat üçin döredilenok. Italýan hammam enjamlary öndürýän Stocco firmasy tarapyndan döredilen hammam aýnasy Maitre, munyň iň soňky mysaly.

Firmanyň döreden ellematik aýnasy, ýönekeý bir hammamy döwrebap tehnologiýalar bilen bezeýär.

Sag aşak tarapynda bir ellematik ekrany bolan bu aýna, ulanyjy tarapyndan programirlenilýän radio, sene, wagt, barometer we ş.m tehnologiýalary özünde jemleýär, aýratyn hem yşyklandyrma sistemasy bar.

90 santimeterden 2 metere çenli ölçegli modelleri bolan bu enjamyň üstündäki MP3 Pleýer, duşa gireniňizde, size aýdym diňleme mümkinçiligi berýär. :)

 

 

Ýazan:  Azat Rahmanow

 

Jogap ýaz