Janly organizmlerde signallaryň kabul edilişi1

08.11.2010

Janly organizmlerde informasiýa daşky dünýäden özleriniň duýgy organlary bolan göz, gulak, burun, deri, dil we ş.m. arkaly kabul edilýär, beýnide olar kesgitli  nerw impulslarynyň yzygiderligi görnüşünde işlenip taýyarlanýar. Janly organizmlerde impulslar nerw süýümleri boýnça iberilýär. Kabul edilen informasiýalar beýniniň neýron düzümi ýagdaýynda organizmiň ýadynda saklanýar. Janly organizmiň beýnisinde ýatda saklanan informasiýalar ses signallary, hereketler, piker etmeler we ş.m. görnüşünde ýatdan huşa alynýar hem-de özüniň ýaşaýyş prosesini dowam etdirmekde peýdalanýar. Janly organizmlerde nesil nyşanlary we häsiýetleri boýunça informasiýalaryň berilişi biologiýa taýdan hromosomlar arkaly amala aşyrylýar. Sonuň üçin hem ähli janly organizmleriň çagalary olaryň özlerine meňzeşdirler.

Islendik janly organism ýaly adam hem daşky gurşawdan alan informasiýalaryny beýnide toplap öz bilimini artdyrýar. Ýöne beýle proses adamdan beýleki janly organizmde has gowşak ýa-de ösmedik ýagdaýda diýen ýalydyr. Janly organizmleriň içinde diňe adamda daşky gurşawdan alan informasiýalaryny özündäki ýatda saklaýan informasiýasy bilen tiz deňeşdirmek hem-de çözgüdi kabul etmek mahsus hasap edilýär. Janly organizmleriň köpüşi ýaşaýyş üçin çözgüdi indtinkt boýunça kabul edýarler.

Hususanda janly organizmlerde informasiýalar bilen iş salyşy häzirki zaman kompýuterleriň işleýşinde örän köp meňzeşlik we ugurdaşlyk bardyr.

Surat: Adamyň daşky gurşawdan informasiýa alyşy

Ýazan: A. Ýazgylyjow – Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

  1. awcy

    01.16.2011

    Örän gowy informasiýa, sagbol.

    Jogap ber

Jogap ýaz