Mo­tor­lar üçin “GPS”0

05.05.2010

“Tom­Tom” şe­re­ke­ti­niň tä­ze “Ur­ban Ri­der” “GPS”  en­ja­my ýö­ri­te mo­tor sü­rü­ji­le­ri­niň ta­lap­la­ry göz öňün­de tu­tu­lyp ön­dü­ri­lip­dir.

En­jam şe­re­ke­tiň “GPS” ky­sym­ly beý­le­ki önüm­le­ri­ne meň­ze­se hem, ola­ra gö­rä has sa­da­laş­dy­ry­lyp­dyr hem-de bir ba­ta­re­ýa­da 6 sa­gat iş­le­mä­ge ukyp­ly edi­lip ýa­sa­lyp­dyr. Şe­re­ke­tiň saý­tyn­dan ber­len ha­bar­da “Ur­ban Ri­de­riň” şe­re­ke­tiň köp ýyl­lyk tej­ri­be­si­niň bin­ýa­dyn­da ýa­sa­lan­dy­gy, müş­de­ri­le­ri­niň önüm­le­rin­den ho­şal bol­ma­dyk ýag­daý­la­ryn­da, päs­gel­çi­lik­siz yzy­na gaý­ta­ryp be­rip bil­jek­dik­le­ri aý­dyl­ýar.

En­jam­da bar bo­lan şe­re­ke­tiň “IQ Rou­tes” hem-de “Map Sha­re” ýö­ri­te prog­ram­ma­la­ry ar­ka­ly ýo­lu­ňy­zy tap­mak aň­sat­laş­ýar hem-de dost­dur-ta­nyş­la­ry­ňyz bi­len kar­ta­la­ry­ňy­zy paý­la­şyp bil­ýär­si­ňiz. Bu en­jam Ýew­ro­pa­da maý aýy­nyň ahyr­la­ry­na 330 dol­lar­dan sa­ty­lyp baş­la­nar.

Zaman – Türkmenistan

Jogap ýaz