Medisina ekspert ulgamy – II.Bölüm0

06.06.2013

medisina-ekspert-300x231Häzirki zaman medisina ekspert ulgamlarna syn

Burun dykylma dümewi bilen baglanyşykly LOR – keselleriniň oblastynda medisina ekspert ulgamy [5]

Ekspert ulgamyny taslamak üçin medisinanyň iň inçe ugruny saýlap alýarlar – otorinolaringologiýa, hususan hasmork (burun dykylma) oblasty.

Programma aşakdaky ýaly keselleri differensirlemäge mümkinçilik berýär

– Ýiti rinit (ýönekeý dümew);

– Ýiti sinusit (burnuň içiniň sowuklamagy);

– Allergiki rinit (allergiýa bilen baglanyşykly burnuň dykylmagy we dümew);

– sowuklamaly wirusly kesellemek.

Ekspert ulgamyny üçin ekspert Çagalar poliklinikasynyň I kategoriýaly otorinolaringolog lukmany bolup durýar.

Ekspert ulgamynyň maksady – syrkawyň we anamneziň arzynyň esasynda lukman seretmezden öňürti dignoz goýmak.

Maşgala doktory 2.2

Maşgala doktory – ýönekeý medisinanyň ekspert ulgamy[6]. Ol dialog netijesinde alnan, ulanyjynyň jogaplaryna esaslanyp kesellemäniň häsiýetini kesgitleýär. Bilimler gory 100 golaý has giňden ýaýran keselleri özüne birikdirýär. Ekspert ulgamy üçin maglumatlar gory K.Neýloryň “Öz ekspert ulgamyňy nädip gurnamaly” atly kitabyndan alnan.

masgala-doktory-1

masgala-doktory-2

Kiçi ekspert ulgamy  2.0

Kiçi ekspert ulgamy  2.0 – ýönekeý ekspert ulgamy bolup, baýesiň logiki çykyş ulgamyny ulanýar [7]. Ol haýsydyr bir amaly oblastda (oňa bilimler gory düzülen) mümkin bolan ähtimallyk başlangyçlary kesgitlemek maksady göz öňünde tutup, ulanyjylar bilen maslahat geçirmek üçin niýetlenen we munuň üçin ulanyjylardan alynýan käbir hakykata meňzeş bahalandyrmalary ulanýar. Täze döretmek üçin ýa – da öňden bar bolan billimler goryny redaktirlemek üçin hususy redaktor işlenip düzülen, onuň has amatlydygyny bellemelidiris.

kici-ekspert-ulgamy

 

MYCIN [8]

MYCIN Stenford uniwersitetinde 1970 – nji ýyllaryň başlarynda 5 ýa – da alty ýylda işlenip düzülen irki ekspert ulgamy bolup durýar. Оl Lisp programirleme dilinde ýazyldy. Вu tejribehanada öň Dendral, ekspert ulgamy döredildi, emma bu gezek ähli üns kesgitsizlik elementleri bilen aýgytly düzgünleri ulanmaklyga gönükdirildi. MYCIN bakteriýemiýa we meningit ýaly agyr ýokanç keselleri ýüze çykarýan bakteriýalary anyklamak üçin taslanan, şeýle – de syrkawyň göwresiniň agramyna baglylykda gerek bolan mukdarda antibiotikleri maslahat bermek üçin taslanan. Ulgamyň ady antibiotikleriň atlarynda ýygy – ýygydan duş gelýän “misin” goşulmasyndan gekip çykýar. Şeýle – de Mycin ganyň goýalma kesellerini anyklamak üçin hem ulanyldy.

MYCIN has ýönekeý çykyş maşynynyň kömegi bilen we ~600 düzgünleriň bilimleriniň gorynyň kömegi bilen operasiýa etdi. Işe girizilenden soňra programma ulanyja (lukmana) “hawa/ýok” ýönekeý soraglaryň uzyn hataryny ýa – da test soraglaryny berdi. Netijede ulgam ähtimallyk boýunça saýlanyp alnan güman edilýän bakteriýalaryň sanawyny berdi we ähtimallyk diagnozlary üçin ynandyjy interwallary görkezdi we olaryň esaslaryny berdi (ýagny MYCIN soraglaryň we düzgünleriň sanawyny berdi, olar şunuň ýaly diagnoz gorýmaga getirdi), şeýle – de bejergi möhletini hödürledi.

Stanford Medical School, geçirilen barlaglar MYCIN takmynan 69% ýagdaýlarda kabul edip boljak terapiýany hödürleýär, bu ýokanç keselleri boýunça ekspertleriň şol bir kriteriýa boýunça bahalandyrýan kriteriýalaryndan has gowudyr.

Hakykatda MYCIN durmuşda hiç wagt ulanylmady. Öňden bellenilip geçilişi ýaly onuň effektiwliginiň pesliginden däl, test boýunça Stanford medical school professorlaryndan öňe geçýär. Käbir barlag geçirijiler medisinada kompýuteri ulanmak bilen baglanyşykly etiki we hukuk soraglaryny galdyrdylar – eger programma nädogry dignoz goýýan bolsa ýa – da nädogry bejergi berýän bolsa, munuň üçin kim jogap bermeli? Şeýle –de bolsa MYCIN näme üçin gündelik durmuşda ulanylmaýar diýen problema we esasy sebäbi ulgamlaýyn integrasiýanyň tehnologiýasynyň ýagdaýy, aýratyn hem ony döretmek wagty bolup durýar. MYCIN ulanyjydan hemme gerek bolan maglumatlary ýygnamaklygy talap edýän awtonom ulgam bolup durýar. MYCIN has uly gazananlarynyň biri –de bilimi bermäniň we çykyşlary gurnamanyň çemeleşmeleriniň kuwwatyny açyp görkezmekdir. Soňra düzgünlere esaslanan köp sanly ekspert ulgamlary işlenip düzüldi. 1980- nji ýyllarda ekspert ulgamlary üçin “gabyjak” ýüze çykdy (şol sanda MYCIN, esaslanan E-MYCIN ýaly belli bolan ( KEE işlenip düzülen)), bu dürli amaly oblastlarda ekspert ulgamlaryny işläp düzmäge mümkinçilik berdi. MYCIN işlenip düzülende we soňky ekspert ulgamlarynda biziň duş gelýän esasy kynçylygymyz, düzgünleriň goryny döretmek üçin adamlaryň – ekspertleriň tejribesinden bilimleri çykaryp almak bolup durýar.

Medisinada ulanylýan ekspert ulgamlarynyň mysallaryny ýeke – täk diýip atlandyryp bolmaz, olar saglygy saklaýyşyň köp ýerlerinde ulanylýar[9]. Munuň ýaly işleriň has köpüsiniň daşary ýurtly barlagçylar tarapyndan ýerine ýetirilendigi bellärliklidir we esasan dürli kliniki ýagdaýlarda ulanmak mümkinçiligine galtaşýar. Kliniki maglumatlary goşmak bilen (jynsy, ýaly, enamynyň agramynyň indeksi, bar bolan keseller) 30 giriş üýtgeýjileri, tejribehana görkezijileri we gistologik barlaglaryň netijeleri ulanyldy.

ekspert-ulgamy

Babyň netijesi :

2. Işläp düzmek üçin esasan ýörite niýetlenilen enjamlar we serişdeler ulanylan, bu ulgamlaryň has giňden ýaýramagyna saklaýar we dürli ulgamlaryň arasyndaky maglumatlary birleşdirmegi üpjün etmeýär.1. Işlenip düzülen ulgamlar düzgün boýunça bir organyň keselini anyklamak üçin niýetlenilen. Birnäçe keselleri anyklamak üçin köp taraply ekspert ulgamlary az. Adamyň organlarynyň köpüsini öz içine alýan we köp taraply seljerme berýän ekspert ulgamlaryny işläp düzmek meselesi ýüze çykýar.

3. dünýäde medisina ekspert ulgamlarynyň ýeterlik giňden ýaýrandygyna garamazdan, Türkmenistan üçin bu täze ugur bolup durýar. Üstesine – de bu türkmen dillindäki programmalara degişlidir.

4. Köp MES anyklama netijeleri çykandan soňra lukmana barmak maslahat berilýär.

5. Bejergi işlerini geçirmek üçin hemmeler üçin elýeterli dermanlyk .

Kasym Ýazlyýew

Jogap ýaz