“Tos­hi­ba­nyň” 3D te­le­wi­zo­ry0

10.19.2010

Teh­no­lo­gi­ýa as­lyn­da örän “sa­da”. Te­le­wi­zor bir ge­zek­de bir kad­ryň 9 ýer­den aý­ra­tyn dü­şü­ri­len gör­nü­şi­ni gör­ke­zip, ada­myň bu şe­kil­le­ri 3 öl­çeg­li gör­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Ýa­ňy-ýa­kyn­da To­kio­nyň go­la­ýyn­da  ge­çi­ri­len “Ceatec Electro­nics Show” elekt­ro­ni­ka en­jam­la­ry­nyň ser­gi­sin­de “Tos­hi­ba” şe­re­ke­ti 3 öl­çeg­li su­rat­dyr-wi­deo­la­ry äý­ne­ge mä­täç bol­man, gör­kez­me­gi ba­şar­ýan te­le­wi­zor­la­ryň iki­si­ni gör­kez­di.

“Reg­za 20GL1” ek­ra­ny­nyň du­ru­ly­gy 1280х720 bo­lup, onuň dia­go­na­ly­nyň ulu­ly­gy 20 dýuým­dyr. “Reg­za 12GL1” ek­ra­ny bol­sa 12 dýuým­lyk ek­ra­na eýe bo­lup, onuň du­ru­ly­gy 466х350 pik­sel­dir.

“Tos­hi­ba” şe­re­ke­ti­niň we­kil­le­ri bol­sa öz­le­ri­niň 3D teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň uly bol­ma­dyk ek­ran­lar­da ulan­mak üçin iň amat­ly teh­no­lo­gi­ýa­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­läp geç­di­ler.Teh­no­lo­gi­ýa as­lyn­da örän “sa­da”. Te­le­wi­zor bir ge­zek­de bir kad­ryň 9 ýer­den aý­ra­tyn dü­şü­ri­len gör­nü­şi­ni gör­ke­zip, ada­myň bu şe­kil­le­ri 3 öl­çeg­li gör­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Hä­zir­lik­çe 12 dýuým­lyk ek­ran­da­ky 3 öl­çeg­li şek­li gör­mek üçin on­dan 60 sm-den, 20 dýuým­lyk ek­ran­da­ky 3 öl­çeg­li şek­li gör­mek üçin bol­sa ek­ran­dan 1 metr­den uzak­da bol­ma­ly däl­dir.

3 öl­çeg­li şe­kil­le­ri äý­nek­siz gör­mek köp­le­riň hy­ýa­ly­dyr. My­sal üçin, Ýew­ro­pa­da ge­çir­len pi­kir so­ra­şy­gyn­da oňa gat­na­şan­la­ryň 30 gö­te­ri­mi şeý­le teh­no­lo­gi­ýa üçin pul tö­le­mä­ge taý­ýar­dyk­la­ry­ny aýt­dy­lar. El­bet­de, elekt­ro­ni­ka şe­re­ket­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­ň hem bu pi­kir so­ra­şy­gyň ne­ti­je­le­rin­den ha­bar­dar­dyr­lar. Şeý­le­lik­de, ýa­kyn­da bu ugur­da bäs­deş şe­re­ket­le­riň uly iş alyp bar­ma­ga baş­la­jak­dyk­la­ry anyk­dyr.

“Tos­hi­ba­nyň” saý­tyn­da ber­len mag­lu­ma­ta gö­rä, iki ek­ran hem ýy­lyň ahy­ryn­da Ýa­po­ni­ýa­da sa­ty­lyp baş­la­nar. Ola­ryň ki­çi­si­niň ba­ha­sy 1400 dol­lar, ulu­sy­nyň ba­ha­sy bol­sa 2900 dol­lar bo­lar.

Zaman – Türkmenistan

Jogap ýaz