Älem gi­ňiş­li­gin­de gün ener­gi­ýa­sy0

05.11.2010

Ýe­ras­ty ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­niň azal­ma­gy­nyň ne­ti­je­sin­de ba­ha­sy ýo­kar­lan­ýan ener­gi­ýa çeş­me­le­ri bu ugur­da al­ter­na­tiw ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne ge­tir­ýär. Kä­mil teh­no­lo­gi­ýa­ny ta­lap ed­ýän älem gi­ňiş­li­gin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler­de bol­sa iň esa­sy mese­le­le­riň bi­ri Ýer­den älem gi­ňiş­li­gi­ne gat­naw bo­lup dur­ýar.

Şeý­le bo­lan­soň ýa­pon­lar dün­ýä­de ula­nyl­ýan bu teh­no­lo­gi­ýa­ny älem gi­ňiş­li­gi­ne or­naş­dyr­ma­gyň ala­da­sy­ny ed­ýär­ler. Ýan­gyç ulan­maz­dan gün şöh­le­le­ri­niň iti­ji kuw­wa­tyn­dan peý­da­lan­mak ar­ka­ly he­re­ket et­jek “IKA­ROS” älem gä­mi­si 18-nji maý­da uçu­ry­lar. Ýur­duň älem göz­leg mer­ke­zi­niň (JAXA) 1,5 mil­liard ýen (17,3 mil­li­on dol­la­ra ba­ra­bar) harç­la­nyp iş­le­nip dü­zü­len “IKA­ROS-yň” açy­la­nyn­da ini 14 met­re ýet­ýän “ýel­ke­ni” bar. Ýa­po­ni­ýa­nyň gü­nor­ta­syn­da­ky Ta­ne­ga­şi­ma kos­mod­ro­myn­dan uçu­ryl­jak gä­mi al­ty aý­dan soň­ra We­ne­ra ba­rar. JAXA-nyň hü­när­me­ni Yui­çi Su­da “ýyg­nal­ýan” ýel­ke­niň sa­çyň ga­lyň­ly­gyn­dan has ýu­ka­dy­gy we gün şöh­le­le­rin­den ener­gi­ýa ön­dür­mä­ge ukyp­ly­dy­gy­ny aýd­ýar. Gün­den gel­ýän şöh­le­ler ar­ka­ly il­ki­ba­da ýo­ka­ry tiz­li­ge çyk­ma­sa-da onuň tiz­li­gi yzy­gi­der­li art­ýar. Onuň tiz­li­gi 3 ýyl­dan soň gä­mi­niň tiz­li­gi sa­gat­da 150 müň ki­lo­met­re ýe­ter. Ýan­gyç­syz, ar­zan we howp­suz bu teh­no­lo­gi­ýa ar­ka­ly uzak­möh­let­le­ýin älem açyş­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ler. Şeý­le hem JAXA öňü­miz­dä­ki 5 ýy­lyň do­wa­myn­da Aýa ti­gir­li ro­bot goý­ber­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. 2020-nji ýy­la çen­li bol­sa Aý­da il­kin­ji älem be­ke­di­ni gur­ma­gy göz öňün­de tut­ýar. Ýa­pon gu­ra­ma­sy 10 ýyl­lyk me­ýil­na­ma üçin 200 mil­liard ýen (2,3 mil­liard dol­lar) sarp eder. Ýa­po­ni­ýa bu tas­la­ma üs­tün­lik­li ta­mam­la­nan ýag­da­ýyn­da hä­zir­ki­den iki es­se ulu­lyk­da ýel­ke­ni bo­lan älem gä­mi­si­ni Ýu­pi­te­re goý­ber­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.

Zaman – Türkmenistan

Jogap ýaz