Iň ukyp­ly ro­bot0

05.24.2010

NA­SA we “Ge­ne­ral Mo­tors” şe­re­ke­ti­niň in­že­ner­le­ri­niň hem älem gä­mi­le­ri­dir, be­ke­din­de hem-de önüm­çi­lik­de peý­da­la­ny­lyp bol­jak has köp işi ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge ukyp­ly ro­bo­ty köp­çü­li­ge ta­nyş­dyr­dy­lar. “Ro­bo­na­ut 2” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan bu en­ja­myň bar­mak­la­ry beý­le­ki ro­bot­la­ra ga­ra­nyň­da has ukyp­ly. Aýak­la­ry bol­ma­dyk we ada­myň bi­lin­den ýo­kar­sy­na meň­ze­di­lip ýa­sa­lan bu en­jam­lar älem gä­mi­sin­de, fab­rik­de we beý­le­ki önüm­çi­lik des­ga­la­ryn­da iş­le­di­ler. Kel­le­si, el­le­ri we bar­mak­la­ry ada­ma meň­zeş bo­lan bu en­ja­myň aýak­la­ry­nyň ýe­ri­ne ti­gir­çek goý­lup­dyr. NA­SA-nyň we­ki­li Ron Dift­ler ro­bo­ty has hem kä­mil­leş­dir­mek üçin iş alyp bar­ýan­dyk­la­ry­ny, esa­sa­nam hal­ka­ra älem be­ke­din­de bel­li bir ýe­re ber­ki­di­lip iş­le­dip bol­jak­dy­gy­ny aýd­ýar. “GM” şe­re­ke­ti­niň we­ki­li bol­sa en­ja­myň aýa­gy­na mä­täç­lik duý­ma­ýan­dy­gy­ny aýd­ýar. Bu en­ja­myň iň iş­jeň “ag­za­sy” eli we bar­mak­la­ry. Şe­re­ke­tiň önüm­çi­li­gi kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça bö­lü­mi­niň jo­gap­kä­ri Alan Ta­ub adam ana­to­mi­ýa­sy üs­tün­de iş­le­ýän­dik­le­ri­ni we ro­bo­tyň me­ha­niz­mi­ni şo­ňa meň­zet­mä­ge ça­lyş­ýan­dyk­la­ry­ny aýt­dy. Ro­bot­la­ryň “en­da­my” haý­sy­dyr bir zat de­ge­nin­de gar­şy­lyk be­rer ýa­ly duý­gur edi­lip­dir. Ony ki­çi­jik bir ça­ga el­le­se-de şol wag­tyň özün­de he­re­ke­ti­ni tog­tad­ýar. Hü­när­men­ler aw­tou­lag önüm­çi­li­gin­de yzy­gi­der­li edil­ýän iş­le­ri ynam­ly we ara­kes­me­siz ýe­ri­ne ýe­ti­rip bil­jek aw­to­ma­tik ul­ga­myň dö­re­dil­me­gin­de bu ro­bot­la­ryň kö­mek edip bil­jek­di­gi­ni ha­bar ber­ýär.

Zaman – Türkmenistan

Jogap ýaz