Dünýäniň iň kuwwatly mikroskopy işläp başlady0

07.07.2010

San-Antonioda Tehas uniwersitetiniň labaratoriýasynda (University of Texas at San Antonio, UTSA) täze JEOL, JEM-ARM200F elektron mikroskopy maddalary 20 million esse çenli ulaldyp bilýär, bu hem şuwagt dünýäniň iň kuwwatly mikroskopy bolup durýar.

Bu enjamy taýýarlanlar, täze ylmy guralyň kömegi bilen alymlar rak we beýleki howply keselleri bejermekde ep-esli öňe gidişligi gazanarlar diýip umyt edýärler.

Täze mikroskop ýöreti taýýarlanylan laboratoriýada ýerleşdirilen, onuň işlemegine otrisatel täsir edýän daşky sarsgynlardan we beýleki faktorlardan goramak üçin. Alymlar lazer bilen bilelikde rak öýjükleri weýran etmek üçin, belli formada we ölçegde nanobölejikleri taýýarlamagyň tehnologiýasyny işläp düzmekde mikroskopyň mümkinçiligini doly depginde ulanýarlar.

UTSA uniwersiteiniň ýolbaşçylarynyň aýtmagyna görä, JEM-ARM200F mikroskopy özleriniň käbir ylmy-barlag işlerinden soň, ony günde 24 sagat we hepdede ýedi gün onlaýn režimde dolandyrmana we ulanmaga dünýäniň hemme  alymlaryna elýeterli bolar.

Ýazan: Batyr BATYROW

Jogap ýaz