Se­kunt­da 2.800 kadr0

05.07.2010

Se­kunt­da ýüz­ler­çe ýa-da müň­ler­çe kadr su­ra­ta dü­şür­mä­ge ukyp­ly ka­me­ra­lar­da su­ra­ta dü­şü­ri­len su­rat­dyr-wi­deo­la­ry gö­ren­si­ňiz. Al­ma­nyň için­den ge­çip gid­ýän ok, su­wuň dam­ja­sy­nyň su­wa ga­çan­da eme­le ge­tir­ýän “tä­ji” ýa-da suw ba­lon­la­ry­nyň sun­gat ese­ri­ni ýat­lad­ýan part­laý­şy…

“Vision Re­se­arch” şe­re­ke­ti­niň “Phan­tom Flex” ka­me­ra­sy şeý­le ef­fekt­le­ri su­ra­ta dü­şür­mä­ge ukyp­ly ka­me­ra­la­ryň bi­ri­dir. Ka­me­ra­nyň su­ra­ta dü­şür­mek du­ru­ly­gy­ny 2560×1600 et­se­ňiz, se­kunt­da 1.560 kadr, “HD” et­se­ňiz, 2.800 kadr, du­ru­ly­gy­ny 640×480 et­se­ňiz bol­sa, ka­me­ra se­kunt­da 6.300 kadr su­ra­ta dü­şür­ýär.  Dü­şü­ri­len kadr­lar bol­sa “SSD” ky­sym­ly ga­ty dis­ke ýaz­dy­ryl­ýar. Ýag­ny, ka­me­ra­nyň ýa­dy onuň su­ra­ta dü­şü­riş tiz­li­gi­ne do­ly ýe­ter­lik­li bol­ýar.

Ka­me­ra­nyň lin­za­la­ry­nyň üýt­ge­dip, onuň ýe­ri­ne “Canon”, “Ni­kon” ýa-da “Pa­navision” şe­re­ket­le­ri­niň ýo­ka­ry hil­li lin­za­la­ry­ny ula­nyp hem bi­ler­si­ňiz. Hä­zir­lik­çe ba­ha­sy bel­li bol­ma­dyk bu ka­me­ra­nyň ar­zan bol­ma­jak­dy­gy­na ga­ra­şyl­sa-da, san­ly döw­re ge­çil­ýän za­ma­na­myz­da  ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ug­ru­nyň pro­fes­sio­nal­la­ry­nyň bu ka­me­ra­dan peý­da­la­nyp, yna­nyp bol­ma­jak de­re­je­dä­ki film­le­ri dö­re­dip bil­jek­dik­le­ri nyg­tal­ýar.

[vimeo 17600290]

Zaman – Türkmenistan

Jogap ýaz