Medisina ekspert ulgamy – I.Bölüm0

06.06.2013

Multi-ethnic medical teamMedisina ekspert ulgamyň gerekliligi

Syrkawlaryň öz kesselerini anyklamaga we bejermäge mümkinçilik berýän elektron ulgamlarynyň lukmançylyga ornaşmasynda soňra medisinada garaşylmadyk has ýokary netijelere garaşylýar.

Ekspert ulgamlary ilkinji nobatda standart ýagdaýlarda lukmanlaryň ýerini çalyşyp bilmeli. Lukmançylyk uniwersitetlerinde öwredilýän ýönekeý algoritmler ortaça lukmanyň ortaça akyly üçin niýetlenen. Munuň ýaly algoritmler kompýuter programmalaryň görnüşine ýeňil girizilýär we ony biologiýadan ýönekeý bilimi bolan adamlar ulanmaga doly ukyplydyr.

Hemme ekspert ulgamlary üçin girmäge ygtyýarlyklary döretmägi çäklendirýän esasy faktorlaryň biri–de interfeýs meselesi bolup durýar. Lukmançylyk ylymlaryna girmeklige häzirki wagtda  hiç hili çäklendirme ýok. Internet – saýtlaryň uly topary bolup, olardan usatlyk derejede häzirki zaman lukmançylyk maglumatlaryny alyp bolýar. Ýöne bu ýerde mesele  maglumatlar lukman tarapyndan lukmanlar üçin ýazylypmy ýa–da ýok, bu lukmançylyk tarapdan bilimi bolmadyk adamlar üçin düşünmekligi çäklendirýär.

“Lukmansyz ekspert ulgamlaryny” döredijileriň ilkinji duş gelýän problemalarynyň biri  medisina maglumatlaryny subýekt – subýekt formatyndan obýekt – obýekt formatyna geçirmek zerurlygy bolup durýar. Syrkawa jogap bermeli bütinleý başga soraglar. Maňa näme boldy? Näme üçin bu kesel mende döredi?  Bu kesel aýrylar ýaly men näme etmeli? Eger hiç zat etmesem, netijesi nähili bolar? Interfeýs hökmünde lukmanyň  bu ýerde ornuny çalyşyp bolmaýar. Köp lukmanlar syrkaw bilen gepleşmegiň adaty düzgüninde girewe alnan bolup galýarlar. Syrkawlaryň ömür öz lukmanlaryny gözleýändigi baradaky gürrüňleri hemmelere aýandyr. Käwagtlar deňeşdirme ulanýarlar – lukman hemişe açaryň öz ýerine barşy ýaly jaýdar düşmelidir.

Dürli syrkawlar lukmanlaryň dürli hereket etmelerini ileri tutýandygy bellidir. Kimler has belli lukmanlara ýüz tutmagy söýýärler, kimler has liberal lukmanlary söýýärler. Syrkawa birnäçe soraglara jogap bermegi hödürläp, soraglaryň netijelerini seljerip, syrkawlara nähili çemeleşmelidiginiň programmasyny saýlamak, hödürnamalaryny bilmek hiç hili kynçylyk döretmeýär. Bu has çalt, takyk we çeýe etmek, lukmanlaryň kommunilatiw tehnologiýasyna garanda çalt bolýär.

Ýokarky getirilen ýagdaýlarda  anyk maslahatlary bermäge ukyply ekspert ulgamy  syrkawlar üçin bahasyna ýetip bolmajak kömekçi bolýar. Mundan hem başga häzirki wagtda esasy biologiki görkezijileri özbaşdak bahalandyrmaga ukyply elektron modullar örän köp ornaşdyrylýar. Munuň ýaly modullaryň ornaşdyrylmagy eýýäm hakykat bolup galdy. Eýýäm gaýragoýulmasyz kömek bölümlerinde (kabul ediş bölümlerinde) amerikan stasionarlary öňünden hasaba alyş kioskleri ulanýarlar. Has agyr patalogiýaly syrkawlar göni manipulýasiýa düşýärler, syrkawlaryň başga toparlara kiosklerden birini ulanmaklygy maslahat berýärler.   Kioskler ulanylanda syrkawlara jikme–jik medisina soraglaryny bermezden, esasy demografiki soraglara jogap bermegi hödürleýärler. Gaýtadan ýüz tutýan syrkawlar standart meýdanlary – adyny, familiýasyny, doglan senesini, jynsyny we indeksini awtomatiki doldurmak üçin kredit kartasyny ulanyp bilýärler. Täze syrkawlar elektron klawiaturasynyň kömegi bilen maglumatlary girizip bilerler. Öňden alnan jogaplara baglylykda soraglary hödürlenip bilner. Bu maglumatlar nobatsy şepagat uýasynyň pultyna berilýär. Kioskler ambulatoriýa kömek şertlerinde öz–özüňe hyzmat etmek konsepsiýasyny ornaşdyrmakda ýa–da hassahanalaryň kabul ediş bölümlerinde ulanmakda arzan we ýönekeý usul bolup durýar. Syrkawlar has amatly hyzmatyň peýdasyny alýarlar we kömege garaşmak wagtyny gysgaldýarlar, bejeriş edaralarynyň işgärleri bolsa rutin administratiw hereketlerine harç edilýän wagtyň tygşytlanmagyna we kömege garaşýan syrkawlara harçlanýan wagtyň ulalmagyna kömek edýär. Hasaba alyş kiosklarynyň ösmegi medisina öz–özüňe  hyzmat etmek tehnologiýasyna bolan gyzyklanmany höweslendirmek bolup durýar. Owatonna Hospital (Owatonna, MN) hassahanasynda syrkawlar dermanhana barmazdan gaýragoýulmasyz kömek üçin preparatlary alyp bilerler.  Кiosk 40–60 has ýiti kömek üçin gerek bolan preparatlar bilen ýüklenen (neşeden başga) we gije – gündizde barmak üçin açyk ýagny ýylda 365 gün hyzmat edýär. Кioskler şeýle–de anyklaýyşmedisina stansiýalary hökmünde ulanylyp bilner, onda syrkaw özüniň gan basyşyny ölçäp, pulsoksimetrini geçirip, özüniň agramyny ölçäp we ş.m. ulanyp bilerler. Mundan soňra syrkaw özünde bar bolan töwekgelçilik faktorlary barada maglumat alyp bilerler. Amerikan rak jemgyýeti bilen bilelikde (University of Georgia) uniwersitetiniň barlag programmasynda hemmeler üçin ulanmaga ygtyýarly şunuň ýaly kioskleriň birnäçe dermanhanalarda we Jorjiýa ştatynyň dükanlarynda  gurnalýar. Ekspert ulgamlarynda aralykdan girmek usuly hem yza galmaýar. Öz keseliňi özbaşdak anyklamak (Electronic Medical Solutions) üçin hemmelere elýeterli umumy saýt  ilkinji gezek 1999 – njy ýylda döredilýär.  2006 – njy ýylda bolsa amerikanyň iň bir konserwatiw medisina  jurnallarynyň biri syrkawlaryň ekspert ulgamlaryny ulanmak barada bolup geçen fakty ýazýar we mysal getirýär, ýagny syrkaw özüne özbaşdak nehoždkin limpfoma keseli barada anyklama goýýar. Lukman bu anyklamany görüp we barlap bu saýtyň kömegi bilen islendik adam medisina ugurdan bilimsiz özüne keseli anyklamak barada netijäni goýup biljekdigine göz ýetirýär.

medisina-ekpert

Ekspert ulgamlar dünýäde giňden ýaýrady. Olary süýjülik diabetini anyklamak ýa–da ganbasyşynyň effektiw monitoringine garanda has çylyşyrymly çözgütleri kabul etmek üçin ulanýarlar. Olar lukmanlaryň belli keselleriniň ylmynda anyklamakda we bejermekde ýerine ýetirýän işlerinden, ýüz esse köp parametrleri seljerýärler. Medisina eýýäm köp wagtdan bäri öz prosseslerini ýazmagyň matematiki usulyna geçdi.

Ekspert ulgamlary öz – özüňden öwrenmeklige ukyplydyr. Ekspert ulgamlary täze maglumatlary generirlemäge ukyplydyr. Käbir ýagdaýlarda bu maglumatlar iň garaşsyz pikirlenip bilýän alymlar üçin hem ýokary derejede garaşylmadyk bolup durýar. Bilimiň başga oblastlarynda öz–özüňden öwrenmeklige ukyply ekspert ulgamlaryny ornaşdyrmak asyrlaryň dowamynda ýetip bolmajak hasaplanylýan düýpli düzgünleri ep–esli üýtgetmäge mümkinçilik berdi.

Syrkawlaryň özüni alyp barşy we endikleri we “lukman bilen gürleşmek” islegi ekspert ulgamlarynyň ýolunda päsgelçilik döretmeýär.

Ekspert ulgamlary statistikanyň esasynda işleýärler, çözgütleýji düzgünler bolsa lukmanlaryň birleşdirilen tejribelerini akkumulirleýärler.

Kasym Ýazlyýew

Jogap ýaz