Ýol­suz ýer­den ýö­re­ýän üýt­ge­şik ulag0

02.01.2016

Daş­ky keş­bi mö­ýi ýa­da sal­ýan elekt­rik­li ulag ýo­luň ýo­k ýer­le­rin­de he­re­ket et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Ol Fran­si­ýa­nyň “Swincar” at­ly fir­ma­sy­nyň in­že­ner­le­ri ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­lan­dy. Bu ada­ty bol­ma­dyk ula­gyň in­di­ki aýyň ahy­ry­na önüm­çi­li­gi­ne baş­lan­jak­dy­gy ha­bar be­ril­di. Fir­ma­nyň we­kili Týer­ri Jeýms ula­gyň 70 gö­te­ri­me çen­li ýap­gytly ýer­ler­de hem he­re­ket edip bil­jek­di­gi­ni aýd­ýar. Bu ula­gyň dört ti­gi­ri hem aý­lan­ýar. Adat­ça, şeý­le ulag­lar ýan­gyç­ly he­re­ket­len­di­ri­ji­ler bi­len iş­le­ýär. Elekt­rik bi­len iş­le­ýän bu ula­gyň daş­ky gur­şa­wa zy­ýa­ny ýok hem-de ol hiç hi­li ses çy­kar­ma­ýar. Ola­ryň ti­gir­le­ri­niň her­si­niň aý­ra­tyn he­re­ket­len­di­ri­ji­si bar. Şeý­le hem onuň “aýak­la­ry­nyň” her­sine amor­ti­za­tor ýer­leş­di­ri­lip­dir. Bu bol­sa, onuň sü­rü­ji­si­niň hiç hi­li gap­da­la gy­şar­maz­dan otur­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýär. Onuň ini we bo­ýy 1 metr 30 sm. Köp ýe­ri al­ýu­min­den ýa­sa­lan ula­gyň ag­ra­my 150 kg. Sa­gat­da 30–40 ki­lo­metr tiz­lik bi­len gid­ýän ula­gyň köp za­dy­ny öz islegi­ňe gö­rä üýt­ge­dip bol­ýar. Fir­ma­nyň ýol­baş­çy­la­ry bu ula­gyň ra­ýat go­ra­nyş, oba ho­ja­ly­gy we mal­dar­çy­lyk ýa­ly ugur­lar­da peý­da­la­nyp bol­jak­dy­gy­ny aýd­ýar­lar.

Çeşme: http://goo.gl/vag4D3

Jogap ýaz