XXI asyryň boýagy0

09.28.2011

Döwrümiziň iň uly aladalaryndan biri hem daş-töweregimiziň ekologiki taýdan arasa bolmagydyr. Häzirki wagt köp  ulanylyp başlanan marker (flomaster) ýazuw tagtalarynyň önümçiliginde ulanylýan maddalar dem alýan howamyza formaldegidleri goýberip, töweregimizdäki mikroklimata oňaýsyz täsir edýär.

XXI asyrda önümçilikde energiýany, materiallary, adamlaryň iş wagtyny tygşytlaýan hem-de töweregi hapalamaýan tehnologiýalaryň ähmiýeti artdy. Fizikadaky, himiýadaky soňky açyşlar hem-de önümçilikde “mikrodan” “nano” derejesine geçilmegi bilen çykdajylary azaldýan hem-de gaýtadan işlemegi ýönekeýleşdirilen täze boýag oýlanyp tapyldy. Wagtynda elektron poçtanyň oýlanyp tapylmagy bilen fakslaryň ähmiýeti örän azalypdy, indi welin, “IdeaPaint” boýagynyň çykmagy bilen şeýle ýagdaý ýazuw tagtalary hem-de öýlerde ulanylýan boýaglaryň köpüsi bilen gaýtalanar diýip çaklanylýar.

Bu boýag ABŞ-nyň öňde barýan laboratoriýalarynyň 5 ýyllyk zähmetiniň netijesinde döredildi. Boýag haklara test we sertifikasiýalary geçeninden soň “IdeaPaint” ady bilen haklara derejesinde patentlendi.

2002-nji ýylda ABŞ-ly talyplaryň topary çäkli meýdanda marker arkaly çyzuw üçin has köp meýdan tapmagyň ugrunda işläp başladylar. Topar birnäçe ýylyň dowamynda dürli laboratoriýalarda işledi hem-de köp sanly synaglary geçirdi. 4 ýyl soň bolsa “CAS-MI Lab” tehnika merkezinde (Arhitekturada ulanylýan boýaglaryň üstünde işleýän laboratoriýa) talaplaryň hemmesine jogap berýän sintetiki boýag öndürildi.

Oýlanyp tapylan bu boýagyň XXI asyryň dizaýnerçilik meselelerinde iň köp ulanylýan çözgüt bolmagyna garaşylýar. Diwar bu boýag bilen boýalsa, marker ýazuw tagtasyna hem-de siziň iş ýeriňizde, ýokary okuw  aýyňyzda ýa-da öýüňizde kömekçiňize öwrülýär. “IdeaPaint” bilen boýalan diwara marker bilen ýazyp- çyzyp, proýektor arkaly surat ýa-da wideo görkezip bolýar. Iň gowy tarapy bolsa, markeryz galdyrmaýar. Boýagy diňe diwarlary boýamak üçin däl-de, eýsem- de bolsa, islendik tekiz ýüzi boýamak üçin ulanyp bolýar. Mysal üçin, mebel ýa-da gapyny hem  oýap bolýar. Ýene bir oňaýly tarapy, köpden bäri ulanýan marker ýazuw tagtaňyz bar bolsa, ol hem könelip başlan bolsa, “IdeaPaint” bilen boýap, arkaýyn ýene 5 ýyl ulanyp bilersiňiz. Ýagny, boýag 5 ýyllap arkaýyn özüni gorap bilýär.

Zaman –  Türkmenistan

Jogap ýaz