Magnitlenen nanobölejikler dermanlary eltýärler0

05.01.2010

 

Magnit meýdany we demir düzümli nanobölejikler dermanlary gan aýlanyş damarlaryň zeper ýeten ýerlerine elter.  Ýöne, munuň üçin ilki bilen damara poslamaýan polatdan giňeldiji guraly goýmaly.

Filadelfiýanyň çagalar gospitalynyň (The Children Hospital of Philadelphia), Dreksel Uniwersitetiniň (Drexel University), Demirgazyk-Gündogar uniwersitetiniň (Northeastern University) we Dýuk Uniwersitetiniň (Duke University) alymlary lukman Robert Jeý Lewiniň (Robert J. Levy) ýolbaşçylygynda täze tehnologiýany işläp düzdiler. Bu tehnologiýa terapewtiki kesgitlenen ýere DNK, öýjükler we dermanlar ýaly möhüm “ýükleri” eltmäge mümkinçilik berýär. Teklip edilen usul medisinada düýbini tutan stentirowaniýe usuly esasynda esaslandyrylan.

Haçanda birnäçe medikamentlary ulanmaga zerurlyk ýüze çykan mahaly, metaliki stentlary we nanobölejikleri toplumlaýyn bejergi üçin ulanyp bolar. Nanobölejikler birwagtda birnäçe täsir ediji serişdeleriň molekulalaryny geçirmäge ukyply. Şeýle hem gezekme-gezek derwaýys täsir ediji serişdeleri inýeksiýa etmäge mümkinçilik bar. Barlagyň ýolbaşçysy beýan edilen tehnologiýanyň çagalary bejermekde hem ulanyp boljakdygyna ynamy bar.

Ýakyn gelejekde alymlar birnäçe tejribeleri we kliniki barlaglary geçirmäni meýilleşdirýarler.

Ýazan: Batyr BATYROW

Jogap ýaz