TÜRKMENİSTAN HAKYNDA

Geografiki ýerleşişi. Türkmenistan Merkezi Aziýanyň günbatar böleginde demirgazyk giňişligiň 35,08-nji we 42,48-nji, gündogar uzynlygynyň 52,27-nji we 66,41-nji graduslarynyň aralygynda, Köpetdagyň demirgazygynda, günbatarynda Hazar deňzi, gündogarynda Amyderýa aralygynda ýerleşýär. Türkmenistanyň çägi günbatardan gündogara 1110 kilometre we demirgazykdan günorta 650 kilometre uzalyp gidýär we 491,2 müň inedördül kilometr meýdany tutýar. Türkmenistan demirgazykda Gazagystan Respublikasy bilen, gündogarda we demirgazyk-gündogarda Özbegistan Respublikasy bilen, günortada Eýran Yslam Respublikasy bilen we günorta-gündogarda Owganystan bilen serhetleşýär, günbatarda bolsa Hazar deňziniň suwy tolkun atýar.

Relýefi.Türkmenistan çäginiň ýerüsti gurluşy boýunça deň bolmadyk iki bölege bölünýär: uly-düzlük-çöllük we kiçi-dag etek we daglyk. Türkmenistanyň ähli düzlük bölegi geografiki gatnaşykda Turan pesligine (oýluklaryna) degişlidir, onuň çäklerinde landşaftyň üç topary tapawutlanýar: a) üsti tekiz belentlik, b) çäge çöllük, ç) dag etek tokaýly düzlük. Birinji topara Krasnowodsk tekiz belentligi, Üstýurduň we Maňgyşlagyň ýakalary, ikinji topara-Merkezi, Günorta-Gündogar we Zangunz Garagumy, üçünji topara-Köpetdagyň we Paropamiziň ähli demirgazyk etekleri degişlidir.

Türkmenistanyň çäginiň ýerüstüniň azyndan bäşden bir bölegini daglar eýeleýärler. Onuň günorta serhedinden Köpetdagyň gerişleri uzaýar, ondan demirgazyk-günbatarda Uly we Kiçi Balkan daglary ýerleşendir. Türkmenistanyň gündogar çetinde Köýtendag daglary bardyr, olar Gissar dag ulgamyna degişlidir.

Düzlük ýerler esasan tekizlikde goňrumtyl toprak bilen we dag etekleri takyr görnüşli gadymy düzlükler, Garagumyň ymgyr çägi çäge-çöllügine, derýaly jülgeler, çemenlik, otluk ýerler, şorluk ýerler bilen gurşalandyr.

Klimaty. Türkmenistan üçin çölüň aram mylaýym görnüşli kontinental klimaty häsiýetlidir: dowamly gurak jöwzaly tomus, salkyn çygly güýz, az garly o diýen sowuk bolmadyk gyş. Demirgazyk-gündogarda we günorta-günbatarda gyş döwrüniň dowamlylygy – bir aý, ýurduň demirgazygynda we demirgazyk-gündogarynda dört aýdan gowrak. Ýanwar aýynyň ortaça temperaturasy demirgazyk-gündogarda –6 gradusdan aşak, günorta-gündogarda we günorta-günbatarda +3 gradusdan +5 gradusa çenli bolýar. Iýulda ol +25+32 gradus çäklerinde üýtgäp durýar. Türkmenistanyň düzlük çäklerinde ygalyň ýyllyk mukdary 150mm, Aral ýakasynda we Garabogaz köl aýlagynda 100, daglyk sebitlerinde – 350 mm-den geçmeýär. Arid şertlerinde ekerançylygy ösdürmek emeli suwaryşa esaslanyp alnyp barylýar.

Döwletiň Paýtagty

Aşgabat–Türkmenistanyň paýtagty, ol ýurduň iri administratiw syýasy we medeni merkezidir (1882-1918nji ýyllarda – Zakaspiý oblastynyň administratiw merkezi, 1918-1925-nji ýyllarda Türkmen oblastynyň merkezi, 1925-nji ýylyň fewralyndan başlap– Türkmenistan SSR–niň paýtagty, 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabryndan Garaşsyz Türkmenistanyň paýtagty).

Aşgabat garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde aýratyn hem gülläp ösdi. 1991-nji ýylda paýtagtyň ilatynyň sany 472 müňe barabar bolandan 2001-nji ýylda 726 müň adama ýeter, munuň özi ýurduň ilatynyň 13% –ne deňdir. Şäheriň çägi dört esse giňedi. Şäheriň kärhanalary ýurduň senagat önümleriniň 19% öndürýär. Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň tagallalary mynasybetli Aşgabatda binagärlik ymaratlarynyň onlarçasy guruldy, olaryň köpüsi örän ajaýypdyr. Bular Türkmenbaşy Köşgi, Ruhyýet Köşgi, Garaşsyzlygyň Ýadygärligi, Bitaraplyk Derwezesi, “Ýer titremesiniň” ýadygärlik toplumy we Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazowyň ýadygärligine bagyşlanan toplum, Milli müzeýiň, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky halkara aeroportunyň jaýlary, stadionlar, metjitler, ýokary klasly myhmanhanalar, edara jaýlary we biznes– merkezlerdir. Şäheriň köçeleri düýpli abadanlaşdyrylýar. Täze seýilgähler, baglar, suw çüwdürimleri döredildi we döredilýär.

Aşgabatda Prezident Köşgi, Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti), Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Merkezi döwlet dolandyryş guramalary, Türkmenistanyň Ýokary Sudy we Baş Prokuraturasy, jemgyýetçilik guramalarynyň hemişelik hereket edýän merkezi guramalary, şeýle hem dürli döwletleriň ilçihanalary, Türkmenistanda akkreditirlenilen halkara we sebit guramalaryň wekilhanalary ýerleşýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Aşgabat abraýly ylalaşdyryjy, parahatsöýüjilikli merkeze öwrüldi. Bu ýerde owgan meselesini, täjikara dawalaryny kadalaşdyrmak boýunça gepleşikleriň birnäçe tapgyry geçirildi. Aşgabat birnäçe gezek halkara we sebitara howpsuzlygynyň meseleleri boýunça, dürli syýasy, ykdysady we gumanitar meseleler boýunça iri halkara maslahatlarynyň geçýän ýerine öwrüldi.

Çeşme: science.gov.tm

turkmenistan-6 Uly görnüşi indir 328KB – 1500 x 982

turkmenistan_baydagy Uly görnüşi indir 4.87MB – 6666 x 4446

Gerb_Turkmenistan Uly görnüşi indir 661KB – 2000 x 2000